ABŞ-nyň Ukraina üçin $61 milliardlyk harby kömek bukjasy. Oňa nämeler degişli?
Mina çydamly sowutly söweş maşynlary (MRAP)
Gijelikdäki görüş enjamlary
Göterip bolýan Stinger howa goranyş ulgamlary
60 millimetrlik minomýot oklary
AIM-9 kysymly ugrukdyryp bolýan howa hüjümlerine garşy ulanylýan Sidewinder raketalary
Atyjy ýaraglar we olaryň goşmaça söweş enjamlary, şol sanda dronlary ýok etmek üçin, 50 millimetrlik oklar.
155 millimetrlik artilleriýa snarýadlary
El bilen tanka garşy ulanylýan AT4 kysymly ýeke hereketli granat atyjy
Ýokary derejede hereket ediji, köp maksatly tigirli (HMMWV) maşyn, oňa sadaja "Hamwi” diýilýär.
Bradli kysymly gury ýer goşunlarynyň söweş ulaglary
105 millimetrlik artilleriýa snarýadlary
Tapgyrlaýyn raketa atyş ulgamy HIMARS üçin söweş enjamlary
Ýokary takyklykdaky awiasiýa söweş raketalary
ABŞ nähili ugrukdyryjy ýaraglary berjekdigini takyk bildirmedi. Bu suratda AGM-123A Skipper II kysymly lazer ugrukdyryjysy bolan raketa görkezilýär.
Tanka garşy ulanylýan minalar
Minalaryň görnüşleri takyk bellenilmeýär. Bu suratda M15 tanka garşy minalar ýygnalýar.
Tanka garşy TOW raketa toplumy
Howa hüjümine garşy gämiden raketa atyjy Deňiz Sparrow toplumy
Inženerçilik söweş enjamy
Aerodrom üçin kömekçi enjamlar
Enjamlaryň görnüşleri açyk aýdylmaýar. Bu suratda ABŞ-nyň Howa güýçleriniň uçarlaryna elektrik we gysylan howany üpjün ediji enjam görkezilýär.
Elde göçürip bolýan tanklara garşy ulanylýan Jawelin toplumy
Ýük göçüriji awtomobil ulaglary
Ulaglaryň haýsy modelleriniň beriljekdigi bellenilmeýär. Bu suratda LVSR toparyndan bolan ýük maşyny görkezilýär.
Pyýada goşuna garşy ugrukdyryp bolýan minaralar
ABŞ-nyň 24-nji aprelde yglan eden ýaraglar paketinde "meýdanda toplanylýan enjamlar, tälim ok-därileri we beýleki goldaw beriji enjamlar" hem bar.