Russiýa öten agşam Ukrainanyň Dnipropetrowsk sebitine ýene bir tapgyr howa zarbasyny gurady, howa hüjümi duýduryşlary tutuş ýurt boýunça yglan edildi.
Rus raketalary Dnipropetrowsk sebitiniň Krywiý Rih şäherinde iki sany senagat desgasyna zarba urup, düýpli zyýana we bir adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, Ukrainanyň harby we sebit resmileri 15-nji iýunda, irden aýtdylar.
Häkimiýetler öten agşam Ukrainada 15-nji iýunda, ir sagat 5: 00-da (Praga wagty bilen 0400) tamam bolan ýokarlandyrylan howa hüjümi duýduryşyny yglan etdiler.
"38 ýaşly bir adam ýaralandy. Ol durnukly ýagdaýda keselhana ýerleşdirildi" diýip, Dnipropetrowsk sebitiniň häkimi Serhiý Lysak telegramda ýazdy.
Lysak urlan zarbalaryň iki desga düýpli zyýan ýetirendigini aýtdy.
Russiýa bu sebiti tapgyr üçünji gün nyşana aldy. Şu aýda edilen ilkinji hüjümde, Russiýanyň prezident Wolodymyr Zelenskiniň dogduk şäherine, Krywiý Rihe 13-nji iýunda uran raketa zarbasy bäş gatly ýaşaýyş jaýyna degende 12 adam öldi, 13 adam, şol sanda üç çaga ýaralandy.
Ukrainanyň howa goragy 15-nji iýunda Dnipropetrowska iberilen dronlary, Eýranda öndürilen 20 pilotsyz uçaryň ählisini ýok edendigini aýtdy, ýöne Russiýanyň atan dört ganatly raketasynyň üçüsiniň öňüni alyp bilmedi we olar gelip, Krywiý Rih zawodlaryna degdi.
Kiýewiň rus güýçlerini basyp alan ýerlerinden çykarmak üçin uzak wagt taýýarlan garşylykly hüjümlerine başlamagy bilen, Russiýa soňky hepdelerde Ukraina garşy edýän howa hüjümlerini güýçlendirdi.
Zelenski geçen hepde garşylykly hüjümiň başlanandygyny tassyk etdi. Moskwa bu hüjüme ýurduň esasy şäherlerini nyşana alýan ganatly raketa we pilotsyz uçar hüjümlerini has güýçlendirmek bilen jogap berdi.
Söweş meýdanynda, Donetsk sebitinde birnäçe aýa çeken gazaply söweşleriň merkezine öwrülen Bahmutda we onuň töwereginde barýan söweş dowam etdi.
Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby 15-nji iýunda irden beren hasabatynda soňky 24 sagatda Bahmutda we onuň golaýyndaky Awdiýiwkada, Marýinkada 49 sany ýakyn söweşiň bolandygyny aýtdy.
Ukrainanyň garşylykly hüjüminiň ilerlemesi baradaky maglumatlaryň gaty az bolmagyna garamazdan, NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg 15-nji iýunda NATO agzalarynyň Ukraina beren harby kömeginiň söweş meýdanyna ýetiren täsirini görkezýändigini aýtdy.
"NATO ýaranlarynyň Ukraina ençeme aý bäri berýän goldawy indi söweş meýdanynda üýtgeşiklik döredýär" diýip, Stoltenberg Brýusselde žurnalistlere Bileleşigiň goranmak ministrleriniň iki günlük duşuşygynyň öňüsyrasynda aýtdy. Bu duşuşyga Ukrainanyň goranmak ministri Oleksiý Reznikowyň hem gatnaşjakdygy aýdylýar.
BMG-niň ýadro gözegçilik gullugynyň missiýasy, HAEA-niň başlygy Rafael Grosiniň ýolbaşçylygyndaky topar geçen hepde Ýewropanyň iň uly ýadro desgasynyň töwereginde güýçlenen howpsuzlyk aladalarynyň arasynda, barlag geçirmek üçin Russiýa tarapyndan basylyp alnan Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasyna geldi. Kahowka bendiginiň bozulmagy ýadro desgasynyň reaktorlarynyň aşa gyzmazlygy üçin ulanýan suw üpjünçiliginiň peselmek howpuny döretdi.
Mundan öň Grosiniň bu ýere gelmeginiň howpsuzlyk aladalary sebäpli yza süýşürilendigi aýdylypdy. “Enerhoatom”, Ukrainanyň ýadro energiýa kompaniýasy HAEA-niň missiýasynyň barlaga gelendigini 15-nji iýunda telegramda habar berdi.