“Biz bu ýerde galmagyň howpludygyna göz ýetirdik”. Mugallymlar näme sebäpden Russiýany terk edýärler

Illýustrasiýa suraty

“Men tutuş ömrümi Russiýada çagalara bilim berdim, meniň ýerim şol ýerde. Uly ähtimallyk bilen yzyma dolanaryn, ýöne şol pursat Russiýanyň nä halda boljagyny bilmeýärin”. Kremliň mundan ýyl ozal Ukraina esassyz çozmagyndan bäri Russiýadan anyk näçe mugallymyň gaçyp çykandygy belli däl. Dürli maglumatlara görä, olaryň sany onlarça, hatda ýüzlerçä hem ýetýär. Azatlygyň Tatar-Başkar gullugy munuň bilen bagly ençeme hekaýany ýazgy etdi.

Russiýanyň günortasyndaky Astrahan şäheriniň 59-njy belgili mekdebiniň mugallymy Ýelena Baýbekowany Moskwanyň Ukraina garşy başladan giň gerimli urşunyň yz ýany wezipesinden boşatdylar. Baýbekowanyň işden çykarylmagynyň resmi sebäbi, onuň iş ýerinde bolmazlygy bilen düşündirildi. Bu gürrüňi gidýän döwürde dynç alyşyň bolandygyna, şeýle-de synp otagynda okuwçylaryň ýokdugyna garamazdan amal edildi.

Onuň özüniň sözlerine görä, işden çykarylmagynyň esasy sebäbi mugallymyň geçen ýylyň 22-nji fewralynda, ýagny hüjümden iki gün öň, şäheriň merkezinde urşa garşy proteste gatnaşmagy bilen baglanyşykly. Polisiýanyň ony saklamagyndan takmynan üç aý soňra, ol 17 ýaşly ogly bilen ýurtdan Germaniýa gaçdy we şol ýerde syýasy gaçybatalga sorady.

“Men tutuş ömrümi Russiýada çagalara bilim berdim, meniň ýerim şol ýerde” diýip, Baýbekowa Azatlygyň Tatar-Başkar gullugyna telefon arkaly gürrüň berdi. “Uly ähtimallyk bilen yzyma dolanaryn, ýöne şol pursat Russiýanyň nä halda boljagyny bilmeýärin”.

Ýelena Baýbekowa Germaniýada

Baýbekowa – uruş başlanly bäri Russiýadan gaçan köp sanly mugallymlaryň diňe biri. Ýurtdan giden mugallymlaryň anyk sany baradaky resmi maglumatlar açyk ýagdaýda elýeterli däl. Ýöne olaryň sanynyň onlarça, hatda ýüzlerçä ýetýändigi çaklanylýar.

2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan bäri Russiýany 500 müň, käbir görkezijilere görä bolsa bir million adam terk etdi. Has köp IT tehnologiýalary pudagynda zähmet çekenleriň ýurtdan gidendigi, 300 müňe golaý hünärmeniň Gazagystana, Gürjüstana, Ermenistana we beýleki ýurtlara geçendigi aýdylýar. Ýöne ýurtdan mugallymlar hem gaçyp çykdy.

“Ärimiň göçmek karary bizi halas etdi”

“Biz goňşy bir döwleti ýok etmek kararyna gelen prezidentli ýurtda mundan beýläk galyp bilmejekdigimize göz ýetirdik” diýip, Perm şäheriniň uniwersitetleriniň birinde žurnalistika boýunça bilim beren Alýona Podlesnyh aýdýar. Ol Russiýadan sentýabrda çykyp gaýtdy.

Podlesnyh äri we iki çagasy bilen Serbiýa göçdi. Ol Russiýanyň Ukraina çozmagyndan soň, ýurdy terk etmek barada pikirlenip başlandyklaryny belledi.

Onuň sözlerine görä, olar ilki oktýabryň aýagynda gitmegi planlaşdyrypdylar. Emma Putiniň sentýabryň ahyrynda onlarça müň rezerwdäki we beýleki raýatlary mobilizasiýa çekmek baradaky karary, maşgalanyň has ir gitmegine sebäp boldy.

“Biz Russiýada, diňe bir mobilizasiýa üçin däl, umuman galmagyň howpludygyna düşünýärdik” diýip, ol gürrüň berdi.

Alýonanyň äri Gazagystana gitdi. Podlesnyh jaýlaryny satyp, rubllaryny daşary ýurt walýutasyna geçirmek üçin Permde galdy. Ol ärinden birnäçe gün soň, Gazagystana aşdy.

Podlesnyhlaryň maşgalasy Serbiýada

Podlesnyh göçmezinden ozal, urşa açyk garşy çykýandygyny yglan etdi. Ol muny “hakykaty entegem görmeýänleriň gözüni açmak üçin” edendigini aýtdy. Ol ilki bada munuň “howply boljakdygyny çaklapdyr”.

Geçen ýylyň iýunynda ol ýerli prokuratura we medeni mirasy goramak boýunça gulluga ýüz tutup, şäheriň medeniýet merkeziniň daşynda “Z” harply uly plakatyň ýerleşdirilmeginiň kanunylygyny barlamaga çagyrdy. “Z” – urşy goldaýan emeldarlar we raýat toparlary tarapyndan Russiýanyň çozuşynyň simwoly, nyşanasy hökmünde ykrar edilýär.

Onuň sözlerine görä, banner entegem duran ýerinden aýrylmandyr, munuň deregine oňa haýbatlar gowuşyp başlapdyr. Ony “halk duşmany” (stalinçylyk döwrüniň aňlatmasy) atlandyryp başladylar. Maşgalanyň daşky garyndaşlary hem söz kakdyryp, olara haýbat atyp başladylar.

