«KIÇI ARAL HEM ÝALPAKLAÝAR»
Kiçi Aral deňziniň ýakasyndaky balykçylyk düşelgesi, ol gyrymsy ösümlikleriň arasynda, çola, suwsuz, açyk meýdanda ýerleşýär. Bir wagtlar bu ýerde deňiz bolupdyr, indi bolsa duzly tozan şeýle ýokary göterilýär welin, maşynyň aýnasyny açmaga mümkinçilik bermeýär. Diňe deňze golaýlaşanyňda, salkynlygy duýýarsyň
Aral deňzine barýan ýol esasan çöllügiň içinden geçýär. Gazagystanyň Gyzylorda oblasty, 2023-nji ýylyň 22-nji awgusty
Kiçi Aralyň ýakasy 18 sany balykçylyk kärendeçi hojalyga berlipdir. Azatlygyň habarçysy ýedinji bölümde bolup gördi.
51 ýaşly Abilbaý Abildaýew on çaganyň – dokuzyň gyzyň we bir ogluň kakasy. Aral deňzinde balyk tutmak bilen olary ösdürip-ulaldýandygyny aýdýar
Balykçy Abilbaý Abildaýew
— Balykçylyk meniň ata-babalarymyň rysgaly. Hudaý ýalkasa, menem bu işden el çekmerin. Elli ýaşdan geçen adama başga iş tapmak kyn – diýip, balykçy aýdýar.
Abilbaýyň ogly balykçy bolmak islemändir, kakasy onuň ýagdaýyna düşünýär:
— Biziň girdejimiz 50-70% pese düşdi. Häzir ýagdaý beýle gowy däl... Deňze suw gerek. Suw bolsa aw artýar. Indi ýagdaý şeýle bir agyr welin, biz çykdajylary hemişe ödemeýäris we düşelgede galmaly bolýarys. Şu ýylyň baharynda hiç balyk bolmady – diýip, Abilbaý Abildaýew gürrüň berýär
Ýerli balykçylaryň gaýyklary, ýangyjyň bahasynyň artmagy sebäpli hemişe deňze çykyp bilmeýärler.
Balykçylar düşelgede 10-15 gün ýaşaýarlar. Olar bu ýere balykçylyk enjamlaryny, gaýyk üçin ýangyjy we iýmit getirýärler. Soňky wagtlarda gerekli enjamlary karzyna alýarlar. Eger aw bolsa, onda bergilerini töläp, maşgala üçin bir zat goýup bilýärler.
Balykçylaryň aýtmagyna görä, her bir gaýyk gowy günlerde 20-30 kilogram balyk getirýär. Tutulan aw gaýygyň üstünde iki balykçynyň arasynda deň paýlaşylýar. Her gün irden ýerli telekeçi söwdagär täze balygy satyn alyp, ony balyk fabrigine äkidýär.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Кладбище лодок. Последние рыбаки покидают Малый Арал
Balykçylar çapak balyklaryň kilosyny 200 tengeden, karaslary – 500 tengeden, garabalygy 1300 tengeden tabşyrýarlar. Talaba baglylykda, balygyň bahasy ýokarlanyp ýa-da peselip durýar.
Ýerli balykçylaryň balyk tutmaga gelende, birnäçe hepde düşelge edinýän jaýy
Gün öýlän bolanda, balykçylar ýola taýýarlanyp başlaýarlar. Ilki torlary köne motosikle ýükläp, suw ýakasyna eltýärler. Diňe soňky ýyllarda deňiz kenardan takmynan bir ýarym kilometr çekilipdir.
Balykçynyň kömekçisi Ashat "elli bäşlik" torlary (toruň gözi 55 mm – Red.) gaýyga ýükledi. Balykçylaryň däbine görä, olar oňa «Maýlansyn!» («Aw bol bolsun!») diýýärler. Ol hem gaty ses bilen «Aýtganyň gelsin!» diýip jogap berýär.
Gämi suwa goýberilenden soňra-da, balykçylar ony ýene 500-600 metre çenli itip gidýärler: az suwda motor gaýygy çekip bilmeýär.
Balykçy gaýyk batmaz ýaly, suwuň içinden takmynan iki kilometr pyýada ýöremeli.
— Biz kenardan takmynan bir ýarym-iki kilometr pyýada geçdik. Suw bu ýerde örän ýalpak, bary-ýogy ýarym metr. Torlary takmynan 20-30 kilometrlikde taşlaýarys. Käwagtlar boş dolanyp, ýangyjyň çykdajylaryny ödäp bilmeýän wagtymyzam bolýar – diýip, balykçy Mukangazy Ibaýew aýdýar.
