Finlandiýa NATO-a goşuldy, Russiýa garşylykly çäre görmek haýbatyny atýar

Finlandiýanyň daşary işler ministri Pekka Haawisto ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinkene resmi dokumenti gowşurmak bilen, ýaranlyga giriş prosesini tamamlady.

Finlandiýa 4-nji aprelde, Russiýanyň Ukraina çozmagy bilen dörän taryhy syýasy öwrülişik netijesinde, NATO-nyň harby bileleşigine resmi taýdan goşuldy we Moskwa bu göçüme "garşylykly çäre" görmek haýbatyny atdy.

Finlandiýanyň ýaranalyga goşulmagy NATO-nyň Russiýa bilen aradaky umumy serhediniň uzynlygyny takmynan iki esse uzaldýar we Ukrainadaky uruş-gowangyň dowam etmegi hem-de bu golaýda hiç hili çözgüt görünmezligi netijesinde, onuň gündogar bölegini güýçlendirýär.

Finlandiýanyň daşary işler ministri Pekka Haawisto NATO-nyň Brýusseldäki baş edarasynda ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinkene resmi dokumenti gowşurmak bilen, ýaranlyga giriş prosesini tamamlady.