Russiýa Ukrainanyň Bahmut şäherine basyşyny artdyrdy, Kiýewe dronlar bilen hüjüm etdi

Ukrain goragçylary Russiýanyň Bahmut şäheriniň golaýyndaky pozisiýalaryna top atýarlar.

Russiýa Ukrainanyň gündogaryndaky Bahmut şäheriniň ugrundaky söweşlerde agyr ýitgileri çekýändigine garamazdan, özüniň hüjümlerini dowam etdirýär diýip, Ukrainanyň harbylary 21-nji aprelde mälim etdiler. Ukrainanyň Kiýew we Poltawa sebitlerine amala aşyrylan dronly hüjümleriň netijesinde infrastruktura desgalaryna zeper ýetdi. Bu aralykda, Kiýewiň ýaranlary Ukrainanyň Ýaragly güýçleri üçin goşmaça harby hemaýaty maslahat etmäge taýýarlyk görýärler.

“Öten agşam Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş ulgamlary Kiýewiň üstünde Eýranda öndürilen ‘Şahed’ kysymly dronlaryň sekizsini ýüze çykardy we urup düşürdi” diýip, paýtagtyň harby administrasiýasy 21-nji aprelde irden habar berdi.

“25 gün asudalykdan soň, Ukrainanyň paýtagty ýene-de duşmanyň hüjümlerine duçar boldy... Duşmanyň sekiz töweregi drony anyklandy we uruldy” diýip, Kiýewiň harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Popko özüniň Telegram kanalynda mälim etdi. Ol deslapky maglumatlara görä, hüjümde adam ýitgileriniň bolmandygyna we ýetirilen zyýanyň degişlilikde az bolandygyna meňzeýändigini hem sözüne goşdy.

Gündogardaky Poltawa regionynda Russiýanyň drony infrastruktura desgasyna zeper ýetirdi. Bu barada sebitiň harby häkimi Dmytro Lugin Telegram kanalynda ýazgy galdyrdy.

“Raýat infrastruktura desgasyna zeper ýetdi. Halas edijiler ody kontrol etmek ugrunda tagalla edýärler. Deslapky maglumata görä, adam ýitgileri ýok” diýip, Lunin belledi.

Gündogardaky Donetsk regionynda Bahmut-Awdiýiwka-Marýinka front çyzygy boýunça söweşler has gazaplaşýar. Russiýanyň güýçleri ençeme aý bäri gorag liniýasyny böwüsmek boýunça şowsuz synanyşyklary edýärler. Bu barada Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştaby özüniň gündelik brifinginde mälim etdi.

“Duşman, çekýän agyr ýitgileriniň hasabyna, özüniň esasy ünsüni Lyman, Bahmut, Awdiýiwka we Marýyinka ugrundaky hüjümlere gönükdirýär” diýip, harbylar aýtdylar. Maglumatda Bahmut ugrundaky gazaply söweşleriň dowam edýändigi hem nygtalýar.

Harbylar geçen günüň dowamynda ukrain goragçylarynyň duşmanyň 60-dan hem aşa hüjümini yza tesdirendiklerini bellediler.

Bu aralykda, ABŞ Ukrainanyň Gorag Habar Toparynyň duşuşygyny geçirýär. 21-nji aprelde Birleşen Ştatlaryň Germaniýadaky Ramştaýn harby howa bazasynda geçjek maslahata 50-ä golaý döwletiň wekilleri gatnaşyp, Kiýew üçin goşmaça harby hemaýaty maslahat ederler.

Maslahata NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg hem gatnaşar. 20-nji aprelde ol, Russiýanyň geçen ýyl Ukraina hüjüm etmeginden bäri ilkinji gezek, Kiýewe sapar etdi. Ol Ukrainanyň geljeginiň Ýaranlygyň düzüminde boljakdygy barada hem çykyş etdi, emma anyk seneler barada hiç zat aýtmady.

Stoltenberg 31 agzalyk Ýaranlygyň Ukrainanyň Russiýanyň çozuşyna garşy tagallalaryny näçe zerur bolsa, şonça-da goldajakdygyny ýene bir gezek ynandyrdy.

“NATO şu gün, ertir we näçe gerek bolsa, şonça-da siz bilen bile bolar” diýip, Stoltenberg çykyşynda belledi. Ol NATO-nyň Ukrainanyň onlarça müň esgerine tälim berendigini we harby hemaýat hökmünde 65 milliard ýewro ($71,31 milliard) goýberendigini hem belläp geçdi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Stoltenberge ýüzlenip, öz ýurduny Ýaranlyga çagyrmak üçin “häzir pursatdygyny” aýtdy.

Ol Stoltenbergden Ukraina üçin uzak aralyga niýetlenen ýaraglaryň berilmegi boýunça käbir agza döwletleriň ýaýdanjaňlygyny aradan aýyrmaga hem hemaýat bermegini sorady.