Owgan meselesi bilen ýörite gyzyklanýan birnäçe barlag guramalary "Talybany" ABŞ-nyň harbylaryndan galyp, olaryň eline düşen ýaraglary we beýleki harby enjamlary satmakda aýyplaýarlar. "Talyban" hökümeti bu habarlary inkär edýär.
Düýbi ABŞ-da ýerleşýän "Afghan Peace Watch" guramasy we Ženewada ýerleşýän garaşsyz Small Arms Survey barlag kompaniýasy tarapyndan geçirilen barlaglara görä, Owganystanyň günortasynda we gündogaryndaky Kandahar, Helmand we Nangarhar welaýatlarynda, şeýle hem goňşy Pakistanda owgan ýaraglary we beýleki harby enjamlary satýan bazarlar gülläp ösýär.
ABŞ-nyň Parlamentiniň wekiller palatasynyň Daşarky gatnaşyklary komitetiniň başlygy Maýkl Makkaulyň gatnaşmagynda, CNN telekanalynda geçirilen interwýusynda, amerikan goşunlaryndan galan ýaraglary "Amerikanyň duşmanlaryna" satmakda, "Talybanyň" adyna aýyplaýjy sözler aýdyldy.
"Biz Bagramdan el çekmeli däldik. Ol ýerde amerikan salgyt töleýjileriniň puluna durýan 7 milliard dollardan gowrak ýarag galdyrdyk. Indi bolsa biziň üçin garaşylmadyk ýagdaýda, “Talyban” ol ýaraglary biziň duşmanlarymyza –Eýrana, palestinalylar ýaly Ysraýyla garşy söweşýänlere satýar” diýip, ol aýdýar.
Emma "Talyban" hökümetiniň resmi wekili Zabihulla Mujahid bu beýanaty we ABŞ-daky käbir "tarapgöýlük" ugurlaryny ileri tutýan barlag ideýalarynyň we propagandalarynyň netijelerini agzap geçip, olary ret etdi. Duşenbe güni ol bu barada Twitter’de: "ABŞ-daky käbir şahslaryň Yslam Emirliginiň ABŞ-nyň Owganystandaky esgerleriniň galdyran ýaraglaryny we harby enjamlaryny beýleki çeşmelere satandygy baradaky ideýasy hakykata laýyk däl we biz ony berk ret edýäris" diýip ýazdy.
Onuň sözlerine görä, "Talybanyň" eline galan ähli ýaraglar, harby enjamlar we ulaglar ýurduň ammarlarynda we ätiýaçlyk gorhanalarynda saklanylýar. "Internet arkaly hiç kime ýarag hereketini ýola goýmaga ýa-da ýarag satmaga rugsat berilmeýär” diýip, Mujahid Twitter’de ýazdy.
Afghan Peace Watch guramasyny esaslandyryjysy Habib Han Totahiliň aýtmagyna, şeýle hem Small Arms Survey guramasyndan bilermen Jeýms Beawanyň öňe sürmegine laýyklykda, Amerikanyň önümi bolan M-4 we M-16 kysymly gijeki görüş enjamlary we ýylylygy nyşana alyjy mümkinçiligi bolan tüpeňleriniň aluw-satuwda durýandygy aýdylýar.
Hasabatda aýdylmagyna görä, "Talyban" täze bir gara bazara gözegçilik edýän bolsa gerek. Olar bu meseläni çözmegi öz eline almak üçin, ýarag edinmek hukugyna salgyt girizdiler hem-de ýarag edinjeklere ygtyýarnama almak düzgünini ýola goýmak bilen satyn almagyň we ýarag satmagyň has oňaýly bolmagyna mümkinçilik döretdiler.
Geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, ýarag söwdasy "Talybanyň" söwda we syýasy bähbitlerine laýyk gelip, howpsuzlyk nukdaýnazaryndan, şeýle-de olaryň ýaragly toparlar we ýarag söwdasy bilen meşgullanýanlar bilen uzak wagtlap gatnaşyk edýändigi sebäpli işjeň ösüp başlady.
Şol bir wagtda, habarlarda bellenişine laýyklykda, Kabulda ilkibaşda hökümet agdarylyşygy geçen dessine, ýaraglaryň bahasy pesdi, ýöne "Talyban" ýarag dolanyşygyna gözegçilik etmegi berkleşdirenden soň, ýaraglaryň bahasy ýokarlandy. Gowy ýagdaýda saklanan M4 tüpeňi üçin, 2400 dollara çenli girdeji gazanyp biljekdigini awtorlar mysal hökmünde aýdýarlar, şol wagtda Pakistanda ýerli önümçilikde ýasalan AK-47 (Kalaşnikow awtomatynyň) bahasy bary-ýogy 130 dollara barabardyr.
Geçirilen barlaglar ýarag satýanlar bilen edilen interwýulara – sorag-jogaplara esaslanýar, "Talyban" hereketiň ýönekeý jeňçileri, olardan wezipe eýeleýänler, "Talybanyň" häzirki hökümetinde oturan wezipeli adamlar we owgan howpsuzlyk güýçleriniň öňki agzalary we garaşsyz howpsuzlyk ekspertleri bilen dürli ýagdaýda şeýle sorag-jogaplar geçirildi.
Barlagyň netijelerinde aýdylyşyna görä, "Talybanyň" sebitleýin terror ulgamlary bilen aragatnaşygy onuň birnäçe ýarag gaçakçylyk kanallaryny ýok etmeginden, has uly alada döredýär.
Hasabatda Pakistanyň iň uly ýarag bazary bolan Darrah Adam Helde ýarag satýanlaryň özleri ol barlag institutlary bilen habarlaşyp, Amerikan harby enjamlaryny we ýaraglaryny hem satýandyklaryny tassykladylar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.