Russiýa ABŞ bilen Ukrainadaky parahatçylyk teklibi boýunça “mazmunly” duşuşygyň ylalaşyga “ýakynlaşdyrmandygyny” aýdýar

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (sagda) we onuň kömekçisi Ýuriý Uşakow 2-nji dekabrda Kremlde ABŞ-nyň wekiliýet topary bilen duşuşýar.

ABŞ-nyň ýörite wekili Stiw Witkoffyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet topary 2-nji dekabrda Kremlde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we onuň kömekçileri bilen Moskwanyň Ukrainadaky doly göwrümli urşuny tamamlamagy maksat edinýän teklip boýunça tas bäş sagat dowam eden gepleşikleri geçirdi.

Ýewropanyň Ikinji Jahan urşundan soňky iň uly we iň ganly konflikti tamamlamak baradaky güýçli diplomatik tagallalaryň alnyp barylan gününde, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ylalaşyga gelmek mümkinçiliginiň “häzirki wagtda öňkülerden has ýokarydygyny” aýtdy.

Emma gepleşikleriň öň ýany Putin Ýewropanyň hökümetlerini parahatçylyk prosesini böwetlemek synanyşyklarynda aýyplady we, eger-de, Ýewropa Russiýa bilen söweşe başlamak islese, onda Moskwanyň muňa taýýardygyny duýdurdy.

Putiniň daşary syýasat boýunça geňeşçisi Ýuriý Uşakow Kremldäki duşuşykdan soň media wekillerine beren maglumatynda, parahatçylyga ýakynlaşylmandygyny, şeýle-de ondan uzaklaşylmandygyny aýtdy.

“Biz amerikan tarapynyň taýýarlan anyk kesgitlemeleri barada däl-de, habaryň mazmuny barada gürrüň etdik. Käbir zatlar biziň üçin kabul ederlikli boldy. Käbir zatlara bolsa tankydy garaýyş bildirdik” diýip, Uşakow aýtdy we territoriýa bilen bagly meseleleriň aýratyn jedelli nokat bolandygyny belledi.

“Biz territoriýa meseleleri bolmazdan, Ukrainadaky krizisi çözmek mümkinçiliklerini görmeýäris. Dogurdan hem öňe ilerlemek üçin hem Moskwanyň, hem-de Waşingtonyň bu işe çynlakaý girişmeli wagty geldi” diýip, rus resmisi belledi.

Witkoff bada-bat teswir bermän, ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasyna ugrady.

Witkoff we ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň giýewisi Jared Kuşner, öň taýýarlanan 28 maddalyk ABŞ teklibinden soň, Putin we ýokary derejeli gepleşikçiler bilen duşuşmak üçin rus paýtagtyna uçdylar.

Rus tarapynyň öňe sürýän birnäçe talaplary bilen utgaşýan ýaly bolup görnen şol dokument, geçen hepde amerikan we ukrain wekiliýetleriniň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň, 19 maddalyk görnüşe “sazlanylypdy”.

Ýewropa hökümetleri hem Ukrainanyň özygtyýarlygyny sarsdyrýandygyny hasaplaýan käbir düzgünleri aýyrmak ýa-da ýumşatmak maksady bilen, şol taslama üýtgetmeleri girizip, garşylykly alternatiw tekliplerini hödürlediler.

Emma Moskwa bu ýewropa üýtgetmelerini dolulygyna ret etdi we Uşakow Putiniň “Ýewropalylaryň parahatçylyk prosesindäki ýumrujy roly baradaky garaýyşyny anyk beýan edendigini” aýtdy.

Witkoff we Kuşner bilen duşuşykdan öň eden çykyşynda Putin, Russiýanyň “Ukrainadaky söweş meýdanyndaky ýagdaýlary”, ýagny özüniň “söweş meýdanyndaky hakykatlar” diýip atlandyrýan ýagdaýlaryny ykrar etseler, şonda Ýewropa döwletleriniň hem gepleşiklere çekilip bilinjekdigini aýtdy.

“Biziň Ýewropa bilen söweşmek niýetimiz ýok, muny ýüz gezek aýtdym” diýip, Putin belledi. “Ýöne Ýewropa ýene-de uruş isläp, muňa baş goşsa, biz muňa dessine taýýardyrys” diýip, ol sözüne goşdy.

Ýewropa Bileleşigi Ýewropanyň serhetleriniň zorluk bilen täzeden çyzylmagyny kabul etmejekdigini we Ukrainanyň territoriýasynyň geljegi barada diňe Kiýewiň özüniň karar kabul etmelidigini ençeme gezek nygtapdy.

Putin parahatçylygyň esasy şertleriniň biri hökmünde, Kiýewiň ýurduň gündogaryndaky Donbas sebitinden el çekmegini talap edýär. Munuň üstesine, Moskwa üç ýarym ýyl bäri dowam edýän doly gerimli söweşiň dowamynda, bu sebitdäki entek basyp almadyk topraklarynyň hem özüne berilmegini soraýar. Kiýew bu şertleri ret edýär we Moskwanyň Ukrainanyň NATO-a girmegini çäklendirmek ýa-da onuň ýaragly güýçleriniň möçberine çäk goýmak baradaky synanyşyklaryna hem garşy çykýar.