Polşa Günbatary, Kiýew Russiýanyň serhetýaka sebitlerine we Russiýanyň basyp alan Krymyna öz hüjümleri bilen jogap bereninden soň, Moskwanyň Ukraina we Kiýewe garşy eden giň gerimli we ganly hüjümlerine jogap bermäge çagyrdy.
Polşanyň daşary işler ministri Radoslaw Sikorski 3-nji ýanwarda Günbataryň Ukrainadaky soňky hüjüm tolkunyna [prezident Wladimir] Putiniň öz düşünýän dilinde, bikanun getirilýän enjamlar bilen täze ýaraglary ýasap bilmezligi üçin sanksiýalary berkitmek, Kiýewe has uzak aralyga zarba urmak mümkinçiligini berýän raketa ulgamlaryny we komanda merkezlerini bermek bilen "jogap bermelidigini" aýtdy.
Russiýanyň 2-nji ýanwarda eden pilotsyz uçar we raketa hüjümlerinde Kiýewde we Harkowda azyndan bäş adam ölüp, onlarça adam ýaralandy. Ukraina bu hüjümleriň birnäçe gün öň edilen hüjümler ýaly giň gerimli bolandygyny aýtdy.
Putin soňky günlerde öz ýurdunyň goňşusyna edýän hüjümlerini "güýçlendirjekdigini" aýtdy we Germaniýanyň daşary işler ministri Annalena Baerbok Moskwany Ukrainany "ýok etmek" niýetinde günäkärledi.
Germaniýa "näçe zerur boldugyça Ukrainanyň halkynyň ýanynda durar" diýip, ol 2-nji ýanwarda ozal twitter diýlip bilnen X platformasynda ýazdy.
Köplenç ýaşaýyş ýerlerine zarba urýan hüjümleriň köpelmegi Fransiýanyň BMG-däki ilçisi Nikolas de Riweriň özüniň Ukrainadaky ýagdaýlara pessimist garaýandygyny aýtmagyna getirdi.
Fransiýa BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň aýlawly prezidentligini kabul edeninde guralan metbugat ýygnagynda ol "Ukrainadaky ýagdaý örän erbet" diýdi.
"Meniň pikirimçe, bu gowulaşmaýar, erbetleşýär diýip pikir edýärin".
Ukrainanyň prezidenti Zelenski Russiýanyň "her bir alan jany üçin jogap berjekdigini" aýtdy.
Ukrain pilotsyz uçarlary 3-nji ýanwarda irden Russiýanyň 2014-nji ýylda bikanun anneksiýa eden Krym ýarym adasyna we Ukrainanyň goňşy iki sebitine hüjüm etdi.
Russiýanyň Belgorod sebitiniň gubernatory Wýaçeslaw Gladkowyň sözlerine görä, sebitdäki ýagdaý "dartgynly" bolmagynda galýar, Belgorodyň demirgazygyndaky Kursk sebitiniň häkimi ukrain howa hüjümleriniň elektrik togunyň kesilmegine sebäp bolandygyny aýtdy.
Rus häkimiýetleri 3-nji ýanwarda bolan hüjümlerde ölenleriň bolmandygyny habar berdiler. Belgorodyň resmileri geçen dynç güni ukrain hüjümleri netijesinde 25 adamyň ölendigini aýtdylar.
Russiýanyň soňky howa hüjümleriniň gerimini we ýygjamlygyny nazara alyp, Ukraina öz günbatar ýaranlaryny howa goranyş ulgamlary, uzak aralyk raketalary ibermegi, dron üpjünçiligini tizleşdirmäge çagyrýar.
Zelenski, goşunyň gündogardaky şäherleri goramak ugrunda alyp barýan söweşlerine garamazdan, ukrain hüjümleriniň esasy maksadynyň rus güýçleriniň Krymdaky kuwwatyny peseltmek boljakdygyny aýtdy.