Ukrain güýçleri ýurduň gündogaryndaky we demirgazyk-gündogaryndaky ondan gowrak oturymly ýerde rus goşunlarynyň eden hüjümlerini yzyna serpikdirdi we olaryň “ep-esli ýitgi” çekmegini gazandy diýip, Ukrain goşuny 14-nji fewralda aýtdy.
"Biziň esgerlerimiz basybalyjylaryň Harkow sebitiniň Hrýanikiwka şäherçesiniň, Luhansk sebitiniň Newske, Kreminna, Kuzmine, Şipliwka we Bilohoriwka, Donetsk sebitiniň Fedoriwka, Paraskowiýwka, Bahmut, Wodýan, Marýinka we Pobýedkaýa şäherçeleriniň töwreklerinde eden hüjümlerini yzyna serpikdirdi” diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby aýtdy.
Ukrain goşunlary "goranyşy güýçlendirmek üçin goşmaça çäreleri görýärler" diýip, beýanatda aýdylýar. Şeýle-de, beýanatda bellenmegine görä, Russiýa geçen günüň dowamynda 32 sany howa zarbasyny urdy, iki gezek raketa hüjümini etdi.
Britan aňtaw gullugynyň 14-nji fewralda çap eden gündelik hasabatynda aýdylmagyna görä, rus hakyna tutma topary “Wagner” soňky üç günde “Donbas sebitiniň üstünde söweşilýän Bahmut şäheriniň demirgazyk çetinde, şol sanda Krasna Hora obasynda ýene-de biraz ilerleme gazandy”.
Rus goşunlary indi birnäçe aý bäri strategiki şäherçeleri we şäherleri, şol sanda 13-nji fewralda güýçli artilleriýa hüjümine sezewar bolan Bahmuty ele geçirmäge synanyşýarlar.
Eger-de Bahmuty ele geçirip bilseler, bu rus güýçlerine Donetsk sebitinde täze geçelge mümkinçiligini döreder.
"Russiýa ukrain güýçleriniň 2022-nji ýylyň sentýabr-noýabr aýlarynda yzyna alan ýerleriniň käbir bölegini gaýtadan basyp almaga çalyşýana meňzeýär: olaryň bu ýerdäki iň ýakyn maksadynyň günbatara, Žerberets derýasyna tarap ilerlemekden ybarat bolmagynyň hakyky ähtimallygy bar" diýip, Angliýanyň Goranmak ministrliginiň gündelik hasabatynda aýdylýar.
NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg ukrain resmileriniň Russiýanyň Ukrainada täzeden ullakan bir hüjüme başlandygy barada aýdanlarynyň dogrudygyny aýtdy.
Stoltenberg 13-nji fewralda Brýusselde, žurnalistler bilen bolan söhbetdeşlikde Günbatar harby bileleşiginiň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň parahatçylyga taýýarlanýandygyny görkezýän "hiç bir alamat görmeýändigini" aýtdy.
NATO-nyň goranmak ministrleriniň 14-nji fewralda Brýusselde başlanýan iki günlük duşuşygy Kiýewi ýarag bilen üpjün edýän onlarça ýurduň, “Ramşteýn topary” diýilýäniň Germaniýadaky ýygnanyşygynyň yz ýanyna gabat geldi.
Ukrainanyň öz günbatar ýaranlaryny söweş uçarlary we uzak aralyga ýetýän raketalar bilen üpjün etmäge çagyrmagy bilen, Ramşteýn toparynyň bu duşuşykda Kiýewe mundan beýläk berilmeli harby kömegi ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.
NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg uçar meselesiniň Ukrainanyň goranmak ministri Oleksiý Reznikowyň gatnaşjak NATO ýygnagynda ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.
"Biziň görýän zadymyz prezident Putin we Russiýa şindem Ukraina gözegçilik etmek isleýär" diýip, Stoltenberg aýtdy. “Biz olaryň ýene nähili köp goşun, köp ýarag we köp ukyp-başarnyklary iberýändigini görýäris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Kiýew diňe bir gündogarda, Donbasyň Donetsk we Luhansk sebitlerini nyşana alýan hüjüme däl, eýsem Ukrainanyň demirgazyk-gündogaryndaky Harkow sebitini we günorta-gündogardaky Zaporižýa sebitini hem nyşana alyp biljek giň gerimli hüjüme garaşýar.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 13-nji fewral agşamy eden çykyşynda gündizine harby serkerdeler bilen duşuşyp, Donetsk we Luhansk sebitlerini, şeýle-de Ukrainanyň günortasyny, şol sanda Odesany goramak barada maslahatlaşandygyny aýtdy.
"Ýaraglar, ok-däriler bilen üpjünçilige hem-de esgerlerimize güýç we durnuklylyk getirýän ähli zada ýakyndan we hemişe üns berilýär" diýip, prezident goşmaça maglumat bermekden saklandy.
Şu aralykda Kreml ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky NATO harby bileleşiginiň Russiýa garşy duşmançylygyny her gün görkezýändigini we Ukrainadaky konflikte barha kän goşulýandygyny aýtdy.
"NATO bize duşmançylykly gurama we bu duşmançylygy her gün subut edýär" diýip, Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow 14-nji fewralda žurnalistlere aýtdy.
Moskwa NATO ýurtlary tarapyndan Ukraina berilýän ýaraglaryň bu konflikti uzaga çekýändigini we onuň mundan beýläk hem möwjemek mümkinçiligini ýokarlandyrýandygyny aýdýar.
Kiýew we Günbatar bolsa, Russiýanyň hüjümlerinden goranmagyna kömek etmek üçin, Ukraina kämil harby enjamlaryň iberilmeginiň juda wajypdygyny aýdýarlar.