Russiýa Ukrainanyň Odesa şäherine dronlary atdy, gündogarda agyr çaknyşyklar dowam edýär

Ukrainanyň Bahmut şäheri

Russiýa öten agşamyň dowamynda Ukrainanyň port şäheri Odesa Eýranda öndürilen dronlar bilen hüjüm etdi. Bu barada 19-njy aprlede Ukrainanyň Günorta Howa Serkerdeligi habar berdi. Bu aralykda, Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk sebitinde Bahmut şäheri üstündäki söweşler dowam edýär.

“Bu gezek Ukrainanyň Günorta Howa Serkerdeliginiň düzümindäki Odesa howa hüjüminden goranyş brigadasy atylan 12 Şahed kysymly kamikadze dronlaryň 10-syny urup düşürdi” diýip, ukrain harbylarynyň beýanatynda aýdylýar.

Odesa regionynyň harby administrasiýanyň başlygy Ýuriý Krukyň sözlerine görä, dron hüjümleriniň netijesinde jemgyýetçilik infrastruktura desgasyna zeper ýetipdir. Emma ýitgiler barada bada-bat maglumat elýeterli bolmady.

“Ýurduň gündogarynda ukrain goragçylary Russiýanyň güýçleriniň 60-dan hem aşa hüjümini yza tesdirdiler” diýip, 19-njy aprelde Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştaby mälim etdi. Bu sebitde rus basybalyjy goşuny Bahmut, Awdiýiwka we Marýinka şäherlerini ele geçirmek ugrunda hüjümlerini dowam etdirýärler.

Bahmut ugrunda üç aý töweregi wagt bäri alnyp barylýan söweşler, Russiýanyň Ukrainadaky basybalyjylykly hereketleriniň iň ganly hadysalarynyň birine öwrüldi. Maglumata görä, taraplaryň ikisi-de uly ýitgileri çekýär.

Kiýew üçin harby hemaýaty berýän onlarça döwletden ybarat Ukrainanyň Goranyş Habar Toparynyň duşuşygyndan öň, NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg Ukraina üçin has köp ýaraglary we ok-därileri bermäge çagyrdy.

“Biz Ukraina eýýäm ummasyz möçberde ýaraglaryň, ok-därileriň, serişdeleriň berlendigini ykrar edýäris. Emma biz mundan hem köp etmeli” diýip, Stoltenberg 19-nji aprelde CNN-e aýtdy. Ol munuň Ukrainanyň Russiýanyň güýçlerine garşy durmak we basylyp alnan sebitlerini yzyna gaýtarmak tagallalary üçin möhümdigini hem sözüne goşdy.

Habar Toparynyň nobatdaky duşuşygy 21-nji aprelde geçiriler.

Prezident Wolodymyr Zelenski 18-nji aprelde front liniýasynyň golaýyndaky, agyr çaknyşyklaryň dowam edýän sebitindäki ukrain güýçleriniň ýanyna geldi. Prezident edarasynyň maglumatyna görä, Zelenski harbylaryň Awdiýiwka şäherindäki öňe ilerleýän sebitlerine aýlanyp görüpdir.

Zelenski gijeki eden ýüzlenmesinde “Russiýanyň gabahat güýçlerini 419 gün we dokuz ýyl bäri saklaýan we olary tapgyrlaýyn ýok edýän” esgerleriň ýanyna gelendigini aýtdy. Ol muny 2014-nji ýylda Ukrainanyň Donetsk we Luhansk sebitlerinde Russiýanyň goldaýan separatistleri bilen ýüze çykan söweşlere salgylanyp aýtdy.

Zelenskiniň bu saparyndan birnäçe sagat öň, Kreml rus prezidenti Wladimir Putiniň Ukrainanyň Herson we Luhansk regionlaryndaky bölekleýin okupirlenen sebitlere seýrek sapar edendigini mälim etdi.

Kremliň maglumatyna görä, Putin rus harbylarynyň baş edarasyna baryp görüpdir, şeýle-de komandirler bilen duşuşypdyr.

Kiýewde Putiniň sapary baradaky habar gahar-gazap bilen garşylandy. Prezidentiň kömekçisi Myhaýlo Podolýak Putini “özüniň oýnatgylarynyň geçen gezek basyp alan we weýran eden sebitlerinde amal edilen jenaýatlaryndan lezzet almak üçin” bu ýerlere aýlanandygyny aýtdy.