Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski soňky döwürde ýurduň çar künjegindäki energiýa infrastrukturasyna gönükdirilen rus zarbalaryndan soň tok üpjünçiligini dikeltmek ugrunda edilen tagallalara ýokary baha berdi. Şol bir wagtda-da ol gyşyň aňzakly howasynda adamlary kyn ýagdaýa salyp biljek täze hüjümleriň edilmek ähtimallygyny duýdurdy.
Ukrainanyň prezidenti 12-nji fewral agşamy eden ýüzlenmesinde elektrik işgärleriniň rus pilotsyz uçarlary we raketa zarbalary sebäpli 10-njy fewralda ýeten zyýanyň köpüsini aradan aýrandygyny aýtdy.
Emma muňa garamazdan, ol “munuň entek energiýa frontundaky aýgytly ýeňiş däldäidigini”, Russiýanyň bu ýere “ýene kän terrorçylykly hüjüm edip biljekdigini” aýtdy.
Russiýa soňky aýlarda Ukrainanyň energiýa pudagyna we beýleki kommunal hyzmatlaryna birnäçe gezek tagyrlaýyn hüjüm etdi. Tankytçylar munuň gyş aýlarynda parahat ilaty ýagtylykdan, ýyladyşdan we suwdan kesmek maksady bilen edilen işdigini aýtdylar.
10-njy fewralda urlan zarbalar Ukrainanyň alty sebitindäki elektrik desgalaryny nyşana alyp, prezident Zelenskiniň Günbatar Ýewropanyň paýtagtlaryna eden saparyndan yzyna dolanan wagtynda uruldy. Zelenski bu saparda Russiýanyň bir ýyl töweregi dowam edýän hüjümlerinden goranmak üçin, günbatarly ýaranlardan has kän ýarag sorady.
Zelenski Londona, Parže we Brýussele eden sapary wagtynda uzak aralyga ýetýän raketalar, söweş uçarlary we has köp tank ýaly, Russiýanyň täze hüjümine garaşylýan wagtynda zerur bolan döwrebap ýaraglaryň berilmegine çagyrdy.
Ukrainanyň gündogar Donbas sebitinde aldym-berdimli söweşler dowam edýär, rus goşunlary bu ýerde strategiki Donetsk sebitiniň Bagmut şäherini almak üçin uly tagalla edýär.
Ruslaryň hakyna tutma “Wagner” toparyny esaslandyryjy Ýewgeniý Prigožin 12-nji fewralda öz güýçleriniň rus goşunlary üçin gündogar Donetsk sebitindäki esasy maksada öwrülen Bahmutyň eteginde ýerleşýän obany, Krasna Horany ele geçirendigini aýtdy we basym Bahmuty hem basyp almagy wada berdi.
24-nji fewralda Russiýanyň Ukraina garşy başlan sebäpsiz çozuşyna we başda Ukrainanyň köp bölegini basyp alanyna bir ýyl dolýar.
Ukrain goragçylarynyň güýzde eden garşylykly hüjümleri ukrain güýçleriniň Ukrainanyň gündogar Donetsk we Luhansk sebitlerinden ybarat Donbasda basylyp alnan ýerleriň käbir böleklerini yzyna alandygyny görkezdi. Şondan soň Russiýa “Wagner” toparyny we harby goşunlary ulanyp, tutuş territoriýany yzyna almaga çalyşýar.
Ukrain resmileri synçylaryň eýýäm başlandygyna ynanýan giň gerimli rus hüjüminde bar ünsüň Donbasa, Ukrainanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Harkow sebitine we günorta-gündogardaky Zaporižýa sebitine jemlenmegine garaşýarlar.
Kiýewiň ynanjyna görä, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin çozuşyň ýyl dönüminiň öňüsyrasynda, 21-nji fewralda öz halkyna ýüzlenip etjek çykyşynda magtanar ýaly, söweş meýdanynda belli bir derejede üstünlik gazanmaga bil baglaýar.
Ukrain goşunynyň habar bermegine görä, rus güýçleri soňky iki hepdäniň dowamynda günde 820 adamdan gowrak ýitgi çekdi. Britan aňtaw gullugy hem rus goşunynyň uruş başlanaly bäri söweş meýdanynda iň agyr ýitgileri çekýändigini aýdýar.
Esasy üns rus güýçleriniň uly ýitgi çekendigi aýdylýan berk goragly şäherlere, Donetsk sebitindäki Bahmut we Wuhledar şäherlerine gönükdirilýär.
Rus goşunlary Luhansk sebitinde Bilohoriwka we Kreminna şäherlerini nyşana aldy. Bu şäherler Donetsk sebitiniň günbatar çäkleriniň golaýynda ýerleşýär.
Ukrain goşuny 13-nji fewralda Russiýanyň Bahmut, Bilohoriwka, Kreminna we Zaporizhýa sebitindäki hüjümlerini yzyna serpikdirendigini aýtdy.
Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň sekretary Oleksi Danilow altynjy gün agşam Ukrainanyň telewideniýesine beren interwýusynda Russiýanyň 2023-nji ýylda etmegine garaşylýan hüjüminiň eýýäm başlanandygyny, ýöne berk garşylyga duçar bolýandygyny aýtdy.
Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň beýanatynda rus güýçleriniň soňky 24 sagadyň dowamynda dört sany raketa zarbasyny urandygy, tapgyrlaýyn raketa ulgamlaryndan 85 raketa atandygy aýdylýar.