Russiýanyň möhüm ýygnanyşygyň başlanmagynyň birnäçe sagat öňünden Kiýewe we Odesa kamikadze pilotsyz uçarlarynyň täze tolkunyny ibermegi bilen, Ak tam ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň Litwada geçirilýän iki günlük sammitde Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen duşuşjakdygyny yglan etdi.
Ak tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Jeýk Saliwan 11-nji iýulda, sammitiň öňüsyrasynda Wilniýusda eden çykyşynda Baýden bilen Zelenskiniň ertir duşuşyp, ABŞ-nyň öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde... Ukraina özüni goramak we geljekdäki agressiýalaryň öňüni almak üçin nähili uzak möhletli kömek bermäge taýýarlanmagy, bu ugurda nähili borçnamalary üstüne almagy barada maslahatlaşjakdygyny aýtdy.
Sammitde NATO-nyň Ukraina Russiýanyň agressiýasyndan goranmakda mundan aňryk berjek harby goldawy we Kiýewiň bu ýaranlyk bilen geljekdäki gatnaşyklary, şol sanda agzalyk perspektiwalary hem ara alnyp maslahatlaşylar.
Prezidentiň geňeşçisi Mihailo Podolýak 11-nji iýulda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Zelenski bilen Baýdeniň Ukraina berilýän harby kömegi tizleşdirmek mümkinçilikleri, şol sanda uçar we uzak aralyga ýetýän raketalar barada hem gürleşjekdigini aýtdy.
Ak tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Jeýk Saliwan 11-nji iýulda Wilniýusda eden çykyşynda NATO-nyň Ukrainanyň ahyr netijede ýaranlyga goşulmagy üçin reforma ýoluny hödürlejekdigini aýtdy, ýöne agzalyk meselesindäki "wagt tertibini" agzamady.
NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg bolsa, 11-nji iýulda Wilniýusda eden çykyşynda, ikitaraplaýyn howpsuzlyk kepillikleri bilen birlikde, Ukrainanyň "agzalyk ýodasy babatynda oňyn habar" aljakdygyny aýtdy.
Şeýle-de, Stoltenberg ýaranlaryň agzalyk hereketi plany (MAP) talabyny - beýleki gündogar Ýewropa ýurtlarynyň bileleşige girmezinden ozal durmuşa geçirmeli syýasy, ykdysady we harby maksatlar sanawyny ýatyrmak meselesinde ylalaşmalydygyny aýtdy.
"Biz 2008-nji ýylda indiki ädimiň agzalyk hereketi plany boljakdygy baradaky karara gelenimiz bäri Ukraina uzak ýol geçdi. Ukraina NATO-a has ýakyn geldi, şonuň üçin, meniň pikirimçe, muny NATO-nyň kararlarynda görkezmegiň wagty geldi" diýip, Stoltenberg aýtdy.
Zelenski 10-njy iýulda günbatar ýaranlaryndan ýene öz ýurdunyň NATO agzalyk perspektiwalary barada "açyk yşarat" sorady.
"Ukraina ýaranlyga girmäge mynasyp. Häzir däl, sebäbi häzir bu ýerde uruş barýar, ýöne açyk yşarat gerek we bu yşarat edil häzir gerek" diýip, Zelenski twitterde ýerleşdirilen wideo habarynda aýtdy.
Kiýewe 11-nji iýul güni irden edilen pilotsyz uçar hüjümi şu aýdaky ikinji hüjüm bolup, Ukrainanyň howa goragçylary tarapyndan umuman yza serpikdirildi we deslapky kesgitlemelere görä, ownuk-uşak zyýan ýetirdi.
"Kiýew tarapa ugur alan howa nyşanalarynyň ählisi howa goragy güýçlerimiz tarapyndan ýok edildi" diýip, ukrain paýtagtynyň harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Popko telegramda aýtdy.
Gara deňziň boýundaky Odesa şäherine gönükdirilen iki dron portdaky dolandyryş binasyna gelip urdy we galla terminalynyň ot almagyna sebäp boldy diýip, sebit häkimi Oleh Kiper telegramda aýtdy. Ol ýangynyň derrew öçürilendigini we “düýpli zyýan” ýetirmändigini, ýaraly bolanyň ýokdugyny hem sözüne goşdy.
Ukrainanyň howa goragçylary özleriniň Russiýa tarapyndan uçurylan 28 dronyň 26 sanysyny urup gaçyrandyklaryny, olaryň ählisiniň Eýranda öndürilen “Şahed” pilotsyz uçarlary bolandygyny habar berdiler.
Ukrainanyň Içeri işler ministrligi urlup ýykylan pilotsyz uçarlaryň galyndylarynyň Kiýew töwereklerinde penjireleriň döwülmegi ýaly ownuk-uşak zaýaçylyga sebäp bolandygyny aýtdy.
ABŞ-daky Uruşlary öwrenýän institutyň (ISW) aýtmagyna görä, söweş meýdanynda söweşýän ukrain goragçylary günortadaky ilerlemlerini dowam etdirýärler we, garşylykly hüjümiň bäş hepdesinde ukrain goşunlarynyň azat eden ýerleri rus goşunlarynyň alty aýda ele geçiren ýerlerine barabar boldy.