NATO-nyň başlygy Russiýanyň Ukraina garşy urşunyň ýakynda gutarmajakdygyny çaklaýar

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg 

Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşy bu ýakynda gutarmaz diýip, NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg 17-nji sentýabrda Germaniýanyň “Funke Mediengruppe” gazet topary bilen geçirilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Stoltenberg harby bileleşige girýän ýurtlaryň ählisiniň parahatçylygyň mümkin boldugyça çalt gelmegini isleýändigini, emma Ukraina söweşmegini bes etse, onuň ýurt hökmünde ýok boljakdygyny aýtdy.

“Biz boýun almaly, eger-de prezident Wladimir Zelenski we ukrainalylar söweşmeklerini bes etseler, onda olaryň ýurdy mundan beýläk saklanyp galmaz. Eger-de prezident Wladimir Putin we Russiýa öz ýaraglaryny goýsa, biz parahatçylyga eýe bolarys" diýip, Stoltenberg Ukrainanyň ahyr netijede NATO ýaranlygyna goşuljakdygyny nygtady.