"Abrams" tankynyň taryhy
"M1A1 Abrams" tanklary 2021-nji ýylyň 26-njy martynda Latwiýanyň Adazi şäherinde geçirilen NATO harby-tälim türgenleşigine gatnaşýar.
Moskwa Ukrainany tanklar bilen üpjün etmegiň "aç-açan prowokasiýa" boljakdygyny aýtdy.
"M-1A1 Abrams" esasy söweş tanklarynyň iki sanysy 1991-nji ýylyň 24-nji fewralynda "Çöl tupany" operasiýasynyň birinji tapgyrynda çölüň üstünden geçýär. "M1 Abrams" 1980-nji ýylda ulanyşa berlen bolsa-da, onuň ilkinji söweş tejribesi "Çöl tupanynda" bolupdy.
1999-njy ýylyň 12-nji maýynda "Rinas" howa bazasynyň daşynda, Kosowa konflikti wagtynda NATO-nyň alyp baran operasiýalarynyň bir bölegi bolan "M1 Abrams" tankynyň öňünde albaniýaly bir aýal ýüň egirýär.
"M1 Abrams" 62 tonna golaý agramy bilen ulanyşdaky iň agyr tanklaryň biridir. Onuň dört adamdan ybarat bolan ekipažy (serkerde, ýaragçy, ýük göteriji we sürüji) bar.
2003-nji ýylyň 16-njy fewralynda Kuweýtde Birleşen Ştatlaryň Deňiz Korpusynyň Grizzly lagerinde ABŞ Deňiz Korpusynyň ätiýaçdaky işgärleri "M1A1 Abrams" tankynda özleriniň "Jolly Rogerini" galgadýarlar.
"Abrams" tanklary dürli täzelenmek proseslerini başdan geçirdiler we netijede olaryň M1, M1A1 we M1A2 görnüşleri emele geldi. Olaryň her birinde ýarag, gorag we elektronika ulgamlary kämilleşdi.
ABŞ-nyň Deňiz Korpusynyň "M1A1 Abrams" tanklary 2004-nji ýylyň 24-nji iýunynda Yragyň Falluja şäherinde ýerleşýän esasy ulag gözegçilik nokadynyň golaýyndaky ok atyşyk wagtynda goranyş pozisiýasyny eýeleýärler.
"Abrams" tanklaryň eksportlyk görnüşini Awstraliýanyň, Müsüriň, Yragyň, Kuweýtiň, Polşanyň we Saud Arabystanynyň goşunlary ulanýarlar.
ABŞ Deňiz Korpusynyň "M1A1 Abrams" tanky 2004-nji ýylyň 1-nji iýulynda Fallujadaky harby gözegçilik nokadynyň golaýyndaky ýoldan tizlik bilen geçýär.
ABŞ goşunynda dürli görnüşdäki "Abrams" tanklarynyň 2 müň 509 sanysynyň bardygyna we başga-da 3 müň 700 sanysynyň ammarda saklanylýandygyna ynanylýar.
2011-nji ýylyň 2-nji fewralynda Owganystanyň Helmand welaýatynda ýerleşýän "FOB Edinburg" bazasynda ABŞ-nyň deňiz güýçleriniň işgäri "M1 Abrams" tankyna ýangyç guýýar.
Häzirki "M1A2 Abrams" tanklary asfaltlanan ýollarda sagatda 72 km tizlige we asfaltlanmadyk ýollarda sagatda 48 km tizlige çenli ýetip bilýär. Onuň hereketlendirijisi uçar ýangyjyny, benzini, dizel we deňiz dizeli ýaly dürli ýangyjy ulanyp bilýär.
2017-nji ýylyň 25-nji fewralynda yrak güýçleriniň "M1 Abrams" tanky Yragyň Mosul şäherine tarap ilerleýär. Şonda yrak güýçleri sebitiň gözegçiligini "Yslam döwleti" (YD) toparyndan yzyna almaga çalyşýardy.
2018-nji ýylyň 29-njy martynda ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Fort Stýuart şäherinde geçirilen türgenleşikler wagtynda "M1A1 Abrams" tanky ot açýar.
Tank serkerdesi "Browning .50 cal. (12.7mm) M2HB" agyr ýaragly zenit ýaragy we iki sany "7.62mm M240" pulemýot bilen birlikde, "120 mm Rheinmetall M256A1" ýylmanak nilli esasy ýaragy dolandyrýar.
2020-nji ýylyň 21-nji fewralynda Germaniýanyň Bremerhawen şäherinde harby işgärler "M1 Abrams" tanklaryny düşürýärler.
ABŞ-nyň Ýewropadaky gury ýer güýçleriniň öňki serkerdesi Mark Hertling, Germaniýada öndürilen "Leopard 2" tanklarynyň mart aýynda Ukrainanyň söweş meýdanyna baryp biljekdigini, has köp logistika goldawyna mätäç ABŞ tanklarynyň bolsa Ukraina barmagynyň sekiz aýdan gowrak wagta çekip biljekdigini çaklady.