Russiýanyň Kursk regionynda tok kesildi. Ukraina dronlaryň uly hüjümini tesdirdi

Ukrain ýangyn söndürijileri rus raketasynyň Uman şäherine ýetiren weýrançylykly netijeleri bilen göreşýärler.

Russiýanyň we Ukrainanyň güýçleri öten agşamyň dowamynda birek-biregine dronlar bilen hüjüm etdiler. Munuň netijesinde, Ukrainanyň merkezi sebitleriniň infrastruktura desgalaryna zeper ýetdi, şeýle-de Russiýanyň serhetdeş regionlarynda energiýa üpjünçiligi köpçülikleýin kesildi. Bu barada taraplaryň her biri 5-nji oktýabrda irden habar berdiler.

“Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş ulgamlary Krymdan Odesanyň günorta regionlaryna, Mykolaýiwe we merkezi Kirowohrad regionyna garşy atan Eýranda öndürilen 29 dronunyň 24-sini urup düşürdiler” diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştaby beýanat bilen çykyş etdi.

“Harby howa güýçleri bilen Howa hüjüminden goranyş güýçleri bilelikde Şahed-131/136 kysymly dronlaryň 24-sini weýran etdiler” diýip, harbylar Telegram kanalynda ýazgy galdyrdy. Maglumatda hüjümiň netijesinde Kirowohrad şäherinde bir infrastruktura binasyna zeper ýetendigi, onda dörän oduň soňy bilen öçürilendigi hem bellenildi.

Adam ýitgileri barada bada-bat maglumat elýeterli bolmady.

Russiýanyň Ukraina bilen serhetleşýän Kursk regionunyň käbir sebitlerinde, ukrain dronlarynyň öten agşam amala aşyran hüjümlerinden soň, elektrik üpjünçiligi kesildi. Bu barada regional häkim Roman Starowoit 5-nji oktýabrda habar berdi. “Tok üpjünçiliginde bökdençlikler bar. Adatdan daşary ýagdaýlar gulluklary elektrik üpjünçiligini gaýtadan ýola goýýarlar” diýip, Starowoit Telegram kanalynda ýazgy galdyrdy.

Ol dronlaryň Ukrainanyň Sumy regiony bilen serhetleşýän Sudžanski, Korenewski we Gluşkowski etraplaryny nyşana alandyklaryny belledi. SHOT Telegram kanaly, öz çeşmelerine salgylanyp, 67 ilatly nokadyň toksuz galandygyny habar berdi. Bu maglumaty garaşsyz ýagdaýda tassykladyp bolmady.

Soňky aýlardan bäri Russiýanyň serhetlerine golaý sebitlere, hat-da Moskwa garşy hem dronlar bilen edilýän hüjümler ýygjamlaşdy. Ýogsa, Russiýa geçen ýylyň fewralynda Ukraina garşy esassyz urşy başladandan bäri, Ukrainanyň şäherlerine we energiýa infrastrukturasyna garşy hetdi-hasaby bolmadyk heläkçilikli dron we raketa zarbalaryny urýar.

4-nji oktýabrda Russiýanyň Goranmak ministrligi ýurduň howa hüjüminden goranyş ulgamlarynyň Ukrainanyň 31 dronuny urup düşürendigini we Ukrainanyň ýörite güýçleriniň Kryma aşmagynyň öňüniň alnandygyny aýtdy. Bu maglumaty garaşsyz ýagdaýda tassyklatmak başartmady.

Diplomatik fronty barada aýdylanda, prezident Wolodymyr Zelenski ukrainalylaryň basybalyjy rus güýçlerinden üstün çykmak üçin “elinde baryny” etjekdiklerini aýtdy. Bu aralykda, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Ukraina üçin Günbataryň hemaýatynyň dowam etdirilmegi boýunça “möhüm çykyşa” taýýarlanýandygyny aýtdy.

“Bu ýerde ýadawlyk bar, ýöne biz duşmandan üstün çykmak üçin elde baryny ederis. Biziň garşylyklaýyn hüjüm tagallalarymyz öňe ilerleýär. Bu haýal bolsa-da, biz duşmany yza tesdirmek üçin ähli zady ederis” diýip, Zelenski Italiýanyň SkyTg24 habar gullugyna aýtdy.

Ol Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda hüjüme başlan döwri bilen deňeşdirilende häzir has gowşandygyny we bu sebäpli konflikti doňdurmak isleýändigini aýtdy.

Baýden žurnalistler bilen söhbetdeşliginde, Kongresdäki gapma-garşylygyň ABŞ-nyň Ukraina berýän hemaýatyna ýaramaz täsir edip biljekdigi barada aladalanýandygyny aýtdy. Şol bir wagtda, ol käbir, hususanda respublikan kanunçykaryjylaryň arasynda Kiýewe berilýän hemaýat boýunça goldaw peselse-de, kömegi dowam etdirmek boýunça ýoly görendigini aýtdy. Baýden etjek çykyşynda Ukraina hemaýat bermegiň möhümdigini nygtajakdygyny aýtdy. Emma Ak Tam bu çykyşyň mümkin senesi barada hiç zat aýtmady.

4-nji oktýabrda Britaniýanyň premýer-ministri Rişi Sunak hem Günbatar ýaranlaryny Ukraina ýarag hemaýatyny dowam etdirmäge çagyrdy.

Uruş meýdany barada aýdylanda, Ukrainanyň güýçleri ýurduň gündogar we günorta sebitlerinde rus harbylary bilen agyr çaknyşyklary dowam etdirýärler diýip, harbylar mälim etdi.