Ahmad Boriz: "Talyban" hökümetiniň köp bölegi mollalardan ybarat

Ahmad Boriz

"Talyban" hökümeti näçe wagt dowam eder? Milli garşylyk frontuna geljekdeme garaşýar? Jeňçiler näme üçin Owganystanyň Badahşan sebitinde mesgen tutdular? Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň şu we beýleki soraglaryna Oksford uniwersitetinde Owganystanyň we Merkezi Aziýanyň Strategiki barlaglary merkezini esaslandyryjysy Ahmad Boriz jogap berýär.

Ol birnäçe wagt mundan öň Täjigistana bolupdy, onuň bilen interwýu oktýabr aýynyň başynda ýazyldy.

Оzоdi Radiosy: Häzir "Talybanyň" we beýleki ekstremist toparlaryň pikirleri Täjigistanyň käbir ýaşlaryny özüne çekýär. Ýaşlaryň ol pikirler bilen gyzyklanmagynyň sebäpleri nämede?

Ahmad Boriz: Täjigistanda fundamentalizmiň ýüze çykmagynyň sebäplerine göz ýetirmek üçin, aýratyn duşuşmak we meseläni ara alyp maslahatlaşmak zerur. Gysgaça aýdanyňda, esasy sebäp Merkezi Aziýa döwletleriniň Sowet Soýuzyna degişli bolan ýetmiş ýylyň dowamynda, bu ýurtlarda däp bolan yslam dini rehimsizlik bilen basylyp gelindi. Garaşsyzlygyny gazanandan soň, bu döwletlerde yslam dini ýene-de aktiw ösüp başlady. Meniň teklibim şeýle, däp bolup gelen yslamyň parahatçylykly ösmegine we dowam etmegine ýol bermek üçin, ündew täsirlerini ele alyp, ekstremist yslam hereketlerine ýol bermeli däl.

Оzоdi Radiosy: Owganlylaryň "Talybana" garşy göreşi barada näme pikir edýärsiňiz? Olar kimler, nähili maksat astynda jemlenýärler, olaryň hyzmatdaşlygynyň esaslary nämede?

Ahmad Boriz: Häzir Owganystan iki fronta bölündi – ekstremistleriň topary we demokratik meýilli adamlaryň topary. Emma gynansak-da, köp faktlaryň subut edişi ýaly, ekstremist front aýry-aýry ýurtlar tarapyndan goldanylýar. Demokratiýany goldaýan frontuň tarapdarlary, saýlawlary geçirmegi isleýänler bolsa gowşak we bölek-bölek boldular. Şol bir wagtda, gynansak-da, olaryň hatarynda agzybirlik ýok.

Talyban” näçe wagt saklanyp biler?

Оzоdi Radiosy: Siziň pikiriňizçe, Owganystanyň häzirki ýagdaýynda, "Talyban" ýene-de näçe ýyl häkimiýetde saklanyp biler?

Ahmad Boriz: Owganystan – aýratyn bir ýurt, ol düzgünden daşarda, onuň geljegini öňünden kesgitlemek örän kyn. Aslynda "Talyban" döwleti dolandyrmak üçin döredilmändi, olaryň hökümet dolandyrmaga mümkinçiligi ýok. Häzirki wagtda Owganystan hökümetindäki "kürsüleriň" 95 göteriminden gowragyny paştu dilinde gepleýän mollalar eýeleýär, siz paştu dilinde gürleýän bilimli adamy tapyp bilmersiňiz. Hökümetde dört ýa-da bäş “kürsini” milleti puştun bolmadyk adamlar eýeleýär, ýöne olar hem mollalardyr. "Talyban" Owganystanda mollalar düzgünini girizmek boýunça bir synag geçirmegi maksat edinýär. Dünýäde ähli emeldarlary mollalardan düzülen döwleti dolandyryş tejribesi ýok; daşary işler ministrinden başlap, howpsuzlyk ministrine çenli; goranmak ministrinden sport ministrine çenli we beýleki edaralaryň ählisi, bir söz bilen aýdanyňda, hemmesi. Owganystandan we daşary ýurtlardan bolan bilermenleriň ählisi "Talyban" gysga möhletli topar diýen netijä gelýärler. Emma olar häkimiýetde näçe wagt bolar hem-de ekstremistler bilen demokratlaryň arasyndaky çaknyşyk näçe wagt dowam eder – bu dünýäde bolup geçýän beýleki global wakalara bagly bolar.

