Russiýa ukrain sebitlerine ganly zarba urdy, däne eksporty desgalaryny zaýalady

Odesa urlan zarbada zyýan çeken bina

Russiýa Ukrainanyň demirgazyk-gündogar we günorta sebitlerine täze hüjüm tolkunyny gurnap, azyndan iki adamy öldürdi, däne eksporty üçin ulanylýan desgalara zyýan ýetirdi diýip, ukrain häkimiýetleri 23-nji awgustda aýtdylar. Russiýanyň sebit häkimi bolsa, Moskwanyň ýene dron hüjümine sezewar bolandygy baradaky habardan gysga wagt soň, Ukrainany hüjümde we üç adamy öldürmekde aýyplady.

Russiýa bilen serhediň golaýynda, demirgazyk-gündogardaky Sumy sebitiniň Romny şäherinde bir ýerli mekdebiň iki işgäri rus hüjüminiň pidasy boldy diýip, içeri işler ministri Ihor Klymenko X ulgamynda ýazdy. Ol mekdebiň düýbünden ýok edilendigini we ýene iki adamyň harabalygyň aşagynda galandygyny aýtdy.

Ukrainanyň günortasynda, Odesa sebitinde üç sagatlap dowam eden dron hüjümi desgalara zyýan ýetirdi we däne ammarlarynda ýangyn döretdi diýip, harbylar we sebit işgärleri 23-nji awgustda habar berdiler.

"Howa goragy Eýranda öndürilen pilotsyz uçarlaryň dokuz sanysyny hatardan çykardy. Gynansak-da, önümçilik we ýük iberiş toplumlaryna zyýan ýetdi, 700 inedördül metr meýdanda ýangyn boldy. Ýangyn ir sagat alta çenli dowam etdi. Zyýan ýeten desgalaryň arasynda galla ammarlary hem bar" diýip, sebit häkimi Oleh Kiper 23-nji awgustda teleggramda ýazdy. Ol ölenleriň bolmandygyny aýtdy.

Gözegçilik kanallary we ýerli resmiler Dunaý boýunda ýerleşýän iki ukrain portunyň birinde, Izmaýilde hem partlamalaryň bolandygyny habar berdiler. Geçen aý Russiýa BMG-niň töwellaçylygynda baglaşylan şertnama gatnaşmakdan ýüz öwürenden soň, Kiýew bu porty galla eksporty üçin ulanmaga başlapdy.

Rumyn metbugaty partlama sesleriniň Izmaýilden 15 km uzaklykda, Dunaý boýunda ýerleşýän rumyn portunda, Tulceada hem eşidilendigini habar berdi.

Ukrainanyň howa güýçleriniň serkerdeligi öten agşam ukrain goşunynyň Russiýanyň ugradan 20 pilotsyz uçarynyň 11-sini hatardan çykarandygyny aýtdy. Odesa sebitinde dokuz, Zaporižýa sebitinde bolsa iki dron ýok edildi diýip, harbylar aýtdy.

Ruslaryň Hersonda soňky 24 sagadyň dowamynda atan toplary netijesinde bir adam ölüp, bäş adam ýaralandy diýip, sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Oleksandr Prokudin 23-nji awgust güni irden Telegramda ýazdy. Ol raýat desgalaryna, şol sanda çagalar bagyna edilen howa hüjüminde alty adamyň ýaralanandygyny hem sözüne goşdy.

"Rus goşunlary ir sagat dört töwereginde çagalar bagyna we ýaşaýyş jaýlaryna iki sany ugrukdyrylýan howa bombasyny taşlady. Topa tutmalar netijesinde ýangyn turdy, emma ol ýangyn söndürijiler tarapyndan derrew öçürildi" diýip, Prokudin ýazdy. 22 ýaşly bir erkek keselhana äkidildi diýip, ol aýtdy.

Russiýada, Ukraina bilen serhetdeş Belgorod sebitiniň häkimi Lawi obasyndaky şypahana edilen dron hüjüminiň üç sany parahat ýaşaýjynyň öldürendigini aýtdy.

"Ukrainanyň Ýaragly güýçleri dron arkaly köçedäki adamlaryň üstünden partlaýjy enjam taşlady” diýip, Wýaçeslaw Gladkow telegramda ýazdy. Ol iki adamyň şol ýerde ölendigini, üçünjisiniň biraz soň keselhanada ölendigini aýtdy.

Gladkowyň pikiriçe, bu ikinji dron hüjümi boldy; birnäçe sagat öň bolsa pilotsyz uçardan iki sany granat taşlandy diýip, ol aýtdy.

Gladkowyň aýdanlaryny garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmady.

Ukraina bu aýdylýanlar barada hiç bir düşündiriş bermedi.

Öten agşam Moskwa üç sany pilotsyz uçar hüjüm etdi, olaryň ikisi urlup gaçyryldy, üçünjisi elektroniki usulda "basylyp", ugruny ýitirdi we paýtagtyň Moskwa siti biznes toplumynda gurulýan bina baryp urdy diýip, Russiýanyň Goranmak ministrligi 23-nji awgustda aýtdy.

Ministrlik hiç bir ejir çekeniň ýa-da pidanyň bolmandygyny aýtdy.

Moskwanyň üç howa menzili - Wnukowo, Domodedowo we Şeremetýewo uçuşlary wagtlaýyn togtatdy. Ministrlik bu hüjümde Ukrainany günäkärledi.

Kiýew bu waka barada hiç bir düşündiriş bermedi.

Soňky hepdelerde Moskwa yzygiderli dron hüjümleriniň nyşanasyna öwrüldi.