«SEBITIŇ DURMUŞY DEŇIZ BILEN BERK BAGLANYŞYKLY»
Suwuň az bolmagy sebäpli balyk tutmagy taşlaýanlaryň sany gitdigiçe artýar, olar beýleki pudaklardan iş gözleýärler we hatda başga sebitlere gidýänlerem bar. Muny kenarda taşlanan köp sanly gaýyklar tassyklaýar.
Kiçi Aralyň ýakasynda taşlanan balykçy gämileri. 2023-nji ýylyň 23-nji awgusty.
Telekeçi Žetkergen Akmyrzaýew
— Balykçylar döwürleýin möwsüm esasynda işe gidýärler, tomus bolsa gurluşyk meýdançasyna işleýärler. Bularyň hemmesi olaryň gaýyklary. Bulary sataýyn diýende, kim aljak? Bir tarapdan, belki-de, olar suw gelse, deňiz dolanar diýip, umydyny ýitirmezlige çalyşýarlar. Öňler suw köp bolan ýyllarynda, Kiçi Aralyň suwy Uly Arala akypdyr. Şol ýyllarda bu gaýyklaryň hiç biri häzirki ýaly eýesiz ýatmandyr – diýip, Aral deňziniň balyk söwdasy bilen meşgullanýan Žetkergen Akmyrzayev aýdýar.
Aralsk şäheriniň we onuň töwereklerinde 15 obanyň ýaşaýyş-durmuş şertleri balyk tutmak bilen berk baglanyşykly. Olaryň biri Karaşalaň obasy, ol Aralsk şäherinden 170 kilometr uzaklykda, Syrderýanyň aýagynda ýerleşýär.
Balykçylar deňze taşlanjak torlary taýýarlaýarlar. 2023-nji ýylyň 23-nji awgusty
Bu ýerdäki millet ir zamanlardan bäri balyk tutmak we maldarçylyk bilen meşgullanyp gelýär. Ýöne olara deňiz has ýakyn – ýaşaýyş çeşmesi.
Karaşalaň balykçylyk obasy, ol ýerde 80 maşgalanyň durmuşy balyk tutmak bilen bagly
— Mart aýyndan bäri deňze suw gelmedi. Bizde bu ýerde 124 maşgala ýaşaýar. Obamyzda 70-80 balykçy bar. Olaryň maşgala abadançylygy deňiz bilen bagly – diýip, Karaşalaň obasynyň ýaşaýjysy Orazbaý Ospanow aýdýar.
«Duzlulyk balyklar üçin howply derejä golaýlaşýar»
Ýerli ihtiolog Zaualhan Ermahanow Kiçi Aralyň hem öli deňze öwrülmeginden alada bildirýär.
Ihtiolog Zaualhan Ermahanow
— Aralyň ýerli balyklary ortaça 10 gram duzlulykda tohum taşlap köpelip bilmeýär. Bir litr deňiz suwunda 10 gramdan artyk duz bolsa, balyk kyn ýagdaýda tohumlanýar. Eger tohumlansa-da, ol işbil ölýär. Muňa biz soňky wagtlarda üns berýäris. Häzirki wagtda deňiz suwunyň duzlulygy 13 gram. Eger suwdaky duzuň möçberi 16 gramdan geçse, deňizdäki balyklar öler. Şonuň üçin balykçylar alada edýärler. Syrderýadan deňze gelýän suwuň ýetmezçiligi zerarly, Kiçi Araldaky balyklaryň 30 göterimi saklanyp bilmez – diýip, Zaualhan düşündirýär.
Bilermen Kiçi Aralyň meselesi haýal etmezden çözülmese, bu tebigata we adamzada soňuny düzedip bolmajak zyýan ýetirip biler diýýär.
Resmi maglumatlara görä, Gyzylorda sebitine her ýylda 12 kub kilometr suw gelýän bolsa, Kiçi Arala ondan diňe üç kub kilometri akýar. Ihtiolog Ermahanow dokumentde görkezilen möçberdäki suwuň deňze akýandygyna şübhelenýär.
Balykçy gaýygynyň üstünden, Kiçi Aralyň görnüşi.
Zaualhan Ermahanowyň pikirine görä, Gazagystan derýa suwlaryndan netijeli peýdalanmaýar. Onuň hasaplamalaryna görä, Kiçi Arala ýylda azyndan alty kub kilometr suw goýberilse, deňiz bäş-alty ýylyň dowamynda, öňki ýagdaýyna dolanar.
