Russiýa 26-njy ýanwar güni irden, öten agşam uran dron zarbalarynyň birnäçe sagat soňundan, Ukrainadaky infrastruktura nyşanalaryna täze raketa zarbasyny urup, azyndan bir adamyň ölmegine we elektrik togunyň kesilmegine sebäp boldy.
Ukraina ýurduň köp böleginde howa hüjümi duýduryşyny yglan etdi, Kiýew häkimiýetleri hem Russiýanyň raketa hüjümi barada duýduryş berdi, gündogarda bolsa, Moskwanyň güýçleri ukrain goragçylaryna görkezýän basyşlaryny güýçlendirdi.
Kiýewiň häkimi Witali Kliçko paýtagta urlan zarbada bir adamyň ölendigini, iki adamyň ýaralanandygyny aýtdy we ýaşaýjylary gaçybatalga ýerlerinde galmaga çagyrdy .
"Holosiýiw etrabynda bir ýaşalmýan bina gelip uran raketa netijesinde bir ölendigi, iki adamyň ýaraly bolandygy barada maglumat bar. Ýaralananlar keselhana ýerleşdirildi" diýip, ol aýtdy.
Ukrainanyň prezident administrasiýasynyň başlygy Andriý Ýermak Telegramda ýerini görkezmän "ilkinji rus raketalarynyň eýýäm urlup ýykylandygyny" aýtdy.
Häkimiýetler raýatlaryň wehim signalyny äsgermezlik etmezliklerini we gaçybatalgalarda galmagyny haýyş etdi.
DTEK elektrik firmasy bolsa, raketa hüjüminiň ähtimallygy sebäpli, Kiýewde we paýtagtyň töweregindäki sebitlerde, Odesa we Dnipropetrowsk sebitlerinde elektrik üpjünçiligini gyssagly ýagdaýda kesýändigini aýtdy.
Prezident Wolodymyr Zelenski, Germaniýa bilen Birleşen Ştatlar Kiýewi öňdebaryjy söweş tanklary bilen üpjün etmek wadasyny bereninden birnäçe sagat soň çykyş edip, Ukrainanyň howa goragyny güýçlendirmek maksady bilen, Kiýewiň günbatar ýaranlaryny uzak aralyga ýetýän raketalary we harby uçarlary ibermäge çagyrdy.
Zelenski 25-nji ýanwarda eden gijeki wideo ýüzlenmesinde indi "Ukrainanyň uçar üpjünçiliginiň düzedilmeginiň" zerurdygyny aýtdy.
Ukrainanyň söweş meýdanyndaky güýçleri rus güýçleriniň gündogarda, hususan-da Donets sebitindäki Bahmutda we Awdiýwkada, Luhansk sebitindäki Çerwopopiýwkada edýän üznüksiz hüjümleriniň öňüni almagy dowam etdirdiler diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň 26-njy ýanwardaky gündelik hasabatynda aýdylýar.
Ukrain güýçleri Russiýanyň öten agşam eden hüjümleriniň çäginde uçuran 24 sany pilotsyz uçaryny, şol sanda Kiýewiň üstünden uçurylan 15 uçary ýok etdi diýip, baş ştab aýtdy we Russiýanyň has kän howa reýdini geçirmek ähtimallygyny duýdurdy.
"Köp ýitgi çekýändigine garamazdan, duşman özüniň hüjüm hereketlerini togtatmady" diýip, baş ştab aýtdy we ukrain goragçylarynyň Limandaky, Kupýanskdaky, Zaporižýadaky we Hersondaky hüjümleri yzyna serpikdirendigini belledi.
Russiýa Bahmut şäheriniň golaýyndaky hüjümini "güýçlendirýär" we 11 aýlyk hüjümiň dowamynda iň gyzgyn nokada öwrülen ýerde iň "köp möçberdäki esgerlerini we ýaraglaryny" jemledi diýip, goranmak ministriniň orunbasary Hanna Malýar 25-nji ýanwarda aýtdy. Onuň tassyklamagyna görä, “duşman” frontuň "Bahmut we Wuhledar ugurlaryndaky basyşyny güýçlendirýär".
Ukrain resmileri 25-nji ýanwarda Donetsk sebitindäki duz-magdan şäherini, Soledary rus güýçlerine aldyrandygyny boýun aldylar, harby hünärmenleriň köpüsi ruslaryň bu sebitde ýaz hüjümine taýýarlanýandygyny çaklaýar.
Berlin we Waşington, Russiýanyň garaşylýan garşylyklary barada NATO ýaranlarynyň arasynda birnäçe aýlap dowam eden çekeleşiklerden soň, Ukrainany soraýan tanklary bilen üpjün etmek ylalaşygyna geldi.
Zelenski ýaranlaryň kämil tanklary ibermek babatdaky ygrarlylygyna ýokary baha berdi we Kiýewi uly mukdarda beriljek tanklar bilen çalt üpjün etmäge çagyrdy.
"Häzirki wagtda esasy zat tizlikde we möçberde. Güýçlerimize tälim bermegiň tizliginde, Ukrainany tanklar bilen üpjün etmegiň tizliginde. Tank goldawyndaky möçberde" diýip, ol aýtdy. "Biz şeýle "tank ýumrugyny ", şeýle "erkinlik ýumrugyny" emele getirmeli" diýip, Zelenski sözüniň üstüni ýetirdi.
"Biziň goranmak hyzmatdaşlygymyzyň beýleki ugurlarynda hem öňegidişligiň bolmagy gaty wajyp" diýip, ukrain prezidenti aýtdy.
"Şeýle-de, biz Ukrainanyň uzak aralyga ýetýän raketalar bilen üpjün edilmegini açmaly. Bu möhüm – biz özümiziň artilleriýa hyzmatdaşlygymyzy hem giňeltmeli, biz Ukrainanyň uçar bilen üpjün edilmegine girmeli. Bu bir arzuw. Bu bir wezipe" diýip, Zelenski aýtdy.
Prezident Jo Baýden 25-nji ýanwarda Birleşen Ştatlaryň Ukraina ýokary derejeli “Abrams” tanklarynyň 31-sini iberjekdigini, şol bir wagtda bu göçümiň Russiýa wehim salmaýandygyny aýtdy.
Moskwa Günbataryň Ukrainany kämil tanklar bilen üpjün etmegini howply prowokasiýa hökmünde häsiýetlendirdi.