Germaniýanyň dünýä belli Rheinmetall önümçilik birleşigi Ukraina üçin, nädip ýarag öndürýär?

Germaniýanyň demirgazygynda ýerleşýän Unterlusse şäherindäki Rheinmetall kärhanasynyň önümçilik ulgamy, 2023-nji ýylyň 6-njy iýuny.

Rheinmetall zawodynyň işçisi Ukraina üçin, artilleriýa oklaryny taýýarlaýar.

Rheinmetall zawodynyň iş ýerleriniň alynda goýlan tank diňleri

Rus çozuşlary başlanaly bäri Germaniýanyň ýarag öndüriji kompaniýasy 2 müňe golaý täze iş orunlaryny döretdi. Ol Frankfurt gaznasynyň gök çipleriniň sanawyna goşuldy.

Hünärmenler Ukrainanyň Ýaragly Güýçlerine ibermäge, “Leopard” söweş tanklary üçin, 120 mm-lik topuň üstünde işleýärler.

Maý aýynda Rheinmetall kompaniýasynyň Ukrainanyň döwlet eýeçiligindäki "Ukroboronprom" kompaniýasyna girip, " Rheinmetall Ukraina üçin aýratyn önümleri bilelikde öndürjekdigini" yglan etdi.
 

“Leopard” tanky Unterlusse şäherindäki Rheinmetall zawodynda tehniki hyzmatdan soň, synagdan geçýär.

Germaniýanyň Ukrainanyň territoriýasynda ýarag zawodyny açmagynyň ähtimaldygy baradaky beýanaty Kremlde gahar-gazabyň döremegine sebäp boldy. Orsýetiň ozalky prezidenti Dmitriý Medwedew bilelikdäki tank zawodyna "Kalibrden salam" goýberiljekdigini we beýleki "pirotehniki gurallaryň" ulanyljakdygyny wada berdi.
 

Sowutly söweş tankynyň ýokarky böleginiň içi

Ikinji Jahan urşy döwründe, Ýewropanyň köp bölegini weýran eden faşistik harby maşynyň enjamlaşdyrylmagyna Rheinmetall köp ýardam edipdi.
 

Tanklar üçin ätiýaçlyk bölekleriniň ammary

AFP-nyň maglumatyna görä, Rheinmetall zawodynyň käbir önümçilik bölegi häzirki wagtda köne sowutly ýaraglary söküp, söweş meýdanynda peýdalanmak üçin, täzeden döredýärler.
 

Harby ýük ulaglarynyň kabinasynyň öndürilişi

 

Rheinmetall zawodynyň işçisi uly ölçegdäki top oklaryny taýýarlaýar.
 

Sowudy böwüsýän täze raketa

Ýewropa Bileleşigi Ukrainany artilleriýa oklary bilen üpjün etmek üçin, 2 milliard € (2,1 milliard dollar) wada berdi. Geljek ýylyň dowamynda Ukraina million top okuny almaly.
 

Germaniýanyň ýarag öndüriji Rheinmetall önümçilik birleşigi Ukrainadaky urşuň netijesinde, öz mümkinçiligini çalt giňeldýär. Ol häzirki wagtda Ukrainada hem öz kärhanasyny açmagy meýilleşdirýär.