Eýranlylar guşçulyk fermasynyň işgäriniň, çagalaryň tälimçisiniň asylyp öldürilmegine nägilelik bildirýär

Mohammad Hosseýni

Tähran Muhammad Hosseýniniň jezalandyrylmagyny ýurtda dowam edýän hökümete garşy protestlere gatnaşylmagyna ýol berilmejekdiginiň alamaty hökmünde göz öňünde tutan bolsa-da, onuň hakydasy döwlet repressiýalarynyň pidasy hökmünde ýaşaýar.

39 ýaşly guşçulyk fermasynyň işgäri we tälimçi Hosseýni noýabr aýynda Tähranyň golaýyndaky şäherde, ýas tutýanlaryň arasynda Eýranyň harby güýçleriniň bir agzasyny öldürmekde aýyplanan mahaly, özüniň hossarlaryndan goldaw alyp bilmedi.

Gyssagly geçirilen sud diňlenişiginde "ýerdäki korrupsiýada" günäkär tapylansoň, Hosseýni ölüm jezasy bilen jezalandyrylmagyna garaşýan mahaly, onuň maşgalasyndan we dostlaryndan hiç kim ony baryp görmedi.

Hiç kim, hatda onuň üç dogany-da Hosseýni ýanwar aýynyň başynda asylmazdan ozal ömrüniň halas edilmegini haýyş edip, köpçülik öňünde çykyş etmedi we habarlarda hiç kimiň onuň jesedini derrew talap etmändigi aýdyldy.

Hosseýni bilen ýakyn gatnaşygy bolmadyk dogany "hiç kim bilen gürleşmejekdigi we ony ümsümlikde jaýlajakdygy" barada wada berensoň, oňa tälimçiniň jesedi berildi diýip, çeşmeler Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Radio Farda gullugyna aýtdylar.

Ýöne onuň ölüminden soňky hepdelerde, Hosseýnä özlerini ýönekeý durmuşda ýaşaýan, saglyk meseleleri bolan we garyp maşgalalaryň çagalaryna söweş sungatlaryny öwretmek arkaly jemgyýete kömek eden döwlet repressiýasynyň pidalarynyň "ejeleri", "doganlary" we "uýalary" hasaplaýan tarapdarlar tarapyndan has goldaw berlip başlandy.

Hosseýni 22 ýaşly Muhammad Mehdi Karimi bilen 7-nji ýanwarda asylyp öldürildi. Olaryň ikisi 3-nji noýabrda Tähranyň günbataryndaky Karaj şäherinde Eýranyň Basij milisiýasynyň agzasy Ruhollah Ajamiany öldürmekde günäli tapylypdy.

Häkimiýetler Ajamianyň birnäçe "pyçak ýarasyndan we beýleki gaty zatlardan, şol sanda daşlar" bilen urlup öldürilendigini aýdýarlar. Bularyň şol pursat demonstrantyň ölüminiň kyrkyny belleýän adamlaryň bir topary tarapyndan amala aşyrylandygy öňe sürülýär.

Öldürilen protestçi sentýabr aýynda Mahsa Amini polisiýanyň gözegçiliginde wagty ölenden soň, Tähranyň ýurduň 100-den gowrak şäherinde geçirilen köpçülikleýin demonstrasiýalara eden gazaply basyşlarynda pida bolan 500-den gowrak adamyň diňe biridir. 22 ýaşly zenan, aýdylmagyna görä, hijabyny ýa-da kellesindäki ýaglygyny dogry dakynmandygy sebäpli tussag edilipdi.

Eýranyň häkimiýetleriniň habar bermegine görä, Ajamian ýas tutýanlar tarapyndan ýapylan ýoly açjak bolan wagty hüjüm edilende ýaragsyzdy.

Özleri tarapyndan saýlanan aklawçynyň özlerine kanuny taýdan wekilçilik etmegine rugsat berilmedik we gyssagly geçirilen kazyýet işinden soň ölüm jezasyna höküm edilen Hosseýni we Karimi özlerine bildirilýän aýyplamalary ret etdiler.

