Zelenski: Russiýanyň Bahmut hüjümlerine garamazdan, öň hatarlar 'gözegçilik astynda'

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski, Kiýew, 28-nji fewral.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 1-nji martda eden gijeki wideo ýüzlenmesinde ukrain güýçleriniň "frontuň her bir künjegini gözegçilik astynda" saklaýandygyny aýtdy. Ýöne ol parahat ilatyň Moskwanyň raýat infrastrukturasyny nyşana almak bilen edýän "matlaply terrorçylygyndan" ejir çekýändigini hem sözüne goşdy.

"Ýurduň köp böleginde, bize degişlilikdäki howpsuzlygy üpjün etmegiň başardan ýerlerindäki [ýaşaýjylar] Russiýa bilen serhet ýakalarynda we ýurdumyzyň günortasynda ýaşaýan adamlaryň nähili durmuşda ýaşaýandyklaryny göz öňüne hem getirip bilmezler" diýip, Zelenski front liniýalarynyň boýundaky şäherleriň ruslar tarapyndan yzygiderli artilleriýa hüjümlerine sezewar edilýändigini belledi.

Şeýle-de Zelenski "gyşyň tamamlanandygyny" we hökümetiň "Ukrainany energiýa we ýylylyk bilen üpjün etmegiň hötdesinden gelendigini" aýtdy.

Russiýanyň raýat energiýa infrastrukturasyna garşy eden dowamly hüjümlerine garamazdan, gyşyň aňzakly sowugyndan aman çykmak bilen, Ukrainanyň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini "ýene bir uly ýeňlişe sezewar edendigini" biraz öň twitterde Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba hem belledi.

Şeýle-de Kuleba, “Ukrainanyň ýanynda durandyklary üçin”, Kiýewiň ýaranlaryna minnetdarlyk bildirdi. Bu sözler Bahmut şäherinde we töwereginde barýan aldym-berdimli söweşleriň arasynda, ukrain goragçylarynyň ruslaryň yzly-yzyna guraýan hüjüm tolkunlary bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtynda aýdyldy.

Ukrain goşuny1-nji martda Ukrainanyň gündogar Donetsk sebitindäki şähere garşy edilýän hüjümleriň ýene-de gürelendigini habar berdi.

Şu aralykda, Fransiýanyň AFP habar gullugyna elýeterli bolan teklip taslamasyndan belli bolşuna görä, Ýewropa Bileleşiginiň diplomatlary Brýusselde Kiýew üçin gyssagly ýagdaýda zerur bolan artilleriýa ok-därilerini satyn almak üçin 1 milliard ýewro bölüp bermäge taýýarlanýar..

ÝB resmileriniň hasaplamalaryna laýyklykda, rus güýçleriniň her gün atýan 50,000 töweregi top oky bilen deňeşdirilende, Ukraina her gün takmynan 7000 top okuny atýar. ÝB-niň goranmak ministrleriniň bu teklipleri 7-8-nji martda Stokgolmda geçiriljek ýygnakda ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.

Moskwanyň goşunlary Donetsk sebitiniň Liman, Awdiýwka we Şahtar şäherlerine hüjüm etdi, Bahmut bilen bilelikde, bu şäherler Russiýanyň birnäçe hepdä çeken dowamly hüjümlerinde esasy nyşana bolmaklarynda galýar diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň gündelik hasabatynda aýdylýar.

Şu aralykda, ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken, Hytaýyň Moskwa bilen aradaky gatnaşyklaryny bir ýyllyk konfliktiň soňlanmagyna itergi bermek üçin ulanmak baradaky çagyryşlarynyň arasynda, 20-ler topary (G20) ýurtlarynyň duşuşygyna Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşunyň kölege salandygyny aýtdy.

Garaşylyşy ýaly, dünýäniň iň uly ykdysadyýetleriniň urşuň täsirini peseltmäge synanyşmagy bilen, Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen ýygnakda Russiýanyň öz goňşusyna garşy alyp barýan giň gerimli urşy esasy meselä öwrüldi. G20 19 ýurtdan we Ýewropa Bileleşiginden ybarat bolup, dünýä ykdysadyýetiniň 85 göterimini we ýer togalarynyň ilatynyň üçden iki bölegini öz içine alýar.

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýygnagy açyp, global dolandyryş "şowsuzlyga" uçransoň, bu toparyň Ukraina üstündäki düşünişmezlikleri aradan aýyrmakda köpri bolmagyna çagyrdy.

Emma sekiz aýyň içinde rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen ilkinji gezek bir otagda oturan Blinken başga hörpden gopdy.

"Gynansagam, bu duşuşyk Russiýanyň Ukraina garşy esassyz we öjükdirilmedik urşy, raýat nyşanalaryna garşy alnyp barlan matlaply kampaniýasy we BMG-niň Düzgünamasynyň esasy ýörelgelerine garşy eden hüjümi sebäpli, ýene-de bir gezek bozuldy" diýip, žurnalistlere elýeterli bolan belliklerine görä, Blinken 2-nji martda toparyň daşary işler ministrlerine ýüzlenip aýtdy.

Şeýle-de, ol G20-iň noýabr aýynda Indoneziýanyň Bali şäherinde geçirilen sammitde Moskwanyň goşunlaryny Ukrainadan çykarmagy, halkara parahatçylygyny we global ykdysady durnuklylygyny üpjün etmek üçin, bu urşy togtatmak barada eden çagyryşyny gaýtalamalydygyny aýtdy.

"Hatda Ukraina goldaw üçin ýygnaýan wagtymyzda hem, biz global kynçylyklara üns bermegimizde galýarys. Dünýä zerur we onuň garaşýan zady hem şu” diýip, ol aýtdy.

Blinken bilen Lawrowyň G20 ýygnagynda ýüzbe-ýüz gepleşik geçirmegine garaşylmaýar.

Blinken bu sözleri Lawrowyň çäräniň çäginde Hytaýyň daşary işler ministri Çin Gang bilen gepleşik geçiren gününde aýtdy.

G20 liderleriniň köpüsi Hytaýyň Ukraina garşy söweşmek üçin Russiýany ýarag bilen üpjün etmek kararyna gelmeginden alada galýar we Pekini gyrada galmaga yrmagyň umydyny edýär.