Russiýa, Ukraina ýykylan uçar boýunça gapma-garşy beýanat berýär

Ýykylan Il-76 harby transport uçarynyň galyndylary. 24-nji ýanwar, 2024 ý.

Ukraina we Russiýa Moskwanyň 65 ukrainaly uruş ýesirini alyp barýandygyny aýdýan harby transport uçarynyň ýykylan ýerinde howa giňişliginiň howpsuzlandyrylmagy boýunça öňünden dürs duýduryşyň berlip-berilmändigi barasynda gapma-garşy beýanat berýärler.

Rus kanun çykaryjysy Andreý Kartapolow Il-76 harby transport uçarynyň Russiýanyň Ukraina bilen serhetleşýän Belgorod sebitine girmezinden 15 minut ozal Ukrainanyň harby aňtaw gullugyna bu barada degişli duýduryşyň berlendigini hem-de Russiýanyň bu habaryň kabul edilip alnandygy barada tassyklamany kabul edendigini deputatlara aýtdy.

Kartapolow bu öňe sürmä güwä geçip biljek subutnama hödürlemedi. Ukrainanyň harby aňtaw gullugynyň metbugat sekretary Andriý Ýusow Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna beren kommentariýasynda ýene bir gezek özleriniň uçaryň gaçan ýeriniň howa giňişliginiň howpsuzlandyrylmagy boýunça ne ýazmaça, ne-de dilden haýyş kabul edendiklerini aýtdy.

Ýusow Ukrainanyň bu sebitde aňtaw dronlaryndan peýdalanýandygyny we Russiýanyň hüjüm dronlaryny uçurandygyny aýtdy. Ukrainanyň haýsydyr bir nyşana zarba urandygy barada “tassyklanan maglumat ýok” diýip, ol aýtdy.

“Gynansak-da, biz prowokasiýa, şeýle-de S-300 ulgamlaryna ok-däri we ýarag daşamak üçin ukrain tussaglaryndan adam galkany hökmünde peýdalanylmagy ýaly dürli ssenariýalar boýunça çaklama ýöredip bileris” diýip, ol Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Kiýew Russiýanyň uçarda ukrain uruş ýesirleriniň bolandygy barada ýa-da howa gämisiniň Ukrainanyň uçara garşy raketasy bilen urlup ýykylandygy barada aýdýanlaryny göni tassyklamaýar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bu hadysa boýunça halkara derňewine çagyrdy, Ýusow bu çagyryşy gaýtalap, “bu ýerde derňewleri we içgin gözlegleri talap edýän bir topar ýagdaý bar” diýdi.

“RIA Nowosti” habar agentligi 25-nji ýanwarda Russiýanyň Ukraina bilen serhediniň golaýyndaky Belgorod sebitinde ýykylan uçaryň iki gara gutusynyň hem tapylandygyny habar berdi.

Derňew komiteti özüniň “terror hüjümi” atlandyran hadysasy boýunça jenaýat işiniň açylandygyny aýtdy. Derňew komitetiniň metbugat gullugy öz maglumatynda wakanyň bolan ýerinde geçirilen deslapky barlaglar “howa gämisiniň Ukrainanyň çäginden atylan uçara garşy raketa bilen urlandygy dogrusynda netijä gelmäge rugsat berýär” diýdi.

Derňew komiteti uçaryň ýykylan ýerinde “jeset bölekleriniň” tapylandygyny aýdyp, uçaryň bortunda alty ekipaž agzasynyň, harby polisiýa ofiserleriniň hem-de ukrain uruş ýesirleriniň bolandygyny gaýtalady.

Kremliň metbugat sekretary 25-nji ýanwarda “Ilýuşin-76” harby transport uçarynyň urlup ýykylmagyny “aýylganç hereket” atlandyrdy, ýöne Moskwa heniz uçaryň ukrain raketasy bilen urlup ýykylandygyna, ýa-da onuň bortunda ukrain tussaglarynyň bolandygyna güwä geçýän hiç bir subutnama hödürlemedi.

Zelenski uçary kimiň urup ýykandygyny aýtmazdan, “ähli anyk faktlar kesgitlenmeli...biziň döwletimiz halkara derňewini talap eder” diýdi.

Ukrain resmileri 24-nji ýanwarda tussag alyşmasynyň meýilleşdirilendigini, ýöne Russiýanyň ukrain uruş ýesirlerini kargo uçarynda getirmek barada Ukraina habar bermändigini aýtdylar.

Ukrainanyň harby aňtaw gullugy uçaryň bortunda kimleriň bolandygy barada özünde “ygtybarly we giňişleýin maglumatlaryň” ýokdugyny aýtdy, ýöne özleriniň garamagyndaky rus uruş ýesirleriniň “şertli alyş-çalyş nokadyna öz wagtynda eltilendigini” aýtdy.

Ukrainanyň adam hukuklary boýunça komissary Dmytro Lubinets X ulgamynda (öňki Twitter) paýlaşan postunda “häzirki wagtda, Il-76 uçarynyň bortunda, isle Ukrainanyň raýatlary bolsun, ýa-da bolmasyn, onça adamyň bolandygyny görkezýän hiç hili alamat ýok” diýdi

Awiasiýa ekspertleri uçaryň Ukrainanyň uçara garşy raketasy bilen urlup ýykylan bolmagynyň mümkindigini, ýöne rus uçara garşysynyň hem sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

“Derňewleriň dowamynda raketalaryň zyýan ýetiriji elementleriniň esasynda uçary haýsy ulgamyň urup ýykandygyny aňsatlyk bilen kesgitläp bolýar” diýip, ukrainaly ätiýaçdaky polkownik, awiasiýa-tälimçi uçarmany Roman Switan aýtdy.

Switan şu wagta çenli çap edilen wideolarda Russiýanyň uçaryň bortunda onlarça ukrain uruş ýesiriniň bolandygy baradaky öňe sürmelerini goldap biljek hiç hili subutnamanyň ýokdugyny aýtdy.

“Bar bolan wideolarda, men olaryň ählisini gözden geçirdim, ol ýerde onlarça jesediň bolandygy aýdyň däl... Ol ýerde göze görünýän ýekeje-de jeset ýok. Men bir döwür harby derňewçi bolupdym, şol sanda heläkçilikleri hem derňäpdim; maňa ynanyň, ol ýerde 70-80 adam bolanda, meýdançada jeset we jeset bölekleri çalam-çaş bolup ýatardy” diýip, Switan sözüniň üstüni ýetirdi.

Rus resmileri uçarda 65 ukrain tussagynyň, alty ekipaž agzasynyň hem-de üç eskortyň bolandygyny aýtdy.

Uçarda bolmaly alty ekipaž agzasynyň sanawy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy tarapyndan alyndy. Üç ekipaž agzasynyň ölümi olaryň dogan-garyndaşlary tarapyndan Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna tassyklanyldy.

Sosial mediada paýlaşylan wideoda bir uçar towlanyp ýere gaçýar, yz ýany gümmürdili partlama sesi eşidilip, tüsse ýumagy asmana göterilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.