Zelenski HJK-de rus agressiýasy üçin ýörite tribunal döredilmegine çagyrýar

Ukrainanyň prezidenti Woldomyr Zelenski söz sözleýär.

Ukrainanyň prezidenti Woldomyr Zelenski Haagadaky Halkara Uruş jenaýatlary kazyýetine ýüzlenip eden çykyşynda Russiýanyň Ukrainadaky uruş jenaýatlaryny derňemek üçin ýörite tribunalyň döredilmegine çagyrdy. Ol Halkara jenaýat kazyýeti tarapyndan tussag edilmeli edilen rus prezidenti Wladimir Putiniň Ukraina garşy eden "jenaýatçylykly hereketleri" sebäpli jogapkärçilige çekilmelidigini aýtdy.

"Biziň hemmämiz bu ýerde, Haagada başga Wladimiri, bu ýerde eden jenaýat işleri üçin halkara hukugynyň paýtagtynda jezalandyrylmaly bir adamy görmek isleýäris. Men munuň biz ýeňiş gazananymyzda boljakdygyna ynanýaryn" diýip, Zelenski aýtdy.

Prezident Zelenski Russiýanyň Ukrainanyň raýat nyşanalaryna urýan ganly zarbalarynyň arasynda Finlandiýadan Hollandiýa bardy. Onuň Halkara jenaýat kazyýetinde söz sözlän sapary Russiýanyň Ukraina ýene bir tapgyr dron hüjümlerini etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Russiýa öten agşam Ukrainanyň dürli ýerlerine edýän dron hüjümlerini ýene bir gezek gaýtalady we ýurduň howa goraçylary olaryň köpüsiniň öňüni aldy diýip, ukrain goşuny 4-nji maýda, Eýranda öndürilen “Şahidler” 20-den gowrak parahat ýaşaýjyny öldüreninden bir gün soň, Moskwanyň gündogarda süýrenjeňlige düşen hüjüminiň merkezi bolup galýan Bahmuty topa tutmagyny dowam etdirýän wagtynda aýtdy.

Ukrain goragçylary 24 pilotsyz uçaryň 18-sini urup gaçyrdy diýip, Howa güýçleriniň serkerdeligi hüjümiň ýene-de iki tarapdan - demirgazykda Russiýanyň Braýansk sebitinden we günortada Azow deňziniň kenarlaryndan gurnalandygyny aýtdy.

Paýtagt Kiýew dört günüň içinde üçünji gezek dron hüjümleriniň nyşanasy boldy, emma şäher dolandyryşy şähere golaýlan pilotsyz uçarlaryň ählisiniň urlup ýykylandygyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, urlup ýykylan pilotsyz uçarlaryň galyndylary paýtagtyň käbir ýerlerinde ulaglara we ýollara zyýan ýetirdi, ýöne adam pidasy bolmady diýip, şäher häkimligi aýtdy.

Kiýewde we beýleki sebitlerde yglan edilen howa hüjümi duýduryşy birnäçe sagat dowam etdi, sosial ulgamlarda berlen habarlarda partlama sesleriniň Odesa we Zaporižýa sebitlerinde-de eşidelendigi aýdylýar.

Öten agşamky hüjüm bir gün ozal azyndan 25 adamyň, diňe günortadaky Herson şäheriniň özünde 23 adamyň ölümine sebäp bolan ganly dron zarbalarynyň yz ýanyndan edildi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski pida bolanlaryň maşgalalaryna gynanç bildirdi.

Zelenski pidalaryň supermarketde, demir ýol menzilinde, ýaşaýyş jaýlarynda, enjam dükanynda we Herson sebitindäki ýangyç bekedinde öldürilen parahat adamlar bolandygyny aýtdy.

Dron hüjümleriniň günüň ahyryna çenli dowam etdirilmegi bilen, Hersonda öldürilen adamlaryň sany dowamly artdy.

Herson sebitiniň häkimi Oleksandr Prokudin 5-nji maý güni ir sagat 8-de Herson şäherinde 58 sagatlyk komendant sagadynyň başlanjakdygyny yglan etdi. Sebitiň paýtagty soňky hepdelerde Dnieper derýasynyň aňyrsynda ýerleşýän rus güýçleri tarapyndan yzygiderli topa tutulýar.

Rus güýçleri gündogar Donetsk sebitiniň Bahmut şäherine edýän şowsuz hüjümlerini dowam etdirdi diýip, ukrain goşuny 4-nji maýdaky gündelik hasabatynda aýtdy.

Russiýanyň esasy tagallalary iň aldym-berdimli söweşleriň barýan ýerlerine, frontuň Bahmut-Marýinka-Awdiýiwka liniýalaryna gönükdirilen bolmagynda galýar, ruslar bu ugry aldygyna topa tutýar diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby öz güýçleriniň soňky 24 sagadyň dowamynda 40 hüjümi yzyna serpikdirendigini aýtdy.

Şeýle-de, bir gün ozal Russiýanyň dürli ýerlerinde bolan ýangynlar, şol sanda Russiýanyň Krym köprüsiniň golaýyndaky Wolna obasynda ýerleşýän ýangyç ammarynda turan ýangyn barada habar berildi, Kreml prezident Wladimir Putiniň rezidensiýasyna zarba urmak üçin gurnalan dron hüjüminiň öňüni alandygyny öňe sürdi.

Ukraina bu hüjüme dahyllydygy barada aýdylýanlary inkär etdi we Moskwanyň ony Ukrainanyň garaşylýan garşylykly hüjüminden öň sahnalaşdyrandygyny öňe sürdi.

Şu aralykda, prezident Wladimir Putini öldürmek üçin niýetlenen diýilýän dron hüjümini gurnamagyň arkasynda durandygyny aýdyp, Kreml 4-nji maýda Birleşen Ştatlary aýyplady.