Erdogan Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” boldy

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow (çepde) özünň türkiýeli kärdeşi Rejep Taýyp Erdogan bilen (arhiw)

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogana Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen at dakyldy.

Resmi media bu adyň Erdoganyň 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli, şeýle-de “ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dowamly ösdürilmegi boýunça goşan goşandy” üçin, prezident Serdar Berdimuhamedowyň karary esasynda berlendigini belleýär.

Bu adyň dakylmagy mynasybetli, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem türk prezidentini gutlady.

2021-nji ýylda Erdogana “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan goşandy üçin” diýen Türkmenistanyň ordeni hem gowşurylypdy.

Türkiýäni 20 ýyl çemesi dolandyrýan we barha awtoritarlaşýan syýasaty alyp barýan Erdogan 1954-nji ýylyň 26-njy fewralynda dünýä inipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.