16-njy iýunda Ukrainanyň paýtagtyna täze rus howa zarbalary amala aşyryldy. Bu waka, öten gije Ukrainanyň birnäçe sebitine dron we kruiz raketa hüjümleriniň ençemesi amala aşyrylandan soň, ýokary derejeli afrikaly delegasiýanyň parahatçylyk missiýasy bilen paýtagt Kiýewe gelen mahalyna gabat geldi.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen gepleşikleri geçirmegine garaşylýan delegasiýa Kiýewiň demirgazyk-günbataryndaky Buça şäherine baryp, Ukrainanyň geçen ýylyň martynda gaçyp barýan rus esgerleri tarapyndan amala aşyrylandygyny aýdýan, parahat ilatdan ýaşaýjylaryň köpçülikleýin öldürilen ýerine baryp görende howa hüjümi duýduryşlary ýaňlandy.
Günorta Afrikanyň, Senegalyň, Zambiýanyň, Komor adalarynyň we Müsüriň resmileri hüjümlere garamazdan saparlaryny dowam etdirjekdiklerini aýtdylar.
Kiýew rus güýçleriniň basyp alan territoriýalaryny yzyna almak üçin köpden bäri garaşylýan garşylyklaýyn hüjümi amala aşyryp başlan mahaly, Moskwa Ukraina garşy howa hüjümlerini güýçlendirdi.
Ukrainanyň howa gorag gullugy paýtagtyň üstünde 12 sany raketany - alty sany gipersonik “Kinžal” (Dagger) raketasyny we alty sany “Kalibr” kruiz raketasyny urup gaçyrandygyny aýtdy.
"Kiýewe köpçülikleýin utgaşdyrylan howa zarbalary amala aşyrylýar. Duşman bir wagtyň özünde ballistik raketalary, kruiz raketalaryny we pilotsyz uçarlary ulandy... Häzirki wagtda ýitgiler ýa-da heläkçilikler barada maglumat ýok" diýip, Kiýewiň harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Popko Telegramda paýlaşan maglumatynda aýtdy.
Degişli maglumat Russiýa Ukrainanyň Dnipropetrowsk sebitine ýene-da zarba urdyKiýewiň şäher häkimi Witali Kliçko hem Telegramda paýlaşan maglumatynda pidalar ýa-da ýeten zyýan barada entek habar ýok diýip, paýtagtyň Podilsk etrabynda eşidilen güýçli partlamalaryň "howa goragynyň işidigini" aýtdy.
Günorta Afrikanyň prezidenti Kiril Ramaphosanyň ýolbaşçylygyndaky Afrika delegasiýasy parahatçylyk missiýasy bilen 16-njy iýunda Kiýewe geldi. Delegasiýa bu missiýanyň çäginde Wladimir Putin bilen gepleşikleri geçirmek üçin Sankt-Peterburg şäherine hem barar.
Dänäniň bahasynyň ýokarlanmagy we Russiýanyň Ukrainadaky söweşiniň dünýä söwdasyna ykdysady täsiri Afrika kontinentine ýiti täsir etdi.
Delegasiýanyň Russiýa saparynyň öňüsyrasynda, Kreml 16-njy iýunda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň gepleşiklere “açykdygyny” aýtdy.
"Prezident Putin, ukrain meselesini çözmegiň mümkin ssenarilerini ara alyp maslahatlaşmak üçin islendik gatnaşyga açykdy we açyk” diýip, "Interfaks" Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň sözlerini sitirledi.
Emma Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba Kiýewe 16-njy iýunda amala aşyrylan howa zarbalarynyň delegasiýa Russiýanyň haýsydyr bir parahatçylyk gepleşiklerine çynlakaý garamaýandygy barada “yşarat” bolandygyny aýtdy.
Ukrain harbylarynyň maglumatyna görä, öten gije Russiýa Ukrainanyň birnäçe sebitine raketa we dron hüjümlerini amala aşyrdy.
Düýn Herson sebitine edilen rus zarbasynda iki adam öldi we başga-da iki adam ýaralandy diýip, sebitiň harby administrasiýasynyň başlygy Oleksandr Prokudin Telegramda paýlaşan maglumatynda aýtdy.
Donetsk sebitine edilen rus zarbasynda parahat ilatdan 10 ýaşaýjy ýaralandy diýip, sebitiň gubernatory Pawlo Kyrylenko belledi.
Rus hüjümleri Dnipropetrowsk we Harkiw sebitlerinde raýat infrastrukturasyna zeper ýetirdi diýip, ýerli resmiler aýdýarlar.
Ukrain harbylarynyň maglumatyna görä, Ukrainanyň howa goranyş gullugy 20 sany pilotsyz uçary urup gaçyrdy.
Ukrain goşunynyň Baş ştabynyň gündelik hasabatynda rus güýçleriniň Donetskdäki ukrain pozisiýalaryna hüjüm etmegini dowam etdirýändigi we öz tagallalaryny soňky bir günüň dowamynda 30-dan gowrak söweş çaknyşygy bolan Laýman, Bahmut, Awdiýewka we Maryinka sebitlerine gönükdirýändigi aýdylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.