Kiýewde partlamalar eşidilýär, Russiýanyň zarbalary ençeme adamy öldürdi

Russiýanyň Ukrainanyň sebitlerine garşy uran zarbalarynyň netijeleri

Kiýewiň üstünde partlamalaryň sesleri eşidildi we Russiýanyň uran howa zarbalarynyň netijesinde parahat ilatyň arasyndan has köp adam, şol sanda bir çaga öldi. Bu aralykda, Russiýa Moskwanyň günbatar sebitinde bir drony urup düşürendigini mälim etdi. Bu dronalaryň mümkin hüjümi sebäpli, Russiýanyň iki aeroportunyň wagtlaýyn ýapylandygy baradaky habara gabat geldi.

Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçko ýaşaýjylary howa hüjümi baradaky howsala döwri bukalgalarda gizlenmäge çagyrdy. Paýtagtyň resmileri howa hüjüminden goranyş ulgamlarynyň işledilýändigini hem mälim etdiler. Mundan öň, Ukrain harbylary Russiýanyň Kiýew regionyna garşy gipersonik, şol sanda Kh-47 Kinžal kysymly raketalary atandygyny aýtdylar.

Kliçko howada urlan raketanyň bölekleriniň şäheriň çägindäki çagalar hassahanasynyň territoriýasyna düşendigini aýtdy. Ol hadysada adam pidalarynyň we zyýanyň bolmandygyny hem sözüne goşdy.

11-nji awgustda Russiýanyň Ukrainanyň günbataryndaky Iwano-Frankiwsk regionyna garşy atan raketasynyň netijesinde sekiz ýaşly bir çaganyň ölendigi barada maglumat gowuşýar.

“Ýaralananlaryň arasynda, keselhana agyr ýagdaýda getirilen bir çaga hem bardy. Lukmanlar elinde baryny etdiler, ýöne, gynansak-da, çaganyň janyny halas etmek başartmady” diýip, regional häkim Switlana Onyşçuk Telegram kanalynda ýazgy galdyrdy.

Şeýle-de, 11-nji awgustda Russiýanyň rekatasy Ukrainanyň merkezi sebitindäki Beryslaw şäherinde gumanitar hemaýatyň paýlanýan merkezini urdy. Ukrain resmileri Herson regionynyň günortasyndaky bu şähere edilen hüjümde adam ýitgileriniň bolmandygyny aýtdylar.

Russiýanyň Harkiw regionyndaky bir oba garşy atan ýene bir raketasy 60 ýaşly bir zenany öldürdi. Harkiwiň regional häkimi Oleh Synýehubow 11-nji awgustdaky hüjümde 60 ýaşly bir erkek kişiniň hem ýaralanandygyny aýtdy.

10-njy awgustda Ukrainanyň resmileri Harkiw regionynyň Kupýansk etrabynyň 37 ilatly nokadynyň raýatlaryny mejbury ewakuasiýa etmek barada karar kabul etdiler. Bu Russiýanyň sebite urýan zarbalaryny artdyrmagynyň arasynda bolup geçdi. Harkiwiň regional häkimi 11 müňe golaý adamyň ewakuasiýa ediljekdigini aýtdy.

Kupýansk we onuň töweregindäki sebitler 2022-nji ýylyň sentýabryna çenli Russiýanyň gözegçiligindedi. Şol pursat, Ukrainanyň güýçleriniň garşylyklaýyn çalt hüjümi netijesinde, Kremliň güýçleri yza çekilipdi.

Russiýa tanklar, awiasiýa we artilleriýa bilen goldanylýan özünüň hüjüm güýçlerini Kupýansk sebitiniň töwereginde jemledi diýip, Ukrainanyň Milli Gwardiýasynyň metbugat wekili Ruslan Muzyçuk 10-njy awgustda telewideniýede çykyş etdi.

Bu aralykda, Russiýanyň Goranmak ministrligi Moskwada bir dronuň aýdyňlaşdyrylmadyk nyşana barýan mahaly howada urlup düşürilendigini mälim etdi.

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin muny tassyklady we dronuň galyndylarynyň şäheriň merkeziniň demirgazyk-günbatar sebitine gaçandygyny sözüne goşdy.

Mundan öň, Moskwanyň Wnukowo aeroportunyň we paýtagtdan 150 km töweregi uzaklykdaky Kaluga aeroportunyň wagtalýyn ýapylandygy barada maglumatlar peýda boldy. Resmiler munuň çak edilen dron sebäpli amal edilendigini aýtdylar. Soňra aeroportlaryň ikisi-de gaýtadan açyldy.