Maryda mejbury abuna ýazylmak talaplary güýçlenýär

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Mary welaýatynyň býujet edaralarynda üstümizdäki ýylyň ikinji ýarymy üçin döwletiň eýeçiligindäki gazet-žurnallara mejbury abuna ýazylmak talaplary artýar. Söz we metbugat azatlygyny berk çäklendirmekde tankyt edilýän türkmen häkimiýetleri neşirleriň esasan onlaýn görnüşlerine ýazylmagy soraýarlar. Býujetçiler agyr ykdysady krizisiň arasynda goşmaça çykdajylaryň özleriniň gün-güzeran aladalaryna urgy bolýandygyny aýdýarlar.