Russiýanyň Ukrainanyň Izmaýil etrabyndaky möhüm däne infrastrukturasyna 7-nji dekabrda dronlar bilen uran zarbasy netijesinde bir adam heläk boldy, şeýle-de port desgalaryna zeper ýetdi. Bu barada Odesa regionynyň häkimi Oleh Kiper özüniň Telegram kanalynda mälim etdi.
Mundan öň, Ukrainanyň harbylary Russiýanyň 7-nji dekabrda Odesa we Hmelnytski regionlaryna atan Eýranda öndürilen dronlarynyň 18-inden 15-niň atylyp urulandygyny habar berdiler.
Harbylaryň Telegramda ýerleşdiren maglumatynda, Şahed-136/131 kysymly dronlaryň Moskwanyň okupirlän Krym regionyndan atylandygy bellenilýär.
“Russiýaly terroristler iki sagat çemesi Izmaýil etrabyna dronlar bilen hüjüm etdiler. Biziň howa hüjüminden goranyş güýçlerimiz Şahed [kysymly dronlaryň] aglabasyny urup düşürdi, emma, gynansak-da, gelip degen urgular hem boldy” diýip, Kiper belledi.
“Olar ýöriteläp Danube port infrastrukturasyna hüjüm etdiler. Ammara, däne elewatoryna we ýük ulaglaryna zeper ýetdi. Ulaglaryň biriniň sürüjisi heläk boldy” diýip, Kiper belledi we hüjümiň netijesinde dörän ýangynyň gysga wagtyň içinde söndürilendigini sözüne goşdy.
Iýulda BMG-niň araçylyk etmeginde gelnen däne ylalaşygynyň bozulmagyndan soň, Ukraina azyklary daşamak üçin Rumyniýanyň serhedine golaý ýerleşýän Danube portlary ulanyp başlady, we harytlary Rumyniýanyň Gara deňizdäki Konstanta portuna daşap başlady.
Şondan bäri Russiýa Ukrainanyň Gara deňizdäki esasy portunyň ýerleşýän Odesa sebitini we iki sany Danube portlaryny dronlar bilen dowamly nyşana alyp başlady. Hüjümleriň netijesinde ýeten möhüm zyýan sebäpli Ukrainanyň däne eksportynda bökdençlikler döredi.
Bu aralykda, Ukrainanyň güýçleri ýurduň gündogaryndaky Awdiýiwka senagat şäherine russiýaly güýçleriň ýygjamlaşýan hüjümlerine garşy durýarlar. Russiýanyň esgerleri ençeme hepde bäri gündogardaky Donetsk regionynda ýerleşýän bu şäheriň daşyny gabamak ugrunda tagalla edýärler. Awdiýiwka Ukrainanyň garşy duruşynyň soňky simwollarynyň birine öwrüldi.
Russiýa 2014-nji ýylda Donestk regionynyň köp sebitlerini, şol sanda adybir şäheri hem basyp alanda, Awdiýiwka Ukrainanyň gözegçiliginde galypdy.
Ukrainanyň güýçleri soňky 24 sagadyň dowamynda Awdiýiwka ugry boýunça Russiýanyň 34 hüjümini yza tesdirdi, bu front çyzygy boýunça Kiýewiň garşy duran 91 hüjüminiň üçden birini düzýär diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştaby 7-nji dekabrda irden habar berdi.
Söweş meýdanyndan gowuşýan maglumatlary garaşsyz ýagdaýda tassyklatmak mümkin däl.