Köne we täze diasporalar: Mejbury migrasiýa, meýletin göçe-göçlük (2-nji bölüm)

Illýustrasiýa suraty.

Dünýä Türkmenleriň bu sanynda Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally diasporalar baradaky pikir garaýyşlaryny diňleýjilerimiz bilen paýlaşýar.

Gepleşigimiziň geçen sany global diasporalara ser aýlady, köpçülikleýin migrasiýanyň sebäplerini seljermäge çalyşdy.

Jemgyýetçilik ylymlary diasporalary pida diasporasy, zähmet diasporasy, kolonial diasporalar, söwda diasporalar we medeni diasporalar ýaly görnüşlere bölýär.

Pida diasporalary köplenç uruşlaryň, agyr agressiýalaryň netijelerinde emele gelýär. Özge ýurtlardaky iş mümkinçilikleri daşary ýurt raýatlaryny özüne çekýär we zähmet diasporalarynyň döremegine getirýär. Kolonial diasporalar kolonial güýçleriň basybalyjylyk hereketleri netijesinde ýüze çykýar. Medeni diasporalar birmeňzeş medeni gymmatlyklara, ynanç-ygtykada eýe bolan adamlaryň öz gymmatlyklaryny gorap saklamak tagallalary netijesinde, adamlaryň bir ýerden başga ýere göçmegi netijesinde döreýär.

Dünýä Türkmenleriň bu sanynda Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy diasporalar baradaky pikir garaýyşlaryny diňleýjilerimiz bilen paýlaşýar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Köne we täze diasporalar: Mejbury migrasiýa, meýletin göçe-göçlük (2-nji bölüm)