Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski özüniň möhüm diplomatik tagallalarynyň arasynda Ak tamda prezident Jo Baýden bilen duşuşdy we “rus terroryna” garşy göreşmekde Kiýewe berýän ýardamlary üçin ABŞ liderine minnetdarlyk bildirdi. Baýden öz kärdeşine özüniň dünýäniň Ukrainany goldamagyny üpjün etjekdigini hem-de ABŞ-nyň ösen “Abrams” tanklarynyň ýola düşendigini aýtdy.
Ak tam duşuşygy iki gün Birleşen Milletler Guramasynda çykyş eden Zelenskiniň Süýri kabinetde Baýden bilen duşuşmazdan ozal, 21-nji sentýabrda ABŞ-nyň kongres liderleri bilen hem-de harby ýolbaşçylary bilen duşuşmagyndan soň geçirildi.
Baýden ukrain halkynyň rus çozuşyna garşy alyp barýan “ägirt uly edermenligini” öwdi we “amerikan halky dünýäniň siziň arkaňyzda durmagyny üpjün etmegimiz üçin biziň mümkin bolan ähli zatlary etmegimizi görmegi tutanýerli isleýär” diýdi.
“Biz Ukrainanyň özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine hormat goýýan adalatly we dowamly parahatçylygy goldaýarys” diýip, Baýden aýtdy.
Baýden Russiýanyň sebitde parahatçylygyň “öňünde durýandygyny” we Moskwanyň öňümizdäki gyşy ukrain halkyna garşy “ýarag” hökmünde ulanmaga umyt bildirýändigini aýtdy.
Zelenski Baýdene ukrainalylaryň “rus terroryna garşy söweşmekde Birleşen Ştatlary tarapyndan üpjün edilýän ýardamlara örän minnetdardygyny” aýtdy.
Ol Waşingtonyň ýardamlarynyň gyş paslynda Ukrainanyň gorag mümkinçiliklerini güýçlendirmäge kömek etjekdigini aýtdy.
Ak tam Birleşen Ştatlaryň Ukrainany “möhüm howa-goranyş ulgamlary” bilen üpjün etjekdigini, ýöne onuň Kiýewi höwes bildirilýän “ATACMS” uzak aralyk raketalary bilen häzirki wagtda üpjün etmejekdigini aýtdy.
“Prezident Baýden Ukraina ýardam bermek üçin, şu gün täze harby kömek bukjasyny, şol sanda möhüm howa goranyş mümkinçiliklerini yglan eder” diýip, howpsuzlyk maslahatçysy Jeýk Salliwan žurnalistlere aýtdy.
Salliwan Baýdeniň 300 kilometr aralyga ýetip bilýän “ATACMS” raketalary boýunça edilen haýyşy, häzirlikçe, ret edendigini aýtdy.
Degişli maglumat Zelenski ABŞ-da düýpli gepleşikler geçirýär, polýak premýeri Ukraina ýarag üpjünçiligini kesjekdigini aýdýarDuşuşykdan soňra, Baýden Kiýewe wada berlen kuwwatly “M1 Abrams” tanklarynyň ilkinjileriniň öňümizdäki hepdede Ukraina baryp gowuşjakdygyny aýtdy.
Zelenski biraz öň ABŞ-nyň Wekiller öýüniň liderleri bilen duşuşyp, öz ýurdunyň rus çozuşyna garşy göreşinde, esasan sag tarapda bolan göwünsiz syýasatçylardan goldaw tapmaga synanyşdy.
Respublikan liderler, şol sanda Wekiller öýüniň sözçüsi Kewin MakKarti (Kevin McCarthy) kameranyň öňünde Zelenskini garşylamakdan ýüz öwürdi, ýöne Wekiller öýündäki demokrat lider Hakim Jefris (Hakeem Jeffries) ukrain prezidentini garşy aldy we ony Kapitol binasyna alyp bardy.
Demokrat Kris Mörfi (Chris Murphy) X sosial ulgamynda paýlaşan postunda Senatda ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen duşuşykda Zekenskiniň çykyşyna “häzire çenli iki gezek ör turup el çarpylandygyny” ýazdy.
Ýokary derejeli demokrat Çak Şumer (Chuck Schumer) ukrain lideriniň senatorlara Kiýewiň rus çozuşyndan aman galmak tagallalary üçin mundan-da beýläk harby ýardamlaryň möhümdigini aýdandygyny mälim etdi.
“Eger biz ýardam almasak, biz uruşda ýeňleris” diýip, ol Zelenskini sitirledi.
Zelenski demokratlaryň gözegçiligindäki Senatda geçirilen duşuşygyň yz ýany, žurnalistlere dialogyň örän oňat geçendigini aýtdy.
“Biz size, žurnalistlere, senatorlara bize berýän ýardamlaryňyz, goldawlaryňyz üçin minnetdardyrys” diýip, Zelenski aýtdy.
