Russiýa ukrain şäherlerine has kän ganly zarba urdy, Zaporizýa ýadro desgasy tokdan kesildi

Sebit häkimi Maksim Kozytskiý günbatar Lwow şäherine urlan zarbalarda azyndan dört adamyň ölendigini aýtdy.

Russiýa Ukrainada, gündogardaky Bahmut söweşleriniň möwjeýän wagtynda, täze we uly howa zarbalaryny urup, bütin ýurt boýunça adam pidalaryna we köp ýerde elektrik togunyň kesilmegine sebäp boldy, Zaporižýa ýadro desgasynyň elektrik üpjünçiligini bökdedi diýip, häkimiýetler 9-njy martda aýtdylar.

Sebit häkimi Maksim Kozytskiý günbatar Lwow şäherine urlan zarbalarda azyndan dört adamyň ölendigini aýtdy.

"Häzirki wagtda dört sany uly adamyň ölendigini bilýäris. Iki erkek we iki aýal adam öldürildi. Raketa gelip uranda, olar öýlerinde oturan eken. Harabalyklaryň aşagyny barlamak işleri dowam etdirilýär. Olaryň aşagynda galan adamlaryň ýene tapylmagy mümkin” diýip, Kozytskiý ýaşaýyş jaýlarynyň üç sanysynyň weýran edilendigini sözüne goşdy.

Dnipropetrowsk sebitinde bir adam ölüp, iki adam ýaralandy diýip, gubernator Serhiý Lysak habar berdi.

Kiýewiň Swiatoşin etrabyna urlan zarbada azyndan iki adam ýaralandy diýip, şäher häkimi Witali Kliçko telegramda ýazdy. Paýtagtyň asmanynda howa hüjümi duýduryşlarynyň ýaňlanmagy bilen, elektrik we ýyladyş üpjünçiligi kesildi.

"Swiatoşin etraby. Gyssagly kömek gulluklarynyň ählisi bu ýere baryp ýetişmäge howlugýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň biriniň howlusynda awtoulaglar ýanýar. Howa duýduryşy dowam edýär. Gaçybatalgalardan çykmaň. Swiatoşin etrabynda iki adam pida boldy. Saglyk işgärleri ýerinde kömek berýärler" diýip, Kliçko telegramda ýazdy.

Kliçko paýtagtyň Holosiýiwskiý etrabyna hem zarba urlandygyny aýtdy, ýöne başga maglumat bermedi.

Şäher häkimi Serhiý Suhomlin demirgazykdaky Žitomir şäherini öten agşam Eýranda öndürilen “Şahid”kamikadze pilotsyz uçarlarynyň nyşana alandygyny aýtdy. Suhomlin ölenler barada maglumat almandygyny, ýöne kommunal hyzmatlaryň kesilendigini sözüne goşdy.

"Grantlardan suw akmaýar, şäherdäki jaýlaryň köpüsinde elektrik ýok, bularyň ählisi öten agşam Žitomire Şahidler arkaly edilen hüjümden soň boldy" diýip, Suhomlin wideo habarynda aýtdy.

Ýerli häkimiýetler rus zarbalarynyň Odesa we Harkow sebitlerini hem nyşana alandygyny, bu hüjümiň elektrik togunyň kesilmegine we demirýol infrastrukturasyna zyýan ýetirilmegine sebäp bolandygyny habar berdiler.

Ruslaryň raketa hüjümi netijesinde Ýewropadaky iň uly ýadro desgasy, “Zaporižýa” atom elektrik stansiýasy ýurduň elektrik torundan kesildi we onuň işlemegi üçin zerur bolan tok 18 sany dizel generatory bilen öndürildi diýip, Ukrainanyň döwlet ýadro energiýasy kompaniýasynyň beýanatynda aýdylýar.

“Enerhoatom” ýadro elektrik stansiýasynyň bäşinji we altynjy reaktorlarynyň ýapylandygyny, onuň işlemegini üpjün edýän dizel generatorlarynyň bary-ýogy 10 güne ýetjek ýangyjynyň bardygyny aýtdy.

Bu desga Russiýanyň gözegçiliginde, emma ukrain tehnikleri tarapyndan dolandyrylýar. Russiýanyň Zaporižýa sebitiniň basyp alan böleginde Russiýa tarapyndan bellenen häkimiýetler bu hadysanyň Ukraina tarapyndan gurnalan "prowokasiýa" bolandygyny aýtdylar.

Rus zarbalarynyň täze tolkuny gündogar Bahmut üstünde, rus goşunlarynyň Donetsk sebitindäki şäheri ele geçirmek ugrunda alyp barýan söweşleriniň barha möwjeýän we ukrain goragçylarynyň has agyr basyşa duçar bolýan wagtynda ýüze çykdy.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň gündelik hasabatynda aýdylmagyna görä, ukrain goragçylary soňky 24 sagatda sebitde 110-dan gowrak hüjümi yzyna serpikdirdi.

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg 8-nji martda rus güýçleriniň, uly ýitgi çekendigine garamazdan, Bahmuty eýelemegiň bosagasynda duran bolmagynyň mümkindigini aýtdy.