Ukraina 35 sany pilotsyz uçaryň urlup ýykylandygyny öňe sürýär

8-nji maýda daňdan Russiýanyň pilotsyz uçarlarynyň hüjümi wagtynda Kiýewiň üstünde pilotsyz uçaryň urlup ýykylýan pursady.

Kiýewiň harby serkerdesi 8-nji maýda gije Ukrainanyň territoriýasyna hüjüm etmek üçin ulanylan 35 sany pilotsyz uçaryň we 16 raketanyň urlup ýykylandygyny aýdýar. Bu çykyş, ukrain aňtaw gullugynyň Moskwa 9-njy maýda Ikinji Jahan urşunyň tamamlanmagynyň 78 ýyllygy mynasybetli Ýeňiş gününi belleýän mahaly, rus prowokasiýalarynyň bolup biljekdigini duýdurmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň baş ştaby 8-nji maýda irden beren maglumatynda "duşman ýene-de Eýranyň 'Şahed' hüjüm ediji pilotsyz uçarlaryny ulanyp, Ukrainanyň çägine hüjüm etdi" we "35 pilotsyz uçaryň 35-si hem goragçylarymyz tarapyndan ýok edildi" diýdi.

Maglumatda raketa zarbalarynyň Harkiw, Herson, Mikolaýiw we Odesa sebitlerine gönükdirilendigi we adam pidalarynyň bolandygy hem aýdyldy.

"Gynansagam, parahat ilatyň arasynda ölen we ýaralanan adamlar bar, belent binalara, hususy jaýlara we beýleki raýat infrastrukturasyna zeper ýetdi" diýip, baş ştab belleýär.

Mundan öň, Kiýewiň häkimi Witali Kliçko öten gije pilotsyz uçaryň eden hüjüminde bäş adamyň ýaralanandygyny, binalara we infrastruktura zeper ýetendigini aýtdy.

Degişli maglumat Gündogarda söweş güýçlenýär, Russiýa günorta Ukrainany topa tutýar

7-nji maýda Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň Baş aňtaw müdirligi Ikinji Jahan urşunyň tamamlanmagynyň 78 ýyllygy mynasybetli 9-njy maýda bellenilýän Ýeňiş gününiň öňüsyrasynda rus prowokasiýalarynyň bolup biljekdigini duýdurdy.

"Duşman köplenç munuň üçin simwoliki seneleri saýlaýar" diýip, Baş aňtaw müdirliginiň wekili Andriý Ýusow Moskwa bu taktikany Ukrainanyň Krym ýarym adasyna çozanyndan we 2014-nji ýylda Ukrainanyň gündogaryndaky separatistleri goldap başlanyndan bäri ulanýar hem diýdi.

"Bu ýagdaýda Russiýanyň ýörite gulluklary tarapyndan rus raýatlaryna garşy prowokasiýalar gönükdirilip bilner we belli senelere gabat getirilip bilner" diýip, Ýusow belledi.

Şeýle-de, ol Belarusy Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy başlan giň gerimli söweşine çekmegi mümkin "keseki baýdak" wakasynyň bolup biljekdigi barada hem duýduryş berdi.

Ukrain resmileri Kremliň 9-njy maýa çenli gündogar Ukrainany basyp almak ugrundaky tagallasynyň bir bölegi hökmünde, Bahmutda söweşiň güýçlenendigini aýdýarlar. Ukrain we rus güýçleri Bahmutyň üstünde birnäçe aý bäri söweşip gelýärler.

Rus prezidenti Wladimir Putin, Russiýanyň 9-njy maýda bellenilýän Ýeňiş güni dabaralaryny Ukrainanyň nasist Germaniýasyna meňzeş faşizm tarapyndan gabalandygy baradaky öňe sürmesini güýçlendirmek üçin ulanýar. Kiýew we onuň ýaranlary bu aýyplamany Russiýanyň 2022-nji ýylda Ukraina esassyz çozmagy üçin bahana hökmünde ulanylýan esassyz öňe sürme atlandyrýarlar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý 8-nji maýda ýaýradan wideo beýanatynda Ikinji Jahan urşunda nasist Germaniýasynyň ýeňlişi ýaly rus güýçleriniň hem ýeňiljekdigini aýtdy.

"Häzirki Russiýanyň yzyna getirýän köne erbetlikleriniň hemmesi faşizmiň ýeňlişi ýaly ýeňiler" diýip, Zelenskiý belledi.

Şu ýyl Russiýanyň 20-den gowrak şäheri Ýeňiş güni paradyny ýatyrdy, Moskwadaky dabaralaryň sany hem azaldylyp, gerimi çäklendirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.