ABŞ Ukraina üçin täze harby kömek yglan etjekdigini aýdan mahaly, Bahmutda söweş möwjeýär

Bahmut şäheriniň golaýynda bir ukrain esgeri söweş ulagynyň üstünde oturyp barýar.

Kiýewiň güýçleri dawaly gündogar Donetsk sebitinde rus hüjümleriniň birnäçe tolkunyny basyp ýatyran mahaly, Bahmutda güýçli söweşler dowam edýär diýip, ukrain harbylary 3-nji martda aýtdy.

Ukrainanyň gündogarynda birnäçe aýlap söweşiň merkezi bolan Bahmutdan başga-da, ukrain goşuny rus güýçleriniň Donetsk sebitindäki Lyman, Awdiýiwka we Şahtarsk şäherlerine hem-de demirgazyk-gündogar Harkow sebitindäki Kupýansk şäherine gönükdirilen azyndan 85 hüjümini yza serpikdirdi diýlip, ukrain goşunynyň Baş ştabynyň gündelik hasabatynda aýdylýar.

Geçen ýylyň ikinji ýarymynda käbir territoriýalaryň gözegçiligini ukrain güýçlerine ýitirenden soň, Moskwa Ukrainanyň Donbas sebitinde täze hüjümlere başlap, birnäçe ýerde ukrain güýçlerini yza serpikdirmäge çalyşýar.

Degişli maglumat Zelenski: Russiýanyň Bahmut hüjümlerine garamazdan, öň hatarlar 'gözegçilik astynda'

Russiýa, Bahmutyň daş-töweregini gurşap almak we ukrain üpjünçilik liniýalaryny kesmek üçin şähere pyýada goşunynyň birnäçe toparyny iberdi.

Ukrain resmileri, şäheri goramak gaty gymmada düşse, onda öz güýçleriniň Bahmutdan tutuşlygyna çykarylmagynyň we günbatar hem-de demirgazyk-günbatarda täze pozisiýalara ýerleşdirilmeginiň mümkindigini aýtdy. Bu sebitde ukrain güýçleriniň has berk goranyş pozisiýalarynyň bardygy habar berilýär.

Ukrainanyň Milli gwardiýasynyň serkerdesi Wolodymyr Nazarenko ukrain radiosyna beren maglumatynda Bahmutdaky ýagdaýyň "aýgytlydygyny" aýtdy.

Nazarenko ukrain güýçleriniň yza çekilmezden ozal rus güýçlerine mümkin boldugyça köp zyýan ýetirmäge synanyşandygyny hem belledi.

Günbatar ekspertleri Bahmutyň Russiýa üçin strategiki we simwoliki ähmiýetiniň ýokdugyny aýdyp, Moskwanyň bu şäher ugrundaky tagallalaryny sorag astyna alýarlar.

Ukrain goşunynyň maglumatyna görä, rus güýçleri gijäniň dowamynda raýat infrastrukturasyna ot açmagy dowam etdirip, parahat ilatyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

"Duşman halkara ynsanperwerlik kanunynyň kadalaryny bozmagyny dowam etdirýär. Şeýlelik bilen, basybalyjylar esasanam Donetsk, Zaporižýa we Herson sebitlerindäki raýat infrastrukturalaryna 31 howa zarbasyny we üç sany raketa hüjümini amala aşyrdylar. [Bu sebitlerde] ýaralanan raýatlar bolup, köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna we hususy jaýlara zeper ýetdi" diýip, ukrain harbylary aýtdy.

Degişli maglumat “Biz bu ýerde galmagyň howpludygyna göz ýetirdik”. Mugallymlar näme sebäpden Russiýany terk edýärler

Günortadaky Zaporižýa şäherinde bir köp gatly jaýa edilen raketa hüjüminde bäş parahat raýat öldürildi diýip, sebit resmileri 2-nji martda aýtdylar.

Bu aralykda, Birleşen Ştatlar Ukraina üçin 400 million dollarlyk täze harby kömek bukjasyny yglan etmäge taýýarlanýar diýip, resmiler “Reuters” habar gullugyna mälim etdiler.

ABŞ-nyň täze kömek bukjasynyň Germaniýanyň kansleri Olaf Şolzyň 3-nji martda Waşingtona edýän sapary wagtynda yglan edilmegine garaşylýar diýip, resmiler bellediler.

Waşington, Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina esassyz çozuşy başlaly bäri, Kiýewe 32 milliard dollar töweregi harby kömek berdi.

2-nji martda Moskwa ukrain diwersantlarynyň bir toparynyň Russiýanyň günbataryna geçip, obalarda parahat ilata garşy ot açandygyny öňe sürdi. Kiýew bu öňe sürmäni ret edip, Moskwanyň Ukraina täze hüjümleri amala aşyrmak üçin "galp baýdak" astynda bahana gözläp biljekdigini aýtdy.

Günorta-günbatar Brýansk şäheriniň golaýynda bolan 2-nji mart wakasy barada jikme-jiklikler doly aýdyňlaşdyrylmady.

Kiýewde, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiýniň ýokary derejeli maslahatçysy Myhaýlo Podolýak rus beýanatyny "klassyk, bilkastlaýyn prowokasiýa" diýip atlandyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.