Russiýanyň Moskwanyň golaýynda we ýene iki sebitde pilotsyz uçarlary urup ýykandygyny aýtmagy bilen, Russiýanyň 7-nji sentýabr güni irden eden dron hüjüminde Ukrainanyň port infrastrukturasyna zyýan ýetdi,
Odessanyň günorta-günbataryndaky Dunaý portuna, Izmaýildäki infrastruktura irden edilen dron hüjüminde däne desgasyna we administratiw binalara zyýan ýetdi diýip, Odesa sebitiniň gubernatory Oleh Kiper aýtdy.
Bu hüjümde bir adam ýaralandy, ol soňky bäş günde Ukrainanyň Dunaý derýasynyň boýundaky portunda ýaralanan dördünji adam diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Ukrain goşuny Russiýanyň uçuran 33 dronynyň 25-sini urup gaçyrandygyny habar berdi. Harbylaryň sözlerine görä, pilotsyz uçarlaryň köpüsi Odesa sebitine gönükdirildi, ýöne käbiri demirgazykdaky Sumy sebitini hem nyşana aldy.
Russiýa ukrain portlaryndan ugradylýan galla ýükleriniň öňündäki päsgelçilikleri aýyrýan Gara deňiz däne şertnamasynyň dikeldilmegi barada geçirilýän gepleşikleriň arasynda Ukrainanyň galla eksport infrastrukturasyna garşy edýän hüjümleri güýçlendirdi.
Russiýa iýul aýynda BMG we Türkiýe tarapyndan araçylyk edilen şertnamany bir ýyl soňra terk etdi.
Russiýadaky pilotsyz uçarlar, döwlet eýeçiligindäki metbugatyň rus häkimiýetlerine salgylanyp ýazmagyna görä, Moskwanyň golaýynda, günortadaky Rostow we günorta-gündogardaky Brýansk sebitlerinde urlup gaçyryldy.
TASS habar gullugynyň maglumatyna görä, Moskwanyň 1000 km günortasyndaky 1 million ilatly şäherde, Don boýundaky Rostowda üç sany bina zyýan ýetdi. Bu şäherde Russiýanyň Günorta Harby etraby hem ýerleşýär we partlamalaryň biri onuň edara jaýlarynyň golaýynda boldy.
Rostow sebitiniň häkimi Wasiliý Golubew pilotsyz uçarlaryň biri şäher merkezine gaçanda, bir adamyň ýaralanandygyny aýtdy.
Brýanskda urlup ýykylan iki pilotsyz uçaryň biriniň galyndylary demirýol menziliniň binasyndaky penjireleriň döwülmegine sebäp boldy, golaýdaky awtoulaglara zyýan ýetirdi diýip, "Interfaks" habar gullugy habar berdi.
Moskwanyň golaýyndaky dron, şäher häkimi Sergeý Sobýaniniň sözlerine görä, rus paýtagtynyň günorta-gündogaryndaky Ramenskoýe şäherçesiniň ýokarsynda urlup ýykyldy.
Täze dron zarbalary Russiýa gündogar Ukrainadaky Kostýantiniwka şäheriniň açyk meýdanda ýerleşýän bazaryna raketa zarbasyny urup, 17 adamyň ölmegine, onlarça adamyň ýaralanmagyna sebäp bolanyndan bir gün soň uruldy. Bu şäher Donetsk sebitinde, front liniýalarynyň golaýynda ýerleşýär.
"Bu ýeri bilýänler onuň raýat sebitidigini gowy bilýärler" diýip, prezident Wolodymyr Zelenski aýtdy. “Onuň golaýynda hiç bir harby bölüm ýok. Bu zarba bilkastdan uruldy” diýip, ukrain lideri aýtdy.
Russiýanyň köp adamly bazara eden raketa hüjümine şaýat bolan ýaşaýjy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna partlamadan soň awtoulaglaryň we bazar dükanlarynyň ot alandygyny, gorkan we dowla düşen adamlaryň aljyrap, çar tarapa gaçandygyny gürrüň berdi.
"Bu bir bazar. Ol ýerde adam köpdi. Bazar diýleni gelim-gidimli ýer bolýar” diýip, şaýat aýtdy.
“Bu biz üçin gaty agyr. Biz bütin dünýäden bu urşy bes etmeklerini soraýarys. Biz ýadadyk. Biz garry adamlar" diýip, ganly hüjüme şaýat bolan adam sözüniň üstüni ýetirdi.
Ak tamyň metbugat sekretary Karine Žan-Pýer Russiýanyň bu hili wagşy hüjümleriniň "Ukrain halkyna goldaw bermegi dowam etdirmegiň möhümdigini" ýene bir nygtaýandygyny aýtdy.
BMG-niň Ukraina boýunça gumanitar wekili Denise Braun bu hüjümi "ýigrenji" diýip häsiýetlendirdi, Ýewropa Bileleşigi bolsa ony "aýylganç we wagşy" diýip ýazgardy.
Bazara edilen hüjüm ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinkeniň Kiýewe eden saparyna kölege saldy, ol Amerikanyň Ukraina üçin ýene 1 milliard dollardan gowrak amerikan maliýe kömegini berjekdigini, onuň harby we ynsanperwer kömegi öz içine alýandygyny yglan etdi.
Blinken Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba bilen geçirilen metbugat ýygnagynda žurnalistlere ýüzlenip, "Biz Ukrainanyň ýanynda durmagy dowam etdireris" diýdi.
Döwlet departamenti Blinkeniň bu saparynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň "Ukrainanyň özygtyýarlylygyna, territorial bitewiligine we demokratiýasyna, hususan-da Russiýanyň agressiýasy bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtynda üýtgewsiz ygrarlydygyny" görkezmek niýeti bilen amala aşyrylandygyny aýtdy.
Bilinken Ukrainanyň alyp barýan garşylykly hüjümindäki öňegidişligi belläp, täze kömegiň "ony goldamaga we mundan beýläk-de güýçlendirmäge kömek etjekdigini" aýtdy.
Ol täze harby kömegiň ABŞ-nyň güýzde gelip ýetişjek “Abrams” tanklary we ukrain uçarmanlaryna F-16 söweş uçarlarynda uçmak üçin Ýewropada berilýän telimler arkaly hem güýçlendiriljekdigini belledi.
Harby kömekden başga, Blinken Ukraina 805 million dollar töweregi ýarag däl kömegiň, şol sanda hukuk goraýjy edaralar üçin 300 million dollar, ynsanperwerlik ýardamy üçin 206 million dollar, korrupsiýa garşy göreş üçin 203 million dollar, minalary aýyrmak üçin 90,5 million dollar kömek beriljekdigini yglan etdi diýip, Döwlet departamenti aýtdy.
Şeýle-de, täze kömek bukjasynda ozal Ukraina beriljekdigi yglan edilen 5,4 million dollar möçberindäki rus serişdesi hem bar. Bu serişde rus oligarhlarynyň daşary ýurtda doňdurylan emläklerinden alyndy.
NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg hem 7-nji sentýabrda Ukrainanyň garşylykly hüjüminde öňegidişlik gazanýandygyny aýtdy.
"Ukrainalylar kem-kemden ýer alýarlar... Olar rus güýçleriniň goranyş liniýalaryny böwüsmegi başardylar we öňe süýşýärler” diýip, Stoltenberg Ýewropa Parlamentinde eden çykyşynda kanun çykaryjylara ýüzlenip aýtdy.