Russiýa Mykolaýiwe zarba urdy. Ukrain dronlarynyň hüjüminde Russiýanyň Kursk regionynda elektrik kesildi

Ukrainanyň Harkiw regionynyň Kupýansk şäherinde rus zarbalarynyň netijeleri. 28-nji sentýabr

29-njy sentýabrda Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň günortasyndaky Mykolaýiw şäherine raketalary atdy. Ýerli resmiler hüjümde şäheriň infrastrukturasyna zeper ýetendigini mälim etdiler. Bu aralykda, Russiýanyň Ukraina bilen serhetleşýän Kursk regionynyň häkimi dron hüjümleriniň netijesinde sebitiň ençeme ilatly nokadynda energiýa üpjünçiliginiň kesilendigini aýtdy.

“29-njy sentýabrda irden, sagat 04:13 töwerekleri, Mykolaýiw şäheri raketalar bilen nyşana alyndy” diýip, Mykolaýiwiň regional harby administrasiýasynyň başlygy Witaliý Kim Telegram kanalynda ýazgy galdyrdy.

“Şäheriň etegindäki bir infrastruktura desgasyna zeper ýetdi. Dörän ýangyn sagat 06:45-de söndürildi. Jikme-jik maglumatlar seljerilýär” diýip, Kim belledi.

Bu aralykda, Russiýanyň Ukraina bilen serhetleşýän Kursk regionynyň häkimi Roman Starowit Ukrainanyň dronunyň sebitiň Belowski etrabynyň elektrik desgasyna hüjüm edendigini aýtdy. 29-njy sentýabrdaky çykyşynda, ol bäş ilatly nokadyň elektrik toksuz galandygyny hem sözüne goşdy.

“Transformatorlaryň biri ot aldy. Bäş ilatly nokadyň we bir keselhananyň elektrik üpjünçiligi kesildi. Ýangyn söndüriji gulluklar wakanyň bolan sebitine ugradylar. Olar howpsuzlyk şertleri kadalaşan pursady, tok üpjünçiligini ýaňadandan dikeltmäge girişerler” diýip, Starowit Telegramda ýazgy galdyrdy.

Mundan biraz soň, Russiýanyň Goranmak ministrligi öten agşamyň dowamynda gürrüňi gidýän sebitiň üstünde 11 drony urup gaçyrandygyny aýtdy. Dronlaryň 10-sy Kursk regionynyň, ýene bir hem Kaluga regionynyň üstünde urlupdyr.

Söweş meýdany barada aýdylanda, Ukraina ýurduň gündogar we günorta sebitlerinde hem gorag, hem-de hüjüm hereketlerini dowam etdirýärler. Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştabynyň 29-njy sentýabrda beren gündelik maglumatyna görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ukrain goragçylary Russiýanyň basybalyjy güýçleri bilen 26 gezek çaknyşypdyrlar.

28-nji sentýabrda NATO-nyň baş sekretary Ýens Stolteberg Kiýewe amal eden saparynyň dowamynda Ukrainanyň güýçleriniň russiýaly basybalyjylary garşy alyp barýan garşylyklaýyn hüjüm tagallalarynyň çäginde “tapgyrlaýyn ilerleýändigini” aýtdy.

“[Ukrainanyň güýçleri] agyr söweşler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, emma olar tapgyrlaýyn ilerleýärler” diýip, Stoltenberg Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen geçiren metbugat ýygnagynda belledi.

“Ukrainanyň yzyna alýan her bir metr topragy, bu Russiýanyň ýitirýän metridir... Moskwa özüniň imperiaçy hyýallary üçin söweşýär” diýip, Stoltenberg nygtady.

Mundan başga-da, NATO-nyň başlygy ýaranlykda Kiýewi ok-däri bilen üpjün etmek boýunça 2.4 millard ýewrolyk şertnamalaryň çarçuwasynyň bardygyny hem mälim etdi.

Stoltenberg Ukrainanyň 30 agzalyk ýaranlyk bilen gatnaşyklarynyň häzirkisi ýaly hiç-haçan ysnyşykly bolmandygyny hem belledi.

Iýulda geçirilen möhüm sammitiň dowamynda, NATO liderleri Ukrainanyň geljeginiň ýaranlygyň içindedigi barada beýanat ýaýratdylar. Emma ýaranlyk Kiýewe çakylygy diňe haçanda “agzalar razy bolanda we şertler berjaý edilende” ýollanjakdygyny hem nygtady.

28-nji sentýabrda Britaniýanyň Goranmak ştabynyň başlygy, admiral Tony Radakin hem Kiýewde saparda boldy. Ol Ukrainanyň ýakynda Russiýanyň Gara deňizdäki flotuny nyşana almagynyň hem, Kiýewiň inisiatiwany öz elinde saklaýandygyna yşarat bolandygyny belledi. Gürrüňi gidýän hüjümde, Russiýanyň harby-deňiz güýçleriniň onlarça ofiseri heläk boldy.

Radakin Ukrainanyň Baş harby ştabynyň komandiri Waleriý Zalužniý bilen duşuşyp, Ukrainanyň ýaranlarynyň Germaniýanyň Ramştaýn şäherinde öz üstüne alan täze harby hemaýatyny maslahatlaşdy. Bu kömek Ukrainanyň gyş aýlaryndaky we ondan soňky garşylyk tagallalaryny pugtalandyrmaga niýetlenendir.

Radakin rus prezidenti Wladimir Putiniň “başladan urşy babatynda kontrollygy elden gidirendigini” aýtdy. Ol häzirki we tomusda eden saparlarynyň “Ukrainanyň ýeňiş gazanjakdygy baradaky ynamyny güýçlendirendigini” hem nygtady. Şeýle-de ol Britaniýanyň “munuň her bir ädiminde olar bilen bilelikde boljakdygyny” ynandyrdy.

Zalužniý Radakin bilen duşuşygy 28-nji sentýabrda irden yglan etdi. Ol gepleşiklerde frontdaky ýagdaýlar, şeýle-de Ukrainanyň armiýasynyň zerur mätäçlikleri barada gürrüň edilendigini aýtdy.