Meniň pikirimçe, "Talyban" üçin ýene bir örän kyn ýagdaý, Owganystanda olaryň baýdagynyň aşagynda hereket edýän 22-den gowrak terror toparyň barlygydyr. "Talyban" Owganystanda hereket edýän "Al-Kaýda", täjikleriň "Ansorulloh", özbekleriň "Özbegistanyň yslam hereketi", Hytaýdan bolanlaryň "Gündogar Türkestan", eýranlylaryň “Jundulloh” ýa-da Pakistandan bolan Buluç Milli hereketi ýaly toparlara gözegçilik edip biljekdigine güwälik barmy? Meniň pikirimçe, bu mümkin däl. Iru-giç bu toparlaryň biri öz wagtynda Täjigistana hüjüm edişleri ýaly, hökman Owganystanyň çäginden çykar. Owganystandaky bu toparlaryň ählisiniň-de halkara howandarlary bar. Meniň pikirimçe, häzir Owganystan islendik wagt partlap biljek bomba meňzeýär. Bu bombanyň partlamagy global wakalara we proseslere gözegçilik edýän oýunçylaryň islegine baglydyr.

Ýöne bu ýerde başga-da bir şert bar, ýagny Owganystan we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň köpüsi köp sebäplere görä, dini fundamentalistleri kabul edenler boldy. Bu ýagdaý, meniň pikirimçe, eger olar dogry işleşip bilseler, "Talyban" toparyna häkimiýetde biraz uzaga çekmäge mümkinçilik berýär.

Оzоdi Radiosy: Owganystandaky Garşylyk frontunyň geljegini nähili görýärsiňiz? Olaryň köpelmegine ýa-da olaryň ýolunda böwet döremegine näme päsgel berip biler?

Ahmad Boriz: Meniň öňde-de aýdyşym ýaly, esasy dünýä oýunçylary Owganystanda häzirki ýagdaýyň saklanyp galmagyny isleýärler. Şeýle-de, olar ol ýurtda hiç hili uruş hereketlerini goldamaýandyklaryny yglan edýärler. Häzirki ýagdaýa täsir edýän ikinji pursat, bu sebitde "Talyban" bilen haýsydyr bir ýol arkaly hyzmatdaşlyk edýän, şol wagtda-da Garşylyk fronty bilen aragatnaşyk saklaýan ýurtlar bar.

Оzоdi Radiosy: Siz haýsy ýurtlary göz öňünde tutýarsyňyz?

Ahmad Boriz: Men Russiýa we Eýrany göz öňünde tutýan. Ahyrsoňy olaryň syýasaty ikiýüzli kadalaryň syýasatyna öwrüldi. Olar ilçileri kabul edýärler, ýöne "Talybany" resmi taýdan ykrar etmeýärler. Şol bir wagtda, olar Milli garşylyk fronty bilenem gatnaşyk saklaýarlar. Olar "Talybanyň" hemişelik esasda ynanylyp bilinjek topar däldigine düşündiler. Iň esasy zat bolsa, islendik daşary ýurt döwletlerine garanyňda, "Talyban" toparynyň özlerine has köp zyýan ýetirmegidir. Dört sany punktdan ybarat bolan Doha ylalaşygynyň esasy iki sanysyny ýerine ýetirmediler.

Birinjiden, ähli halklara dahylly hökümetiň döredilmegi. Bu esasly ylalaşykdyr, onuň esasynda "Talybany" halkara kazyýetinde jogapkärçilige çekip bolar. Ikinji pursat – "Talybanyň" daşary ýurt ekstremistleri we terror guramalary bilen hyzmatdaşlygy bes etmek barada beren wadasy, olar muny hem ýerine ýetirmediler.

