Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň ýaýlymlaryndaky ýurtlardan, haýran galdyryjy şekiller
Ukrainanyň Milli harby-syýasy (skaut) guramasy "Plastyň" agzalary Kiýewde, "Dünýäniň Beýtullaham ýagtylygy" dabarasynyň dowamynda, Beýtullaham oduny paýlaýar.
Kiýewiň ýaşaýjysy Nadýa Matwiýenko Russiýanyň Kiýewe uran raketa hüjüminde zaýalanan jaýynyň döwlen penjiresini arassalaýar.
Moskwada Täze ýyl we Roždestwo baýramçylyklary mynasybetli möwsümleýin bezeg işleriniň çäginde döredilen ak aýylarynyň ýagty heýkelleri ýerleşdirildi.
Bahmut şäheriniň golaýynda ukrain minomýotynyň işi.
Saraýewoda Palestina halkyny goldamak üçin geçirilen ýygnanyşykda, protestçiler Palestinanyň baýdaklaryny salgaýarlar.
Owganystanyň çaý satyjysy Kabulyň etegindäki Karga kölüniň ýakasynda, alyjylary gözleýär.
Pakistanly ussa Zahid Ali Peşawardaky ussahanasynda, owadan agajy oýup, haýwanlaryň şekilini ýasaýar.
Wengriýanyň "Ujratervezes" (“Gaýtadan işleniş”) guramasynyň aktiwisti Budapeşt aeroportynda, Wengriýanyň hökümetiniň garaşylýan resmi otagyna girelgesiniň öňünde, "Orbán" diýen ýazgyly rus harby eşigini saklap dur.
Işçiler Sofiýada Sowet goşunynyň ýadygärliklerini sökmek üçin, onuň töwereginde sütün taýýarlap ýörkäler, bir adam "Russiýa Bolgariýadan git" diýen ýazgyny göterip dur.