Öň we häzir: Buça nähili täzeden dikeldilýär

2022-nji ýylyň martynda, ruslaryň çozuşlarynyň iň gazaply döwründe, Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň fotožurnalisti Serheý Nužnenko basyp alnan Buça baryp bilen ilkinji žurnalistleriň biri bolupdy. Bir ýyldan soň fotograf şähere baryp, onuň nähili özgerýändigini gördi.

Buçanyň esasy köçesi. Surat 2022-nji ýylyň 1-nji martynda, söweşlerde böwşeňlik bolan wagty düşürildi. Paýtagt Kiýewiň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän bu şäher tä rus goşunlary Ukrainanyň paýtagtyna hüjümini bes edýänçä, 27-nji fewralyndan, mart aýynyň ahyryna çenli gazaply söweşleriň giden ýeri bolupdy.

2023-nji ýylyň maý aýynda, abatlaýyş işleri geçirilende, Buça şäheriniň şol köçesi

2022-nji ýylyň 1-nji martynda, Buçanyň belli bölegi ýanan jaýynyň howlusyndaky bir ýaşaýjy.

Şol jaýyň alny 2023-nji ýylyň fewralynda

Buçanyň ýaşaýjysy Olga Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: «Kakam biziň jaýymyzy gurduryp ýörkä, onuň aşagyndan ýerzemin saldyryp: "Eger bir zat ýüze çykaýsa, bu siziň gaçybatalgaňyz bolar" diýdi. [Çozuşlar] başlanda, biz daşaryk seretdik, tanklaryň eýýäm howlymyza ok atýandygyny gördük. Biz şol ýerzemine girip, ýedi sagatlap şol ýerde oturdyk. Daşarda tanklaryň zynjyrlary elhenç ses edýärdi, gazaply söweş turdy». Iki tank olaryň tamynyň arkasynda penalandan soň, Olga hyýalynda dirilikden tamasyny üzendigini aýdýar... «Soňra daş çykyp, bu elhenç ýagdaýy gördük. Edil bir ahyrzaman» diýip, ol ýatlaýar.

Olga 2023-nji ýylyň martynda, şol öňki duran ýerinde

Buçanyň Wokzal köçesinde bolan weýrançylyk. Ol ýerde iň gazaply söweşleriň birnäçesi bolupdy.

Wokzal köçesi 2023-nji ýylyň maýynda. Amerikanyň tebigy betbagtçylykdan ejir çekenlere haýyr-ýardam edýän Global Empowerment Mission guramasy Buçanyň köp böleginiň dikeldilmeginde, möhüm orun eýeledi we birnäçe jaýy gaýtadan dikeltdi.

Wokzal köçesinde 2022-nji ýylyň 1-nji martynda surata düşürilen rus harby tehnikasynyň weýrançylygy.

Wokzal köçesinde täzeden gurlan jaý 2023-nji ýylyň maý aýynda

Buçanyň ýaşaýjylary Natalýa bilen Rustem 2022-nji ýylyň 1-nji martynda. «Daşarda top oklary gümmürdeýärkä, ýerzeminde oturmak gaty agyr hem diýseň gorkunçdy. Biz howpsuz zonada ýerleşýändiris diýip pikir edýärdik, ýöne nämeleriň bolup geçenini özüňiz görýäňiz» diýip, Natalýa gürrüň berýär.

Natalýa bilen Rustem bejeriş-gurluşyk işleri barýan desgalaryň fonunda. 2023-nji ýylyň fewraly

Wokzal köçesindäki harabaçylygyň arasynda awtobus duralgasy, 2022-nji ýylyň 1-nji marty

Wokzal köçesindäki awtobus duralgasy 2023-nji ýylyň maýynda

Köp kwartiraly ýanan jaýyň alny 2022-nji ýylyň martynda

Düýbünden abatlanyş işleri geçirilen ýaşaýyş jaýy 2023-nji ýylyň maý aýynda

Azyk önümli gaplar we taşlanan sowutly maşyn 2022-nji ýylyň martynda

2023-nji ýylyň maý aýynda, Buçada dowam edýän abatlaýyş işleri