"Talybanyň" içinde 22-den gowrak terrorçy we ekstremist toparyň hereket edýändigi barada, halkara guramalary-da, žurnalistler hem habar berýärler. Biziň "Talyban" bilen garşy durmakda, birnäçe frontumyz bar, umuman, halkyň "Talybanyň" hereketlerinden närazylygy olaryň uzak wagtlap Owganystanda galmajagyna esas döredýär.

Jeňçiler näme üçin Badahşanda ornaşdylar?

Оzоdi Radiosy: DAIŞ-iň we beýleki terror toparlaryň öňki jeňçileriniň birnäçesiniň Owganystanyň Badahşan sebitinde ornaşandygyny subut edýän deliller bar. Olar näme üçin şol ýeri saýlaýarlar?

Ahmad Boriz: Badahşan welaýaty geçmesi kyn bolan daglyk sebitde ýerleşýär. Ol radikal toparlar üçin, howpsuz ýere öwrülip biler. Ikinjiden, Badahşan birnäçe döwlet – Täjigistan, Hytaý hem Pakistan bilen serhetleşýär. Geçmişde welaýatyň çäginde "Talyban" we beýleki toparlar işjeň hereket edipdirler.

Hut şol aýratynlyk – Badahşanyň birnäçe ýurtlara ýakynlygy geopolitik oýunçylaryň "oýunlaryna" öwrülip biler. Täjigistanyň hökümeti «Ansorulloh» jeňçileriniň arasynda, täjik raýatlarynyň köpdügini anyk bilmeli. Ýeri gelende aýtsak, bu topar ýaňy-ýakynda adyny «Täjigistanyň Yslam Emirligi» diýip üýtgetdi. Olar bu sebitde ençeme ýyldan bäri hereket edýärler, olaryň umumy dili bar. Olar serhetdäki "açyk" bölekler arkaly aňsatlyk bilen Täjigistana geçip bilýärler, esasanam gyşda, derýa doňup, buz bilen örtülen wagty.

Оzоdi Radiosy: Köpmilletli hökümet düzmek baradaky halkara jemgyýetçiliginiň talaplary babatynda, "Talybany" garşydaşlary bilen gepleşiklere başlamaga haýsy sebäpler mejbur edip biler?

Ahmad Boriz: Häzirki günde halkara jemgyýeti şeýle gepleşiklere ýiti isleg bildirip baranok, aýratyn-da Owganystanyň öňki ýolbaşçylary. Sebäbi olar bu ýolbaşçylaryň şowsuzlyga uçrandygyna ynanýarlar. Ýurtda talyplar özlerini ýeňiji hasaplasa-da, ähli halkara bilermenleriniň pikirine görä, bu häkimiýetiň ele salynmagy däl-de, ýaşyryn ylalaşykdy, şonuň üçin hem "Talyban" bary-ýogy iki hepdäniň içinde, bütin Owganystany öz ygtyýaryna geçirip bildi.

Owganystandan döräýjek howplar näme?

Оzоdi Radiosy: Siziň pikiriňizçe, häzirki wagtda Owganystandan Täjigistan üçin nähili howp döräp biler?

Ahmad Boriz: Täjigistanyň iň çynlakaý howpy – bu goňşy ýurtda hem maliýe, hem-de harby ukyplary bolan 22 sany radikal toparyň bolmagydyr. Jeňçileriň aglaba bölegi dini fundamentalistler, hususan-da Owganystandaky täjik ekstremistleridir. Olaryň köpüsi DAIŞ-iň hatarynda boldular. Olar Emomali Rahmonyň syýasatyna garşy bolansoň, Täjigistana uly howp salýar.

