Russiýa Ukrainanyň sebitlerine ýene-de howa zarbalaryny urdy

Russiýanyň Ukrainanyň Žytomir sebitine uran zarbasynyň netijeleri

Russiýanyň öten agşam Ukrainanyň dürli künjeklerindäki harby we raýat maksatly desgalaryna raketalar we dronlar bilen uran zarbalary netijesinde azyndan bir adam öldi, başga-da üçüsi ýaralandy.

Gijäniň dowamynda Kiýewde we Ukrainanyň ähli regionlarda howa hüjümi baradaky duýduryş serenalary ençeme sagatlap ýaňlandy.

Ukrainanyň Harby howa güýçleriniň 9-njy iýunda beren maglumatyna görä, Russiýa Eýranda öndürilen 16 drony we alty ganatly raketany atypdyr.

Dronlar Russiýanyň günortasyndan, raketalar bolsa Kaspi deňziniň regionyndaky Tu-95 kysymly harby strategiki uçarlardan atyldy diýip, beýanatda aýdylýar. Ukrainanyň harbylary ýurduň howa hüjüminden goranyş ulgamlarynyň 10 drony we dört raketany urup düşürendigini hem mälim etdiler.

Soňky hüjümiň netijesinde has köp Kiýewiň günbatarynda ýerleşýän Žytomyr regiony ejir çekdi. Bu ýagdaýlara adatdan daşary gulluklar we regional resmiler ünsi çekdiler.

Žytomyryň häkimi Witaliý Buneçko gaçan galyndylaryň netijesinde bir adamyň heläk bolandygyny, başga-da üçüsiniň ýaralanandygyny aýtdy.

Regionda gaçan raketalaryň galyndylary netijesinde dört jaý weýran edildi, başga-da 30 töweregine zeper ýetdi diýip, Adatdan daşary ýagdaýlar gullugy Telegram kanalynda ýazgy galdyrdy.

Mundan başga-da, sebitiň ilatly nokatlarynyň birinde 300 m2 meýdana ýaýran ot tutaşdy. Ol ýangyn söndürijiler tarapyndan söndürildi diýip, Adatdan daşary ýagdaýlar gullugy belledi.

Ukrainanyň günorta harby serkerdeliginiň metbugat wekili Nataliýa Humenýuk 8-nji iýunda döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda, Russiýanyň soňky hüjümleri bilen Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş ulgamyny tapdan düşürmegi maksat edinýändigini aýtdy.

“Raketalar adaty goýberilýän sebitlerden atyldy, şeýle-de olaryň traýektoriýasy öňki synanyşyklara meňzedi. Duşman howa hüjüminden goranyş ulgamyny tapdan düşürjek bolýar” diýip, Humenýuk belledi.

Geçen aýdan başlap Russiýa Kiýewe, şeýle-de Ukrainanyň beýleki sebitlerine has uly ýygjamlyk bilen howa zarbalaryny urup başlady. Bu Ukrainanyň Russiýanyň basyp alan sebitlerini yzyna gaýtarmak üçin, garşylyklaýyn hüjüme geçmek taýýarlyklaryna gabat geldi. Russiýa geçen ýylyň fewralynda Ukraina garşy bikanun basybalyjylykly hüjüme geçipdi.

Ukrainadaky Kakhowka bendiniň ýykylmagy: satellitden düşürilen öňki we soňky suratlar

Bu aralykda, şu hepdäniň başynda Ukrainanyň Dnepr derýasynyň boýundaky Kakhowka bendiniň weýran edilmeginden soň, Herson regionyna gelen suw joşmasynyň derejesi peselip başlady.

“Biz eýýäm öten agşamyň dowamynda suwuň derjesiniň 20 sm peselendigini synlap bilýäris” diýip, Hersonyň häkimi Oleksandr Prokudin 9-njy iýunda mälim etdi.

Ol suwdan ejir çeken sebitlerden 2 müň 352 adamyň ewakuasiýa edilendigini aýtdy, emma Russiýanyň dowam etdirýän zarbalarynyň halas ediş işlerini togtadýandygyny hem belledi.

8-nji iýunda ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski günotadaky bu sebite sapar edeninden soň, Russiýanyň güýçleri Hersona garşy zarbalary urup başlady.

Azatlygyň sebitdäki habarçysy Hersonyň Korabel etrabynda partlamalaryň sesleriniň eşidilendigini, şeýle-de, halas ediş işleriniň dowam etdirilýändigini aýtdy.

Zelenksi sebite eden saparynyň dowamynda, halas edijilere we meýletinçilere minnetdarlygyny bildirdi.

“Biziň borjumyz adam janlaryny goramakdan we ilata boldugyndan hemaýat bermekden ybarat. Men halas edijilere we meýletinçilere minnetdarlygymy bildirýärin! Men bu işe ilteşikli her kime sag bolsun aýdýaryn!” diýip, Zelenski belledi.

Hersonyň Russiýa tarapyndan okkupirlenen bölegindäki Moskwanyň dikme ýolbaşçysy Wladimir Leontiýew suw joşmasyndan heläk bolanlaryň sanynyň bäşe ýetendigini, şeýle-de 41 adamyň şikes alandygyny aýtdy.

Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki TASS gullugy, ýurduň howpsuzlyk gulluklaryna salgylanyp, 14 müň jaýy suw basandygyny we 4 müň 300 adamyň ewakuasiýa edilendigini öňe sürdi.

Gyzyl haç jemgyýeti suw joşmasynyň sebitde ornaşdyrylan minalary ýüze çykarmak tagallalaryna erbet täsir ýetirip biljekdigini duýdurdy.