45 ýaşly ukrain lideri Russiýanyň Ukraina garşy soňky birnäçe hepdäniň iň uly hüjümini amala aşyrmagyndan, birnäçe sebite, şol sanda Kiýew we Lwow şäherlerine, möhüm energetika infrastrukturalaryna raketalar we pilotsyz uçarlar bilen zarba urmagyndan birnäçe sagat soň ABŞ-nyň paýtagtyna bardy.
“Geçen gije, rus terrorçylary ýene agyr hüjüm guradylar. Hususan-da, infrastrukturalara. Raketalaryň aglabasy urlup ýykyldy. Ýöne diňe aglabasy. Ählisi däl” diýip, Zelenski Telegramda ýazdy.
“Has köp howa goragy. Has köp sanksiýalar. Frontdaky ukrain esgerlerine has köp goldaw” diýip. Ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Ukrainada resmiler 21-nji sentýabrda ýerli wagt bilen irden sagat 4:00 töwereklerinde ýurt boýunça howa duýduryşlarynyň berlendigini aýtdy, rus raketalarynyň we dron hüjümleriniň irdenki tolkuny birnäçe şäherleri nyşana aldy.
Degişli maglumat Ukraina Metlitopol, Bahmut töwereklerindäki 'hüjümini' dowam etdirýändigini, dronlaryň urlandygyny aýdýarBirnäçe sagat soň, Ukrainanyň elektrik energiýasy bilen üpjünçilik operatory ýurduň bäş sebitinde elektrik üpjünçiliginiň kesilendigini, rus hüjümleriniň infrastruktura zyýan ýetirendigini aýtdy.
Ilatly merkezlerde, şol sanda paýtagt Kiýewde hem-de Çerkasyda we Hersonda çekilen ýitgiler barada habar berildi.
Kiýewiň ýerli harby administrasiýasy özüniň 20-den gowrak howa nyşanalaryny urup ýykandygyny we birnäçe raketalardan galyndy bölekleriň şäheriň üstüne gaçandygyny aýtdy.
Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçko Darnytsia etrapçasynda ýedi adamyň ýaralanandygyny, ýöne olaryň ölüm howpunyň ýokdugyny aýtdy.
Ukrainanyň merkezi Çerkasy şäherinde on adam rus raketasynyň galyndy bölekleri bilen ýaralandy diýip, Içeri işler ministrligi aýtdy.
Rus güýçleriniň Gara deňziň golaýynda, Dnep derýasynyň boýunda ýerleşýän günorta Herson şäherinde bir umumy ýaşaýyş jaýyna uran zarbasynda on adam heläk boldy we bäş adam ýaralandy diýip, ýerli resmiler aýtdy.
Ukraina öz güýçleriniň 21-nji sentýabrda Russiýanyň Krymdaky Saky howa bazasyna zarba urandygyny aýtdy, ýöne Moskwanyň bellän resmileri bu öňe sürmäni ret etdi.
Ukrainaly bir aňtaw çeşmesi “Roýters” habarlar agentligine bu hüjümiň “nyşana zarba urandygyny” we ol ýerdäki enjama “agyr zyýan ýetirendigini” aýtdy.
Ukraina geçen ýyl 9-njy awgustda bu howa bazasyna hüjüm amala aşyrandygyny aýdypdy.
Bu hüjümde azyndan dokuz sany harby uçar, şol sanda Su-30M söweş uçary we Su-24M bombalaýjysy weýran edilipdi.
Krymyň Russiýa tarapyndan bellenen ýolbaşçysy şonda bir adamyň ölendigini aýdypdy. Harby bazada içinde ok-däri sanklanylýan bolmagy ahmal bolan birnäçe bina hem weýran edilipdi.
Degişli maglumat NATO-nyň başlygy Russiýanyň Ukraina garşy urşunyň ýakynda gutarmajakdygyny çaklaýar21-nji sentýabrda irden Russiýa özüniň Krymda 19 sany pilotsyz uçary urup ýykandygyny aýtdy. Bu hüjümler Russiýa tarapyndan basylyp alnan ýarymada garşy edilýän howa hüjümleriniň nobatdakysy ýaly bolup görünýär.
Russiýanyň Goranmak ministrligi geçen gije käbir sebitlerde partlama sesleriniň eşidilendigini aýtdy, pilotsyz uçarlar Krymyň demirgazyk, günbatar we merkezi sebitlerine hüjüm etdi. Ministrlik adam ýitgileri barada habar bermedi.
Ukrain güýçleri anneksiýa edilen Krymda soňky aýlarda dron we raketa hüjümlerini ýygjamlaşdyrýan ýaly bolup görünýär. Russiýanyň Gara deňiz floty hem Krymda ýerleşýär.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy agyr söweşleriň barýan ýerinde taraplaryň hiç haýsynyň öňe sürmesini garaşsyz ýagdaýda tassykladyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.