— Syrderýanyň kenarynda Köksaraý bendi bar. Onuň maksady suw köp bolanda ýygnap, tomus aýlarynda Gyzylorda sebitine bermek. Häzir seretseň, Köksaraýda suw bar. Balyk köpelýär. Aslynda beýle bolmaly däl. Suw aşak
akyma goýberilmeli. Köksaraý suwy kadalaýjy merkez, onuň başga maksady ýok. Şardara gatlasy balykçylyk hojalygy däl. Şoňa görä-de, Köksaraýdaky suwy derýadan akdyrmaly. Bu Kiçi Araly halas etmegiň ýollarynyň biridir – diýip, Zaualhan Ermahanow hasap edýär.
Aral deňziniň satellitden düşürilen suraty; 1984-nji ýyl (çepde) we 2012-nji ýy
Adamzat taryhyndaky iň agyr betbagtçylygyň biri
Aral deňzinde suwuň derejesi 1960-njy ýyldan, çalt pese düşüp başlady. Munuň sebäbi derýa ýakasyndaky döwletler deňze guýýan esasy iki derýanyň – Amyderýanyň hem Syrderýanyň suwuny ekin üçin has köp peýdalanyp başladylar, netijede bu daşky gurşawyň betbagtçylygyna getirdi. Ahyrynda deňiz ikä bölünip, Kiçi Aral deňzi (Demirgazyk deňzi) we Uly Aral deňzi emele geldi. Häzir Uly Aral deňzi ýok – ol öli deňiz. Hünärmenler Kiçi Aralyň hem Uly Aral deňziniň ykbalyny gaýtalap biljekdigine alada bildirýärler.
Jemgyýetçilik işgäri Aýnagül Baýmahanowa
— Betbagtçylygyň öňüni almak üçin, derýadan deňze gelýän suwuň mukdaryny artdyrmak zerurdyr. Syrderýanyň suwuny dört döwlet peýdalanýar. Dört ýurduň ilaty we suwa bolan zerurlygy her ýyl artýar. Bilşimiz ýaly, Gyzylorda sebitine gelýän derýa suwunyň azyndan 50 %-i deňze ýetmeýär. Munuň sebäbi bisarpa harçlamakdyr. Biziň diňe käbirimiz suwa ýeterlik üns berýäris ýa-da suwumyzyň nirä gidýändigi bilen gyzyklanýarys. Mysal üçin, Özbegistanda suw ölçeýjiler ýerleşdirildi. Suw ýollary doly betonlandy. Olar artykmaç harçlamaga ýol bermeýärler. Bizde bolsa beýle däl. Gözegçilikleriň gowşaklygy sebäpli Kiçi Arala suw barha az gelýär – diýip, «Арал теңізі» jemgyýetçilik birleşiginiň başlygy Aýnagül Baýmahanowa aýdýar.
Aral deňziniň ýalpaklaşmagy adamzat taryhynda daşky gurşawyň iň agyr betbagtçylygynyň biridir. Deňziň dikeldilmegi bilen bagly ilkinji barlaglar 1975-1976-njy ýyllarda başlandy. Şol döwürde "Amyderýanyň we Syrderýanyň aýagynda, kyn ýagdaýy dikeldilmegi, Demirgazyk Aral (Kiçi Aral) deňzini dikeldilmegi" maksat edinip, Kökaralda iki bent gurmak meýilleşdirildi.
Kökaral bendi
Gazagystan bu iki bendiň birini, ýagny Kökaral bendiniň gurluşygyny 2005-nji ýylda tamamlady. Şondan bäri 18 ýyl geçse-de, Araly halas etmegiň ikinji tapgyry amala aşyrylmady.
Bir wagtlar Kiçi Aralyň möçberi 27 kub kilometre deň bolupdyr, häzir onuň 10 kub kilometr suwy ýok, ýagny Kiçi Aralyň suwunyň üçden bir böleginden gowragy ýitipdir.
«Sebit ýurtlary ylalaşyga gelmese, kynçylyk çözülmez»
15-nji sentýabrda Täjigistanda, Aral deňzini halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjylaryň döwlet ýolbaşçylarynyň duşuşygy boldy. Onda ýalpaklaşýan deňzi dikeltmek meselesi we oňa guýýan derýalaryň suwuny tygşytly peýdalanmak, ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşan Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew häzir Owganystanda gurulýan Kuştepa kanalynyň Amyderýanyň suwunyň azalmagyna getirjekdigine alada bildirdi. Mirziýoýew Owganystanda häkimiýetde oturan "Talyban" bilen dialog geçirmegi teklip etdi. Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Aral deňzine akýan iki derýanyň ýagdaýyna we suwdan netijeli peýdalanyşynyň problemasyna ünsi çekdi.
