Britaniýanyň premýer-ministri Sunak Kiýewe geldi

Britaniýanyň premýer-ministri Rişi Sunak (arhiw suraty)

12-nji ýanwarda Britaniýanyň premýer-ministri Rişi Sunak öňünden yglan edilmedik sapar bilen Kiýewe geldi we Ukraina üçin harby hemaýatyň 3.2 milliard dollara çenli artdyrylandygyny yglan etdi.

Sunak bilen prezident Wolodymyr Zelenskiniň gepleşiklerinden öň, britan hökümeti bu serişdeleriň Ukraina dronlary satyn almak üçin ulanyljakdygyny mälim etdi.

“Men şu gün bu ýere bir habar bilen geldim: Britaniýa hem yza tesmez. Biz Ukraina bilen onuň iň garaňky pursatlarynda, şeýle-de geljek gowy günlerinde ýanynda bile durarys” diýip, Sunak beýanat bilen çykyş etdi.

Mundan öň, Zelenski käbir donor döwletlerde ýadawlygyň yşaratlarynyň duýulyp başlanmagy bilen, Kiýewiň ýaranlaryny Ukrainany ýaraglar bilen üpjün etmegini dowam etdirmäge çagydy.