Muny ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin, sebitiň ähli ýurtlarynyň, şol sanda Täjigistanyň hem "Talyban" bilen başga, syýasy däl özara gatnaşyklary bar. Mysal üçin, söwda – Täjigistan häzire çenli-de "Talybana" öz elektrik energiýasyny satýar. «Şerhan Bandar» gözegçilik-barlag nokadyndan söwda ýollary hem geçýär. "Talyban" metbugat arkaly Owganystanyň goňşy ýurtlara howpsuzlygy bozjak hiç bir ýagdaýa ýol bermejekdiklerini aýdýar. Emma "Talyban" ekstremist toparlary özüne alansoň, bu sözleriň ygtybary bolmaýar, olarda maksatlaryna ýetmek üçin zerurlyk ýüze çyksa, köp meselede talyplara gulak asmaz.

Оzоdi Radiosy: Talyplar Koştepa kanalynyň gurluşygynyň birinji tapgyryny tamamlandyklaryny aýtdylar. Bu başlangyç sebit üçin kynçylyk döredýärmi? Eýsem geljekde sebitde dartgynlylyga sebäp bolup bilermi?

Ahmad Boriz: Amyderýa Owganystany Merkezi Aziýanyň ýurtlaryndan bölýär. Men mundan öň SSSR döwründe birnäçe duşuşyklar geçirilip, onda Amyderýanyň suwlaryny bölmegiň resmi düzgünleri barada, mesele goýlandygyny okapdym, ýöne ol maslahatlara Owganystan çagyrylmandy. Ýüz ýyl ýa-da ondan hem köp wagt bäri aşak akymdaky ýurtlar Amyderýanyň suw resurslaryndan has köp peýdalanýar. Aslynda bu ýerde hakykat nämede? Täjigistan we Owganystan ýokary akymdaky ýurtlardyr. Bu derýanyň akymynyň 30% golaýy Owganystanyň daglarynda emele gelýär, galanlary bolsa Täjigistanda. Halkara düzgünleri we kanun aktlary suwdan peýdalanmak babatda, ýokarky akymdaky ýurtlara artykmaçlyklary üpjün edýär. Koştepa kanaly baradaky jedelli mesele "Talyban" bilen bagly bolmaly däldir.

Bu Owganystanyň ilkinji prezidenti Muhammad Dawud Hanyň amala aşmadyk taslamasydy. Kanalyň taslama-inženerçilik işleri Hamid Kerzeý we Aşraf Ganiniň döwründe-de işlenildi, soňra "Talyban" häkimiýete gelip, ony durmuşa geçirmäge başlady, şonuň üçinem oňa "Talybanyň" proýekti diýip bolmaz. Biziň goňşularymyz "Talybandan" seresap bolýandyrlar, ýöne Koştepa kanalyndan däl.

Owganystan nämälim bela-beterlerden dynar diýip umyt edýärin, biziň durnukly hökümetimiz bolar hem biz Eýran bilen suwlary paýlaşmak barada ylalaşyga gelşimiz ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlary bilenem Amyderýanyň suwlaryny agzalalyk bolmazdan, dawasyz ulanmagyň hukuk düzgüni barada ylalaşyga geleris. Biz suw meselesi boýunça, Pakistan bilen heniz ylalaşyga gelmedik. Owganly hökmünde men çaknyşygyň tarapyny tutmaýaryn we biziň umumy suwlary ulanmak düzgünlerine eýermegimizi isleýärin. Her bir ýurt bolsa, düzgün boýunça özüne degişlisini almalydyr.

53 ýaşly Ahmad Boriziň asly Owganystanyň Badahşan welaýatyndan, häzir Beýik Britaniýada ýaşaýar. Ol Kabul uniwersitetini we Täjigistanyň Milli uniwersitetini tamamlady. 2020-nji ýylyň martynda, «Owganystanda döwletliligiň döredilmegi we ösmegi» diýen temadan, doktorlyk dissertasiýasyny gorady. Öňki diplomat, häzir bolsa Oksforddaky Owganystanyň we Merkezi Aziýanyň Strategiki barlaglar merkeziniň ýolbaşçysy. Şeýle hem Beýik Britaniýadaky Möwlana Jelaliddin Balhy Gaznasynyň başlygy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.