Rus güýçleriniň Odessa eden hüjüminde alty adam ýaralandy

Rus goşunlary 4-nji dekabra geçilýän gije Odessa şäherine dron zarbalaryny uranda alty adam ýaralandy diýip, sebit harby administrasiýanyň başlygy Oleg Kiper habar berdi.

Onuň sözlerine görä, dron galyndylary we partlama tolkuny ýedi sany köp kwartiraly jaýyň we administratiw jaýyň gapylaryna, penjirelerine, şeýle-de awtoulaglara zyýan ýetirdi. Kiperiň ýazmagyna görä, otuz üç adama, şol sanda alty çaga psihologik kömek berildi.

Odessa şäher harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Lysak şäheriň Peresip etrabynyň bir böleginiň elektriksiz galandygyny, jemagat hojalygy hyzmatlarynyň işgärleriniň hüjüm netijelerini aradan aýyrmak tagallalaryny edýändigini habar berdi.

Elektrik togunyň kesilmegi sebäpli 1-nji we 20-nji tramwaý ugurlary wagtlaýynça işlemeýär. Bu ugurlarda wagtlaýynça awtobus gatnadylar. 7-nji tramwaý hem gysgaldylan ugur boýunça hereket edýär.