Russiýa geçen gije günorta Ukrainanyň Nikopol şäherini topa tutdy diýip, sebit häkimiýetleri 5-nji maýda aýtdy, gündogar Ukrainada Moskwanyň hüjümleriniň merkezi bolan Bahmut şäherinde bolsa, söweşler güýçlendi.
Agyr artilleriýa hüjümleri Nikopolda raýat we energetika infrastrukturalaryny weýran etdi diýip, Dnipropetrowsk sebit geňeşiniň başlygy Mykola Lukaşuk aýtdy.
“Basybalyjylar şäher halkynyň öýlerini nyşana aldy. On sany hususy jaý, bina, gaz ojaklary we elektrik torlary weýran edildi” diýip, Lukaşuk Telegramda ýazdy.
Russiýa soňky günlerde günorta Ukrainada hüjümlerini ýygjamlaşdyrdy, esasan, şu hepde 23 parahat raýatyň öldürilen ýeri bolan Herson regionynyň azat edilen sebitlerini nyşana aldy.
Ukrain goragçylary soňky 24 sagadyň dowamynda Bahmudyň söweş meýdanynda 60 sany rus hüjümini yza serpikdirdi diýip, Baş ştab özüniň 5-nji maýda beren gündelik hasabatynda aýtdy. Bu hüjümler Russiýanyň şäheri almak ugrunda gaýta-gaýta edýän synanyşyklarynyň depgininiň ýokarlanýandygyny görkezdi.
Degişli maglumat Zelenski HJK-de rus agressiýasy üçin ýörite tribunal döredilmegine çagyrýarRus güýçleriniň öz taktiki pozisiýalaryny güýçlendirmäge synanyşýan ýeri bolan Marinkada, Bahmutyň golaýynda hem, gazaply söweşler habar berildi diýip, Baş ştab aýtdy.
Rus güýçleri Herson we Zaporižýa sebitlerinde hem birnäçe ilatly nokady topa tutdy diýip, harbylar aýtdy.
Kiýewde 4-nji maýda giçlik güman edilýän dron hüjümi zerarly, howa hüjümi duýduryşlary berildi, ýöne soňra, Ukrainanyň Howa güýçleri duýduryşa sebäp bolan uçaryň özlerine degişli uçarlaryň biri bolandygyny aýtdy.
Pilotsyz uçar Kiýew sebitindäki meýilleşdirilen uçuşynyň dowamynda gözegçilikden çykdy we urlup ýykyldy diýip, Howa güýçleriniň beren beýanatynda aýdyldy.
4-nji maýda ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski Russiýanyň Ukrainadaky uruş jenaýatlaryna garamak üçin, hem-de prezident Wladimir Putiniň “jenaýat hereketlerini” jogapkärçilige çekmek üçin, ýörite halkara kazyýetiniň döredilmegine çagyrdy.
Degişli maglumat Ukrain güýçleri Bahmutda has kän hüjümi sepikdirdi, ruslar Hersony topa tutmagy güýçlendirdiZelenski bu teswirleri basybalyjy rus güýçlerini yza serpikdirmek ugrunda göreşýän Ukrainanyň daşyna amala aşyran seýrek saparynyň dowamynda, 4-nji maýda Gagadaky Halkara jenaýat kazyýetinde (HJK) eden çykyşynda aýtdy.
“Biz bu ýerde, Gagada, halkara hukugynyň paýtagtynda, öz eden jenaýat işleri üçin jezalandyrylmaga mynasyp bolan başga bir Wladimiri görmek isleýäris. Biz ýeňenimizde, men munuň şeýle boljakdygyna ynanýaryn” diýip, Zelenski aýtdy.
Halkara jenaýat kazyýeti 17-nji martda Putini Ukrainadan çagalaryň bikanun deportasiýa edilmeginde, söweş jenaýatynda aýyplap, tussag etme orderini çykarypdy.
Zelenski ýörite kazyýetiň II Jahan uruşynyň soňunda nazileriň söweş jenaýatlaryny derňemek üçin Ýaranlaryň durmuşa geçiren Nuremberg tribunalyndan nusga almalydygyny aýtdy.
Zelenski biraz soň metbugat ýygnagynda tribunal “bu adamlaryň eldegirmesiz däldigini görkezmeli” diýdi we çozuşyň özüne Moskwanyň “esasy etmişi” hökmünde garalmalydygyny nygtady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.