2022-nji ýylda dünýä döwletleriniň bergisi rekord derejä ýetip, 92 trillion dollara bardy, hökümetler COVID-19 pandemiýasy döwründe bolşy ýaly, krizislere garşy durmak üçin, serişdeleri karz aldylar.
Bu barada BMG-niň Global Krizise jogap berýän toparynyň "Dünýä bergisi" atly täze hasabatynda aýdylýar. Hasabat 12-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde aýan edildi.
«Dünýäniň ýarysy ösüş pudagynda weýran ediji bergi betbagtçylygyna duçar bolýar» diýip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş dünýä döwletleriniň bergisiniň ýagdaýy baradaky hasabaty hödürläninde mälim etdi. Ol bu ýagdaý bazarlarda kän bir göze ilmeýän ýaly bolsa-da, ondan adamlaryň horluk çekýändigini duýdurdy, sebäbi iň garyp ýurtlar köplenç bergilerini üzmek bilen bagly aladalaryny öz halkyna hyzmat etmegiň arasynda amala aşyrmaga mejbur bolýarlar.
Hasabatda dünýä döwletlerinde hökümet bergisiniň tas 30%-ni ösýän ýurtlary öz içine alýandygy nygtalýar. Dünýäniň ösýän ýurtlarynyň 59 sanysynda, karzlar bütewi içerki önüme bolan gatnaşykdan, 60% ýokarydyr.
3,3 milliard töweregi adam – adamzadyň ýarysy diýen ýaly, häzirki wagtda bilime ýa-da saglygy goraýyş ulgamyna garanyňda, alan bergileriniň göterimlerini tölemek üçin, köp pul harçlaýan ýurtlarda ýaşaýar diýip, BMG-niň hasabatyna aýdylýar.
"Afrikada göterimler üçin sarp edilýän möçber bilimden ýa-da saglygy saklaýyş pudagyna harç edilýäninden ýokarydyr. Aziýanyň we Okean sebitiniň ösýän ýurtlary (Hytaý Halk Respublikasyndan başga) göterimler üçin saglygy goraýyş ulgamyna garanyňdan, has köp serişdeleri paýlaýar. Hut şonuň ýaly-da, Latyn Amerikasynda we Karib adalarynda ösýän ýurtlar maýa goýumlara garanyňda, alan karzlarynyň göterimine köp pul harçlaýarlar. Bütin dünýäde bergi borçlarynyň artmagy ýurtlaryň durnukly ösüşe maýa goýmagyna päsgel berýär" diýip, hasabatyň awtorlary belleýärler.
Bütindünýä bergi hasabatynda 2011-nji ýyldan bäri bergileriniň ýokary derejede bolmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýurtlaryň sanynyň 22-den, 59-a çenli çalt artandygy nygtalýar.
Umumylykda, jemi 52 ýurduň (ösýän ýurtlaryň 40%-i diýen ýaly) agyr bergi kynçylyklary bar diýip, BMG-niň Baş sekretary belledi. Guterrişiň aýtmagyna görä, bergileriň gün-günden artýan paýy hususy kreditorlara, şol sanda ösýän ýurtlara örän ýokary göterimlere pul berýän uly halkara banklaryna degişlidir.
BMG-niň Baş sekretary global bergi bilen baglanyşykly döreýän şeýle ýagdaý kolonial döwrüniň alamatyny görkezip, maliýe sistemasyna ornaşdyrylan könelişen global deňsizligiň netijeleriniň biri diýýär. "Bu sistema sosial goraglylygy üpjün edip bilmejekdigini görkezdi, şeýle hem pandemiýanyň getiren zyýanlaryna, howa krizisiniň weýran ediji täsirlerine we Russiýanyň Ukraina çozmagy sebäpli dörän häzirki garaşylmadyk kynçylyklara hötde gelmekde, horluk çekýän ýurtlara kömek etmegi başarmady" diýip, Gutteriş sözüne goşdy.
Täjigistan ösýän ýurtlaryň hataryna girýär we onuň hem her ýyl daşarky bergisi artyp barýar, sebäbi hökümet daşardan karz bolmasa, ýurtda ykdysadyýetiň käbir pudaklaryny ösdürmek boýunça taslamalary amala aşyrmak mümkin däl diýip hasaplaýar. Diňe 2023-nji ýylda Täjigistan 300 million dollara barabar daşary ýurt karzlaryny çekmekçi bolýar. Munuň üstesine, 2022-nji ýylyň ahyrynda, Täjigistanyň daşarky bergileriň möçberi 3,2 milliard dollara ýetipdi. Ol berginiň 60 göterimi Hytaýyň döwlet eksport-import banky (Eximbank) tarapyndan amala aşyryldy diýilýär.
Täjigistanyň häkimiýetleri Hytaýdan alynýan karzlaryň ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek üçin zerurdygyny öňe sürýärler. Ýöne käbir bilermenler muny "örän howply meýil" hasaplaýarlar hem-de Hytaý ýaly döwlete uly bergileriň bolmagy islendik wagt ýurdy syýasy we geosyýasy tabynlyga getirip biljekdigini duýdurýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.