Ejesi gazak raýatynyň Russiýanyň “Wagner” toparyna goşulmaga mejbur edilendigini aýdýar

Wagnerçileriň jaýlanyşy. Arhiw suraty

Sibiriň Tomsk döwlet uniwersitetiniň gazak studenti Margulan Bekenow mart aýynda Russiýanyň hususy hakyna tutma topary “Wagnere” goşulmaga mejbur boldy diýip, onuň ejesi aýtdy.

Almira Bekenowa 20-nji aprelde Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna beren interwýusynda oglunyň başyna düşen gowgalary eşidip, “Wagner” toparynyň Russiýadaky bazasyna barandygyny we Margulanyň özüne hiç hili şertnama gol çekmändigini aýdandygyny gürrüň berdi.

Bekenowa oglunyň 12-nji aprelde Ukrainadaky söweş meýdanyna iberilendigini aýtdy.

Bekenowyň maşgalasy tarapyndan harby prokuratura, Gazagystanyň we Russiýanyň içeri işler ministrliklerine iberilen resmi şikaýatlara häli-häzire çenli jogap berilmedi.