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Täjigistanyň paýtagty Duşanbede Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw ýygnagynda çykyş edýär. 2023-nji ýylyň 14-nji sentýabry.
— Biziň sebitimiziň esasy iki derýasynyň – Amyderýanyň hem Syrderýanyň akymynyň düzgüniniň derejesi bilen bagly mesele örän ýokary. Derýalaryň basseýninde 80-den gowrak suw howdanlary guruldy, olaryň umumy möçberi örän uly, takmynan 65 kub kilometre ýetýär. Şeýlelikde, antropogen ýüküň artmagyna garaşylýar, tebigy baýlygy giň möçberde peýdalanmak, dürli sosial-ekologiki problemalaryň ýitileşmegine getirip biler. Bularyň barysy sebitiň howpsuzlygyna çynlakaý töwekgelçiligi salýar – diýip, Tokaýew mälim etdi.
Şu ýyl Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň döredilenine 30 ýyl boldy. Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan we Türkmenistan Fonduň agzalary bolup durýar. Prezidentleriň sammiti her üç ýyldan bir gezek geçirilýär. Duşuşyklarda Halkara gaznasynyň şu wagtky näçe pulunyň bardygy, onuň nirede we nädip harçlanandygy barada, hiç zat aýdylmaýar. Mundan ozal hünärmenler Aral deňzini halas ediş gaznasynyň serişdeleriniň sebitde suw ýetmezçiligini we daşky gurşawyň problemalaryny çözmek üçin, ýeterlik däldigini aýdypdylar.
Delft (Niderlandiýa) suw hojalygy institutynyň transserhet suw hyzmatdaşlygy we diplomatiýa boýunça maslahatçysy Bota Şaripowa Merkezi Aziýada suw ýetmezçiligi meseleleriniň her ýyldan has çylşyrymlaşýandygyny we syýasy häsiýete eýe bolýandygyny aýdýar.
— Geň galaýmaly, jedellerden we dawalardan gaça durmak üçin, häkimiýetler suw meselelerini hünärmenler bilen doly ara alyp maslahatlaşmadylar. Olar muny diňe ýokary syýasy derejede kagyz ýüzünde galdyryp, meseläni has-da kynlaşdyrdylar. Halkara gaznasy henize çenli özüniň esasy organy bolan Ýerine ýetiriji komitetiň ýerleşýän ýeri barada hem ylalaşyp bilmedi. Şoňa görä-de, her üç-dört ýyldan bir gezek indiki maslahat geçiriljek ýurtda täze institut açylýar. Ony geljek ýylyň ýanwar aýynda, Gazagystanda açylmagy meýilleşdirdiler. Guramanyň agzalary bolsa fonduň taslamalary üçin, pul bölüp bermeýärler. Olar taslamalary diňe öz ýeri üçin edýärler we muny bolsa Gazna goşýan goşandy diýýärler – diýip, bilermen aýdýar.
Syrderýadaky gidrouzel, 2023-nji ýylyň 22-nji awgusty
Şaripowa Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň döredilmegine köp adamyň uly umyt baglandygyny, ýöne onuň häzirki ýagdaýynda, netijeli işlejekdiginiň örän şübhelidigini aýdýar.
— Munuň ilkinji sebäbi, Gazna ähli döwletlerden iň ýokary syýasy derejede goldaw berilse-de, suw ekspertleri we beýleki hünärmenler bir stoluň başynda oturyp, suwy netijeli paýlamak barada pikir alyşmaýarlar. Meniň pikirimçe, esasy çözgüdi tapmak üçin, ähli ýurtlardan suw we energiýa, ekologiýa we ykdysadyýet boýunça hünärmenler ýygnanyşsa, sebitiň ýeke-täk birleşdiriji faktory bolup bilerdi. Häzirki wagtda döwletleriň biri-birini diňlejekdigine umyt örän az. Her döwlet diňe öz pozisiýasyny we tekliplerini beýan edýär we birek-biregi goldamaýar. Suw hem howa şertleri her ýyl üýtgäp durýar. Howanyň üýtgemegi sebäpli sil hem-de gurakçylygy görüp gelýäris. Şoňa görä-de, suw serişdeleri boýunça dialog we hyzmatdaşlyk dowamly gepleşikleri talap edýär. Merkezi Aziýada suw meselesiniň tiz we aňsat çözgüdi ýok – diýip, Bota Şaripowa aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.