Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň gabawdaky Bahmut şäherini nyşana alýarlar

Ukrain harbylary Bahmutyň eteginde basybalyjy rus güýçlerine garşy artilleriýa toplaryny atýarlar.

Ukrainanyň harbylary geçen günüň dowamynda ýurduň gündogarynda basybalyjy rus güýçleriniň ençeme hüjümini yza tesdirendiklerini aýdýarlar. Bu aralykda, gabawdaky Bahmut şäheriniň töweregindäki çaknyşyklar dowam edýär.

“Duşman çekýän uly ýitgilerine garamazdan, biziň topraklarymyzy eýelemek niýetinden el çekmeýär” diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştaby 14-nji aprelde gündelik brifinginde aýtdy. “Bahmutyň we Marýinkanyň töweregindäki gazaply çaknyşyklar dowam edýär” diýip, beýanatda nygtalýar.

“Russiýa Bahmut ugry boýunça hüjümlerini janlandyrdy” diýip, Britaniýanyň Goranmak ministrliginiň 14-nji apreldäki aňtaw maglumatynda bellenilýär. Mundan başga-da dokumentde Russiýanyň harby güýçleri bilen “Wagner” topary hakyna tutma söweşijileriniň arasyndaky “hyzmatdaşlygyň gowulanandygy” aýdylýar.

“Ukrainanyň goraýjylary şäheriň günbatar sebitlerini henizem öz gözegçiliginde saklaýarlar. Emma soňky 24 sagadyň içinde olar Russiýanyň aýratyn ýygjamlaşdyrylan artilleriýa zarbalaryna duçar boldular” diýip, Britan Goranmak ministrliginiň brifinginde aýdylýar.

13-nji aprelde Moskwa Bahmutdaky ukrain harbylarynyň daşyny gabandygyny öňe sürdi. Emma Kreml bilen ilteşikli Wagner hakyna tutma toparynyň başlygy Ýewgeniý Prigožin şäheriň daşynyň doly alnandygyny aýtmakdan entek “has irdigini” belledi.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Gündogar toparynyň metbugat wekili Serhiý Çerewatynyň AFP gullugyna aýtmagyna görä, ukrain harbylary Bahmutdaky şahsy düzüm bilen aragatnaşygy saklaýar, şeýle-de olara ok-däri gowşurmak başardypdyr.

Çerewaty rus öňe sürmelerine “Bu hakykata bap gelmeýär” diýip, jogap berdi.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin harbylaryna Donetsk, Luhansk, Zaporižýa we Herson sebitleriniň kontrollygyny doly ele geçirmegi tabşyrdy. Halkara Jenaýat Sudy tarapyndan tussag edilmek boýunça order çykarylan Putin, Russiýanyň bu sebitleri anneksirländigini öňe sürýär. Ukraina ýakyn wagtda garşylyklaýyn hüjüme geçip, has köp sebitlerini yzyna gaýtarjakdygyny ýaňzydýar.

Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba 13-nji aprelde çykyş edip, Ukrainanyň bu sebitlerdäki, şeýle-de 2014-njy ýylda okupirlenen Krymdaky Russiýanyň basybalyjy güýçleriniň doly çykarylmalydygy baradaky talaplaryndan yza tesmeýändigini aýtdy.

“Biz BMG-niň çarteriniň prinsiplerine, şeýle-de bar bolan umumy garaýyşa laýyklykda, Krymyň Ukrainadygy, şeýle-de onuň Ukrainanyň kontrollygyna geçjekdigi barada ygrarlydyrys” diýip, ol Rumyniýanyň paýtagty Buharestde geçirilen maslahatda wideo aragatnaşyk arkaly belledi.

“Haçanda dünýäniň islendik bir künjeginde kimdir biriniň Krymyň aýratyn meseledigi we onuň Ukraina gaýtarylyp berilmeli däldigi baradaky sözlerini eşideniňizde, bir zady bilip goýuň: Ukraina bu beýanat bilen düýbünden ylalaşmaýar” diýip, Kuleba Gara Deňiz Howpsuzlyk Konferensiýasynda çykyş etdi.

Kuleba NATO-nyň golaýlaýan sammitinde, Gara deňziň kenarynda ýerleşýän öz ýurduny, şeýle-de Gürjüstany bu ýaranlyga agza hökmünde kabul etmäge çagyrdy.

Ol NATO-nyň Wilniusda geçmeli sammitinde “Ukrainanyň haçan we nähili ýagdaýda kabul ediljekdigi barada açyk planyň hödürlenmelidigini” aýtdy.

Ukrainanyň goranmak ministri Oleksiý Reznikow hem bu duşuşykda çykyş edip, Ukraina üçin NATO agzalygynyň diňe bir öz ýurdunyň däl, eýsem tutuş Gara Deňiz sebitiniň howpsuzlygy üçin wajypdygyny aýtdy.

“Bize Russiýanyň agressiýasy mümkin bolmaz ýaly kepilleriň ulgamy gerek” diýip, Reznikow Rumyniýanyň paýtagtynda geçirilen duşuşykda aýtdy.