2022-nji ýylyň mart aýynyň başynda Ukrainanyň günortasyndaky Herson sebitinde ýerleşýän Stepaniwka şäheri rus goşunlary tarapyndan basylyp alnanda, ýerli ýetimler öýünde onlarça çaga bardy. Ýetimler öýüniň müdiri Wolodymyr Sahaýdak ilkibada işgärleriň ýetimleriň Ukrainanyň gözegçiligindäki ýerlere ewakuasiýa edilmegini umyt edendigini aýtdy.
"Emma bu umyt günsaýyn azalýardy" diýip, Sahaýdak Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna aýtdy. "Üç aý töweregi wagt geçensoň, hiç kimiň bizi basyp alyşdan çykaryp bilmejekdigine düşündik, esasanam ruslar bu kategoriýadaky çagalary beýle mukdarda goýbermeýärdiler" diýip, ol sözüne goşdy.
Şol wagtda ruslaryň müňlerçe ukrain çagasyny Russiýa tarapyndan basylyp alnan Kryma ýa-da Russiýa äkidilýändigi barada habarlar peýda bolýardy.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan goldanýan adam hukuklary taslamasynyň çäginde Ýale uniwersitetiniň jemgyýetçilik saglygy mekdebiniň ynsanperwer gözleg laboratoriýasynyň 14-nji fewralda beren hasabatyna görä, 2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndaky giň gerimli çozuşdan soň, azyndan 6000 ukrain çagasy Ukrainanyň täze basylyp alnan ýerlerinden çykaryldy. Olaryň arasynda "ýetim çagalar we döwlet edaralarynda galýan adamlar olup, olar perzentlige berilmek we/ýa-da terbiýe bermek üçin Russiýanyň çägine deportasiýa edilen ýaly bolup görünýär".
Hasabatda şeýle hereketleriň "käbir ýagdaýlarda uruş jenaýaty we adamzada garşy jenaýat bolup biljekdigi" aýdylýar.
"Biz basylyp alnypdyk. Ýüzbe-ýüz, maliýeleşdirilmezden, hökümetiň goldawy bolmazdan we bu kyn boldy. Elbetde, durmuşymyzyň düýpgöter üýtgejekdigine düşündik" diýip, Sahaýdak belledi.
Sahaýdagyň gözegçiliginde bolan 3-18 ýaş aralygyndaky 53 çaga we ýetginjek bukuda ýaşamaly boldy.
"Biziň hemmämizi Russiýa alyp gidip bilerdiler"
Basyp alyşyň ilkinji günlerinde parahat ilat öz maşgalalaryny howpsuz ýere alyp, sebitden gaçdy. Ýetimler öýüniň işgärleri hem olara goşuldylar. Tiz wagtdan soň, ýetimler öýünde Sahaýdak we başga-da iki işgär galdy.
Basyp alyjy häkimiýetler giçlik sagat 5-de komendant sagadyny güýje girizdiler we jemgyýetçilik transport serişdeleri sagat 3-de işlemegini bes etdi. Adatça agşam sagat 8-e çenli işleýän işgärler öýlerine gitmek üçin öýlän sagat 2-de ýetimler öýünden gitmeli boldular diýip, ol aýtdy.
Wolodymyr Sahaýdak
"Biz bu döwürde dildüwşükli durmuşda ýaşadyk. Çagalar daşaryk çykyp bilmeýärdiler. Biziň ýapyk howlymyz bardy... köçeden görünmeýärdi. Çagalary kiçijik toparlara bölüp, 15 minutlyk daşary çykarýardyk. Olar gygyryp ýa gülüp, ýa-da töwerekde ylgap bilmeýärdiler. Olar islendik ses çyksa, bizi tapjakdyklaryny bilýärdiler" diýip, Sahaýdak aýtdy.
"Olar hemmämiziň Russiýa äkidilip bilinjekdigimize düşündiler, şonuň üçin özlerini gowy alyp bardylar" diýip, ol sözüne goşdy.
Soňra Sahaýdak we ýetimler öýüniň beýleki işgärleri çagalara basyp alnan territoriýalarda galan duýgudaş maşgalalaryň öýlerinde ýuwaş-ýuwaşdan gaçybatalga tapdylar. Käbir maşgalalar özlerine uly töwekgelçilik edip, üç ýa-da dört çagany öz ýanlaryna aldylar.
Sahaýdak maşgalalaryň basyp alyjy häkimiýetleriň köp sanly barlag nokatlaryndan geçmegine kömek etmek maksady bilen, hatlary we resminamalary galplaşdyrmak üçin "Photoshop" tilsiminden peýdalanmagy öwrenendigini hem aýtdy.
Tomus möwsüminde ruslar ýetimler öýüne geldiler, ýöne olar çagalary alyp gitmediler, olar başga çagalara hem bu ýerde gaçybatalga soradylar.
"Iýun aýynda ruslar bizi tapdylar. Olar munuň çagalar üçin gaçybatalga ýeridigini bilýärdiler. Olarda bir kynçylyk bardy, sebäbi olar Nowopetriwkanyň birinji uruş liniýasynda çagalar internatyny tapdylar. 15 çaga internatyň ýerzeminde gaçybatalga tapypdy" diýip, Sahaýdak belledi.
"Rus esgerleri olary bize getirdiler. Olar gorkupdylar, sebäbi özleri Russiýa äkidilýändir öýdüpdirler" diýip, ol çagalaryň harby ulaglarda getirilendiklerini hem belledi.
Täze çagalar üç aýlap ýetimler öýünde boldular, basyp alyjy häkimiýetler wagtal-wagtal gelip, olary barlaýardylar. Sahaýdak olary gizlemäge synanyşmady, sebäbi gözleg işleri geçirilse, munuň beýleki çagalaryň hem tapylmagyna sebäp bolup biljekdigini bilýärdi.
"19-njy oktýabrda [ruslar] Herson sebitinden gidip başlanda, elbetde olar gelip, çagalary alyp gitdiler" diýip, Sahaýdak aýtdy. Ol çagalaryň ilki Ukrainanyň basyp alnan Krym sebitine, soňra bolsa Russiýanyň Anapa şäherine äkidilendigini belledi.
Ruslar Herson şäherinden we sebitiň beýleki böleklerinden, şol sanda Stepaniwkadan yza çekilip başlandan soň, Sahaýdagyň ýetimler öýündäki çagalar goňşy Mykolaýiw sebitine göçürildi.
Şäheriň demirgazyk-günbatar çetinde ýerleşýän Stepaniwka yzygiderli ot açylýar. Ukraina Hersonyň gözegçiligini gaýtadan ele salandan soň, 11-nji dekabrda amala aşyrylan rus zarbasy netijesinde ýetimler öýüniň binasyna zeper ýetdi diýip, Sahaýdak aýtdy.
"Biz merkezimize dolanyp bilmeýäris. Sebäbi Hersona ot açylýar, her gün ot açylýar" diýip, ol belledi.
Makala Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň "Azow habarlaryndan" Ýuliýa Şetinanyň maglumatlaryna esaslanylyp, Robert Koalson tarapyndan taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.