Russiýanyň artilleriýasy Donetske zarba urýar, Zelenski ukrain güýçleriniň pozisiýalaryny saklaýandyklaryny aýdýar

Prezident Wolodymyr Zelenski ukrain güýçleriniň front liniýasyny saklaýandyklaryny aýdýar.

Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň Donetsk we Luhansk sebitlerine artilleriýa toplaryny atdylar we howa zarbalaryny urdular. Bu barada ukrain harbylary 22-nji fewralda habar berdiler. Bu aralykda, ýerli regional resmiler günortadaky Dnipropetrowsk sebitine hem agyr zarbalaryň urlandygyny aýdýarlar. Emma prezident Wolodymyr Zelenski Moskwanyň artdyrýan basyşlaryna garamazdan, ukrain güýçleriniň front liniýasyny saklaýandyklaryny aýtdy.

Ukrainanyň Donetsk regionyndaky Bahmut, Lyman we Awdiýiwka şäherlerinde agyr çaknyşyklar dowam edýär. Bu sebitde ukrain harbylary Russiýanyň Fedoriwka, Ýahidne we Berhiwka ugurlary boýunça hüjümlerini yza tesdirdiler. Bu barada Ukrainanyň harbylarynyň Baş harby ştaby özüniň gündelik hasabatynda mälim etdi.

Maglumata görä, Luhansyň Kuzemiwka we Dibrowa, şeýle-de demirgazyk-gündogardaky Harkiw regionynyň Kupýansk ilatly nokatlarynda hem Russiýanyň hüjümlerine gaýtawul berlipdir. Habarda Russiýanyň saýgarmazdan atýan raketalarynyň ýaşaýyş jaýyny weýran edendigi, netijede parahat ilatyň arasyndan adamlaryň ölendigi we ýaralanandygy bellenilýär. Ýitgiler baradaky anyk sanlar takyklaşdyrylmaýar.

22-nji fewralda irden Russiýa Dnipropetrowsk regionynyň Nikopol şäherini nyşana aldy. Bu barada regional häkim Serhiý Lisak Telegram kanalynda mälim etdi.

“Öten agşam duşman Dnipropetrowske hüjüm etmedi. Emma şu gün ir bilen sagat 6-da agressor Nikopola agyr artilleriýa toplaryny artdy” diýip, Lisak belledi. Ol häzirki pursat hüjümde heläk bolanlar barada maglumatyň elýeterli däldigini hem sözüne goşdy.

21-nji fewralda Russiýanyň günortadaky Herson şäheriniň ilatly sebitine uran zarbalary netijesinde asuda ilatyň arasyndan alty adam öldi, başga-da 12-si ýaralandy. Bu barada habar berýän regional häkim Oleksandr Prokudin hüjümiň netijesinde sebite uly zyýanyň ýetendigini hem sözüne goşdy.

Emma Zelenski 21-nji fewralda giçlik eden çykyşynda “Russiýanyň çekýän ýitgilerine garamazdan hüjümlerini dowam etdirýän bolsa-da”, ukrain güýçleriniň front liniýasyny saklaýandygyny nygtady. Ol bu barada ukrain harby ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygyndan soň çykyş etdi.

“Biziň güýçlerimize edilýän uly basyşlara garamazdan, front liniýasynyň üýtgewsiz saklanmagy juda möhümdir” diýip, Zelenski gijeki ýüzlenmesinde aýtdy.

Bu aralykda, 21-nji fewralda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ukrainadaky urşy ikinji ýylynda hem dowam etdirmek wadasyny bereninden birnäçe sagat soň, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Polşanyň paýtagtynda sözlän sözünde Moskwanyň urşunyň Kiýewe arka durýan global ýaranlyk sebäpli şowsuz boljakdygyny aýdyp, oňa berk jogap berdi.

Baýden Ukraina "üýtgewsiz" goldaw berjekdigini wada berdi we urşuň ilkinji ýyl dönüminiň ýakynlaşmagy bilen, NATO-nyň aýgytlylygynyň dowam edýändigini aýtdy.

"Prezident Putiniň ýer we häkimiýete babatyndaky nebsi ýol almaz, ukrain halkynyň öz ýurduna bolan söýgüsi rüstem çykar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Dünýä demokratiýalary şu gün, ertir we hemişe biziň azatlygymyzyň goragynda durar. Bu ýerde bijä goýlan zat - azatlyk" diýip, ol nygtady.

Baýdeniň çykyşyndan birnäçe sagat öň Putin özüniň halka ýüzlenmesini ulanyp, Moskwanyň Ukraina garşy alyp barýan urşuny esaslandyrmaga synanyşyp, Russiýa bir ýyl töweregi ozal Ukraina çozanyndan soň Kiýewiň daşyna jemlenen günbatar ýurtlarynyň Russiýanyň bolmagyna howp salýandygyny öňe sürdi.

“Urşy başlan olar. Biz güýji onuň soňuna çykmak üçin ulanýarys” diýip, Putin Russiýanyň Federal ýygnagyna ýüzlenip sözlän sözünde aýtdy.

Putiniň ABŞ-nyň prezidentiniň Kiýewe eden taryhy saparynyň yz ýanyna gabat gelen ýüzlenmesi dekabr aýynda, rus goşunlarynyň Ukrainada ýüzbe-ýüz bolan ýeňlişleri sebäpli goýbolsun edilipdi.

Wladimir Putin Federal ýygnaga eden ýüzlenmesinde Russiýanyň Strategiki hüjüm ediji ýarag şertnamasyna (START) gatnaşmagyny togtadýandygyny yglan etdi. Putiniň sözlerine görä, Russiýa Federasiýasy şertnamadan çykmaýar, ýöne ony ýerine ýetirmez.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken hem öz gezeginde Russiýanyň START-a gatnaşmagyny togtatmak baradaky kararyny "gaty gynandyryjy we jogapkärçiliksiz" diýip atlandyrdy.