Türkmen diasporasynyň wekilleri Halkara ene dili güni mynasybetli Berlinde edebiýat agşamyny geçirdi

Illýustrasiýa suraty. Aşgabat ş. 2012 ý.

Ýewropada ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri 21-nji fewral – Halkara ene dili güni mynasybetli şenbe güni Berlinde Edebiýat agşamsyny geçirdi.

Germaniýanyň paýtagtyndaky Günorta Azerbaýjan medeniýet merkezinde geçirilen çärä eýran türkmenleriniň, owgan türkmenleriniň, şeýle-de Türkmenistan türkmenleriniň wekilleri, ýazyjy-şahyrlar we beýlekiler gatnaşdy.

Medeniýet merkezinde 30 töweregi türkmen wekiliniň gatnaşmagynda geçirilen medeni çäre sosial torlar arkaly göni ýaýlymda hem efire berildi, onlaýn pikir alyşmalar gurnaldy.

“Biz Halkara ene dili gününi şeýle çäre bilen garşy aldyk. Halkara ene diliniň hormatyna türkmen edebiýat agşamyny geçirdik. [Türkmen] dili we edebiýaty dünýäniň islendik ýerinde ýaşaýan türkmenlere degişli bolup durýar. Häzirki zamanyň dil we edebiýat meseleleri türkmenleriň arasynda şeýle gatnaşyklary döredip bilse, arkalaşyk döredip bilse, diýlen umyt-arzuwlar bilen, bilelikde şeýle çäre geçirdik” diýip, Edebiýat agşamynyň gurnaýjylaryndan bolan Ýewropadaky eýran türkmenleriniň wekili, jemgyýetçilik aktiwisti Ýusup Kor Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Degişli maglumat Kor: Türkmenler Eýrandaky protestlere gatnaşyp, demokratiýa we azatlyk talap edýärler

Çäräniň gurnaýjylary Edebiýat agşamsyna dünýäniň dürli künjeklerinden, şol sanda Kanadadan, Eýrandan we Owganystandan türkmen diasporalarynyň wekilleriniň gatnaşandygyny aýdýarlar.

Çärede çykyş eden ýazyjy-şahyrlar we alymlar türkmen diliniň ähmiýeti barada söz sözlediler.

Ýewropadaky türkmen diasporasynyň wekilleriniň tagallalary bilen geçirilen çärede ýygnananlar türkmen diliniň meselelerini, galyberse-de dünýäniň dürli ýurtlaryndaky türkmen diasporalarynyň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Edebiýat agşamsynyň dowamynda türkmen dilinde goşgular okaldy, türkmen sazlary ýaňlandy.

“Ene dili örän möhüm mesele. Sebäbi, millet öz dilini ýitirse, onda öz menligini ýitirýär, öz milli aýratynlygyny ýitirýär. Onsoň-da, dil ähli ösüşleriň, geljekki ösüşiň, kämilleşmegiň çeşmesi bolup durýar. Eger-de, şol dile nirede rugsat berlen bolsa, şol ýerde medeniýet has oňat ösüp bilýär, nirede gadagançylyk bolsa, ol ýerde medeniýet-de, ylym-da beýle bir ösüp bilmeýär” diýip, çärä gatnaşan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally türkmenleriň Berlinde geçiren edebiýat agşamsynyň ähmiýeti barada gürrüň berdi.

Ýazyjy pikir alyşmalarda türkmen edebiýatyndaky nusgawy şahyrlaryň, şol sanda Nurmuhammet Andalybyň hem-de Şeýdaýynyň türkmen diliniň ähmiýeti barada galdyran eseleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny gürrüň berdi.

“Dil diýilýäni şeýle bir göze görnüp duran zat. Dili ösdürseň, medeniýet hem ösýär, ylym hem ösýär, jemgyýet hem ösýär. Eger-de, sen şol dili gyssaň, onda şol ösüş durýar. Ýagny, kolonizatorlaryň hem-de diktatorlaryň jemgyýetiň ösüşine garşy bir serişdesi, onuň ene dilini gysmak bolup durýar” diýip, türkmen ýazyjysy Berlinde geçirilen Edebiýat agşamsynyň özünde galdyran täsirleri barada gürrüň berdi.

"Türkmensährasy"

Jemgyýetçilik aktiwisti Ýusup Kor Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde Berliniň medeniýet merkezinde geçirilen çäräniň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Koruň ynanjyna görä, çäräniň gibrid usulda geçirilmegi, onuň sosial torlar arkaly göni efirde ýaýlyma berilmegi has giň pikir alyşmalara mümkinçilik döretdi.

“Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde wirtual dünýäniň roly artýar. Sebäbi digitallaşma ýer ýüzündäki adamlara dürli mümkinçilikleri hödürleýär. Şu mümkinçiliklerden peýdalanjak bolmaly. Biz hem şol maksat bilen, çäräni göni efirde Instagramda we beýleki sosial torlar arkaly ýaýlyma berdik. Şeýlelikde, biz hökümetleriň döredýän kynçylyklaryna garamazdan, häzirki döwrüň islendik päsgelçiliklerine garamazdan, şeýle çärelere gatnaşmaga hiç hili päsgelçiligiň ýokdugyny görkezmek üçin şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp bildik diýip hasaplaýaryn” diýip, Ýusup Kor Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

BMG-niň Ylym, bilim we medeniýet boýunça edarasy, ÝUNESKO, her ýylyň 21-nji fewralyny Halkara ene dili güni yglan etdi.

Türkmenistanyň daşynda, dünýäniň dürli künjeklerinde, hususan-da Eýranda we Owganystanda millionlarça etniki türkmen ýaşaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.