Rus güýçleri geçen bir günüň dowamynda ukrainalylaryň Bahmutdaky berkitmelerine ýene bir topar netijesiz hüjüm etdi diýip, Kiýew 2-nji maýda, gündogar Donetsk sebitindäki şäher üstünde barýan uzaga çeken söweşiň ýene bir aýa uzamagynyň we Russiýanyň Ukrainanyň günorta sebitlerini topa tutmagyny has güýçlendirmeginiň arasynda aýtdy.
Russiýanyň bir gün ozal demirgazyk we merkezi Ukrainany nyşana alyp uran raketa zarbalary Ukrainanyň Çernihiw sebitinde 14 ýaşly bir oglany, Dnipropetrowsk sebitiniň Pawlohrad şäherinde iki adamy öldürdi diýip, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 1-nji maýda aýtdy.
Zelenski özüniň gijeki ýüzlenmesinde Pawlohradda 40 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi öz beýannamasynda rus güýçleriniň ukrain ýerlerine raketa zarbalaryny urandygyny we ol raketalaryň ählisiniň bellenen harby ýerlere baryp degendigini öňe sürdi. Russiýa, subutnamalaryň köp bolmagyna garamazdan, raýat ýerlerine zarba urandygy barada aýdylýanlary inkär edýär.
Ukrain goragçylary Donetskde soňky 24 sagadyň dowamynda 41 hüjümi yzyna serpikdirdi, olaryň köpüsi Bahmut-Awdiýiwka-Marýinka ugruna gönükdirilen hüjümlerdi diýip, ukrain goşunynyň baş ştaby 2-nji maýdaky gündelik hasabatynda aýtdy. Şeýle-de, hasabatda Russiýanyň bu sebite birnäçe howa zarbasyny urandygy aýdylýar.
Russiýa günorta Ukraiana edýän top hüjümlerini güýçlendirip, hususan-da Herson sebitiniň azat edilen ýerlerini nyşana aldy.
Sebit harby administrasiýasynyň başlygy Oleksandr Prokudin bu ýerlere soňky 24 sagadyň dowamynda 71 sany top okunyň atylandygyny habar berdi.
Rus goşunlary noýabr aýynda Dnieper derýasynyň üstünden gündogara tarap yza çekilende, Ukraina Hersonyň käbir ýerlerini yzyna aldy. Russiýa Dnieperiň aňyrsyndan bu sebite yzygiderli ok atmagyny dowam etdirdi we soňky döwürde, ukrain häkimiýetleriniň aýtmaklaryna görä, golaýda bu top atyşlyk has güýçlendirildi we şeýle hüjümler indi her gün bolup geçýär.
Ukrainanyň günorta harby serkerdeliginiň metbugat sekretary Natalýa Humenýugyň aýtmagyna görä, ruslaryň günortadaky raýat nyşanalaryna edýän top hüjümlerini ýygjamlatmagy jemgyýetçiligiň ünsüni söweş meýdanyndaky şowsuzlyklaryndan sowmak bilen bagly.
"Bu köp derejede duşmanyň görnetin ýeňiş gazanyp bilmezligi bilen baglanyşykly - gündogar Ukrainada ynandyryjy öňegidişlik ýok, günorta ugurdaky front liniýalarynyň boýunda hem üstünlik gazanylmady" diýip, Humenýuk 1-nji maýda ukrain telewideniýesine aýtdy.
Ak tam 1-nji maýda Russiýanyň Bahmuta gözegçilik etmek ugrundaky söweşlerinde we gündogar Ukrainanyň beýleki ýerlerinde dekabrdan bäri 100 müň adam çemesinde ýitgi çekendigini, olaryň 20 müňden gowragynyň öldürilendigini çaklady.
Ak tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat sekretary Jon Kirbi dekabr aýyndan bäri öldürilenleriň ýarysynyň “Wagner” toparynyň hakyna tutma söweşijileri bolandygyny, olaryň köpüsiniň Russiýanyň urşuna goşulmak üçin türmeden boşadylan öňki tussaglardygyny aýtdy.
Täze görkezijiler rus ýitgileriniň soňky aýlarda has köpelendigini aňladýar.
ABŞ generally, ABŞ-nyň Birleşen serkerdeler ştabynyň başlygy Mark Milli noýabr aýynda Russiýanyň urşuň ilkinji sekiz aýynda 100,000-den gowrak harbysynyň ölendigini ýa-da ýaralanandygyny aýtdy.
Ukrainanyň baş serkerdesi, general Waleriý Zalužniý 1-nji maýda Milli bilen telefonda gürleşdi we oňa öň hatardaky ýagdaý barada maglumat berdi.
Ol ýagdaýy "kyn, ýöne gözegçilik astynda" diýip häsiýetlendirdi. Şeýle-de, ol Ukrainanyň howa goragyny güýçlendirmek we ýaraglary wagtynda ýetişdirmek zerurlygyny nygtady.