“Russiýada mundan beýläk galmagyň biziň üçin howpludygy aýan boldy. Elbetde, dymmak – bu bir çykalgady. Ýöne mende sem bolup oturmak islegim ýok. Şonuň üçin, ärim bilen Russiýany terk etmek barada dogry bir karara geldik. Aslyýetinde, bu ärimiň pikiridi. Bu karar meni halas etdi” diýip, ol sözüne goşdy.

Podlesnyh Gazagystanda bir aý ýaşanlaryndan soňra, özleri üçin şol sanda maddy taýdan has amatly Serbiýa gidendiklerini aýtdy. Olar Wengriýa bilen serhede golaý bir sebitde jaý satyn aldylar. Maşgalanyň iki çagasy hem mekdebe gatnap başlady.

Alýona mugallymçylyk kärini dowam etdirýär. Ol ukrain we rus bosgunlaryna kömek edýär. Şol bir wagtda, ol doly günlük iş ýerini hem gözleýär. Ol Russiýada henizem salgytlary töleýändigini aýdar. Onuň äri häzirlikçe işsiz.

“Men ýakyn wagtda ýagty durmuşyň başlajakdygyna ynanýaryn” diýip, Podlesnyh aýdýar.

“Çagalar maňa ýazýarlar”

Baýbekowa we onuň 17 ýaşly ogly ilki Germaniýanyň Zigmaringen şäherindäki bosgunlar lagerine ýerleşdirildi. Bu döwür içinde olaryň bosgunlyk almak baradaky arzasyna garaldy. Lagerdäki adamlaryň aglabasy ukrainalylar bolupdyr. Baýbekowanyň sözlerine görä, olar birek-biregi bilen dostlaşypdyrlar.

Soňra olary merkezi Baden-Wýurtemberg şäherine geçirdiler. Baýbekowa ol ýerde nemes dilini öwrenip başlady, ogly hem orta mekdebe gatnap başlady.

Ol ozalky okuwçylarynyň oňa dowamly jaň edýändiklerini we elektron hatlary ýazýandyklaryny aýdýar. Kämahal okuwçylar mekdepde diňlemäge mejbur edilýän propoganda äheňli ýazgylary we leksiýalary hem ýollaýarlar.

“Çagalar maňa ýazýarlar. Olar: ‘Biziň kellämizi nämeler bilen doldurýandyklaryny bir görsediňiz?’ diýýärler. Olar häzir goldawa mätäç. Men hem güýç ýetdigimden muny amal etjek bolýaryn. Men bu zatlaryň ählisiniň bir gün tamamlanjakdygyny, esasy zat – adamçylygyňy saklap galmagyň zerurdygyny aýdýaryn” diýip, Baýbekowa belleýär.

Nižegorodskiý oblastynyň obalarynyň birinde iňlis we nemes dilleri boýunça mugallymy Olga Lizunkowa, ýurtdan gitmek baradaky kararyna, aglaba okuwçylarynyň hereketiniň sebäp bolandygyny aýdýar. Okuwçylar mugallymyň üstünden mekdebiň administrasiýasyna şugul-arzasyny ýazdylar. Bu ýagdaý sentýabrda, haçanda mugallym sapak wagty uruş barada tankydy sözleri aýdanyndan soň ýüze çykdy.

Olga Lizunkowa Gyrgyzystanda

Lizunkowa ýaragly güýçleri ‘deskriditasiýa’ edeni, ýagny ‘abraýdan düşüreni’ üçin 30 müň rubl (şol wagtky kurs boýunça $500) jerime ýazdylar. Ony işinden hem çetleşdirdiler. Ertesi güni ol işden gitmek barada arza ýazdy.

“Munuň jerime we käýinç bilen tamamlanmajakdygy barada howatyrlar döredi. Näme üçinmi? Sebäbi, dymmak islemeýärin. Eger-de häzir hem Russiýada bolan bolsadym, urşa garşy pozisiýamy beýan etmegimi dowam etdirerdim” diýip, ol belleýär.

Onuň sözlerine görä, ol äri bilen birlikde jaýlaryny satyp, serhetden geçirmegi üçin bir sürüjini hakyna tutupdyrlar. Olar serhetden meselesiz geçdiler we bir aýdan soňra Gyrgyzystana aşdylar.

Lizunkowa iňlis diliniň mugallymy hökmünde halkara derejede ykrar edilýän sertifikaty almak üçin häzir okaýandygyny aýdýar. Onuň äri hem IT pudagynda täze bir käri edinmek üçin okuwa gatnap başlapdyr.

Ol käwagtlar ozalky önüp-ösen jaýlaryny ýatlaýandygyny aýdýar. Ol Russiýadan gitmek barada doly karara gelmediklere hem ýüzlenmek isleýär: “Eger-de gitmek isleýän bolsaňyz, ýöne birden munuň üçin maddy ýagdaýyňyz ýok bolsa ýa-da oturan ýeriňize gaty garaşly bolsaňyz, onda gam-gussa düşmäň. Mejbury migrasiýa bu – hem maddy, hem-de ruhy taýdan gaty agyr. Eger-de göçmek islemeýän bolsaňyz, bu siziň hakyňyz. Diňe häkimiýetler üçin ýurtdan çykmaly däl. Men ozal şeýle bir pikire duş geldim, ýagny, bagyşlarsyňyz, siziň öýüňiziň içine biri täret eden bolsa, näme üçin öý eýesi bu jaýdan çykmaly?” diýip, Lizunkowa sözüni jemleýär.