Halkara zenanlar günündäki sowgat alym-berimi okuwçylaryň mekdepden galmagyna getirýär

Azatlygyň habarçylary okuwçylaryň mekdepden galmagyna olaryň arasyndaky näresmi “sowgat ýaryşynyň” sebäp bolýandygyny aýdýarlar. (Illýustrasiýa suraty)

Maryda 8-nji martda bellenilýän Halkara zenanlar gününiň töweregindäki sowgat alym-berimi köp okuwçynyň birnäçe günläp mekdepden galmagyna sebäp bolýar. Bu ýagdaýlar barada ene-atalaryň we mugallymlaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň berdiler.

“Baýramçylygyň golaýlamagy bilen, mekdepden galýan okuwçy oglanlaryň sany göz-görtele köpeldi. Olar esasan pes girdejili hojalyklaryň çagalary bolup, olar diňe mugallymlara däl, eýse klasdaşlaryna hem sowgat bermejek bolup, okuwdan galýarlar” diýip, maryly bilim işgäri anonim şertde gürrüň berdi.

Okuwçylaryň mekdepden galmagyna olaryň arasyndaky näresmi “sowgat ýaryşy” sebäp bolýar.

Soňky ýyllarda çagalary orta mekdeplerde okaýan ene-atalaryň käbiri aýal mugallymlara “gowy we gymmat” sowgat bermek ugrunda “ýaryşýarlar”.

Degişli maglumat Öý hojalykçy aýallar Halkara zenanlar güni mynasybetli özleriniň ala tutulýandyklaryny aýdýarlar

“Şonda haýsy okuwçynyň öňe saýlanjagy belli bolýar. Pully adamlaryň çagalary aýal mugallymlara 3000-5000 manat aralygynda, orta girdejili maşgalalaryň çagalary 100-200 manat aralygynda sowgat berýärler. Şeýle-de, oglanlar pul toplap, klasdaş gyzlaryna hem sowgat alýarlar. Bu puluň möçberi hem azyndan 50-100 manat aralygynda bolýar” diýip, ene-atalaryň biri anonim şertde gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bu serişdeler ykdysady kynçylyklaryň we harytlaryň gymmatçylygynyň arasynda, pes girdejili köp maşgala üçin ummasyz pul bolýar. Çagasyna bu puly tapyp bilmeýän hojalyklaryň sany sanardan köp bolmagynda galýar.

“Aýlyk 1000 manat girdejisi bolmadyk hojalyklar bar. Olar üçin gündelik iýjek çöregi gaýgy. Onsoň bu hojalyklaryň çagalary öz deň-duşlaryndan utanyp, 8-nji mart baýramy geçip gutarýança, mekdebe gitmeýärler” diýip, maryly başga bir ene anonim şertde gürrüň berdi.

Ene-atalaryň ençemesi bu ýagdaýlaryň döremegine käbir mugallymlaryň baýramçylygyň öň ýanynda okuwçylara edýän “basyşlarynyň” sebäp bolýandygyny hem aýdýar.

“Mugallymlar okuwçylara ‘8-nji mart ýakynlap gelýär, ene-ataňyza sowgada garaşýandygymyzy aýdyň’ diýýärler. Okuwçylaryň arasynda ‘mugallym, dil bilen gutlasak bolmaýarmy’ diýýänler köp bolýar. Ýöne mugallymlar ‘ondan sowgat bolmaz’ diýýärler” diýip, maryly mekdep okuwçysy anonim şertde gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, käbir mugallymlar bu basyşlary esasan hem ýokary synplarda okaýan okuwçylara görkezýärler. Olar “gowy we gymmat” sowgat bermedikleriň mekdebi tamamlandygy baradaky şahadatnamasyna pes bahanyň goýuljakdygyny kakdyrýarlar.

Degişli maglumat Soňky jaň çykdajylary ene-atalary surnukdyrýar

“Mugallymlaryň käbiri okuwçylara ‘öňüňde atestatyň hem bar’ diýip, gös-göni gorkuzýar. Muny mugallymlaryň ählisi etmese-de, soňky döwürde şu tejribäni ulanýan mugallym köp” diýip, okuwçy belledi.

Ene-atalar muny “okuwçylardan para almagyň bir görnüşi” häsiýetlendirip, ýurtda para almagyň we bermegiň durmuşyň adaty bir bölegine öwrülendigini aýdýarlar.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň bilim bölüminden resmi teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda belli-belli senelerde we baýramçylyklarda, hususan-da Halkara zenanlar gününde we mekdebi tamamlanda okuwçylaryň mugallymlara sowgat bermek tejribesi garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri dowam edýär.

Habarçylarymyz ýurtda dowam edýän agyr ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýraý işsizligiň arasynda, bu tejribäniň ilatyň maşgala býujetine barha köp agram salýandygyny aýdyp gelýärler.

Soňky günlerde türkmen häkimiýetleri we mediasy “ýurtda aýal-gyzlara goýulýan hormatyň nyşany” hökmünde 60 manat pul sowgadynyň berilýändigini yzygiderli mahabatlandyrýarlar. Ýöne olar ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Degişli maglumat Lebapda we Maryda köp hojalyk çagalaryna berilýän pul sowgadyny dükan bergilerine berýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.