Amnesty International guramasynyň habar bermegine görä, olaryň kazyýet işi bir hepdeden hem az dowam edip, gynamalara sezewar edilen erkekleriň boýun almalaryna esaslanýar. Gurama döwlet habar beriş serişdeleriniň potensial ýazgarýan wideo görkezmäni, Hosseýniniň we Kariminiň sud işi entek kazyýete geçirilmezden ozal görkezendigini hem belledi.

Wideoda, bipolýar näsazlykdan bejergi alýandygy aýdylýan Hosseýininiň ene-atasynyň guburyny zyýarat etmek üçin Karajdaky gonamçylyga barýan mahaly, "ýere ýykylan bir ýigidi" görendigini aýdýan pursatlary görkezildi.

"Akyl taýdan kynçylyk çekýändigim üçin ol ýerden gaçdym" diýip, ol wideoda aýdýar. Wideoda subutnama hökmünde Hosseýniniň öýünde düşürilen söweş sungaty ýaraglarynyň şekilleri hem görkezilýär.

"Bular sport üçin, ezizim" diýip, Hosseýni ýaraglar barada soranlarynda jogap berdi.

Gynamalar baradaky öňe sürmeler

Döwlet metbugaty tarapyndan neşir edilen başga bir wideoýazgyda Hosseýni Ajamianyň öldürilen ýerinde "10 sekuntdanam az wagt" geçirendigini aýtdy we şonda Basij agzasynyň eýýäm ölendigini öňe sürdi.

Ilkibaşda Hosseýnä wekilçilik edilmegi gadagan edilen aklawçy Muhammet Şarifzadeh Ardakani 18-nji dekabrda türmede onuň bilen duşuşmagy başarandygyny, hem-de aýyplanýanyň özüniň daňylandygyny, kellesine urlandygyny we özüne ýöňkelýän aýyplamalary boýun almagy üçin elektrik toguna tutulandygyndygyny gözi ýaşly gürrüň berendigini aýtdy.

"Gynamalara sezewar edilen adamyň [aýyplamalary] boýun almagynyň kanuny esaslary ýokdur" diýip, Ardakani Twitterde ýazan maglumatynda aýtdy. Soňra ol bu teswirleri sebäpli günäkärlenip, pul girewi bilen boşadyldy.

Soňra Ardakani Hosseýni höküm edilenden soň, onuň işine gaýtadan garalmagyny sorap, kazyýete ýüz tutandygyny, ýöne sudy onuň ölüm jezasyny togtatmaga ynandyryp bilmändigini aýtdy. Ol häkimiýetler bilen bu meseläni ara alyp maslahatlaşmaga barýan mahaly, müşderisiniň ölüm jezasyna höküm edilendigini bilip galandygyny hem sözüne goşdy.

Hosseýniniň şowsuz durmuşy baradaky jikme-jiklikler hasrat we gussa döretdi. Kazyýet işinde onuň aljyraňňy we ynamsyz ýagdaýda elleri bilen ýüzüni tutýan suraty sosial ulgamlarda ýaýrady.

2001-nji ýylda Eýranyň kiber polisiýasynyň gözegçiliginde öldürilen blogçy Sattar Beheştiniň ejesi Gohar Eşghi häkimiýetleri Hosseýniniň jesedini özüne tabşyrmaga çagyrdy.

Eýranyň ýurtdaky dowam edýän protestlere garşy alyp barýan çärelerinde öldürilendigi habar berilýän Hassan Torkmanyň ejesi Kamelia Sajadian Hosseýnä "eziz oglum" diýip salgylanyp, onuň üçin mazar daşyny taýynlandygyny habar berdi.

Başga adamlar bolsa, Hosseýniniň mazaryna zyýarat edip, ol ýerde gül desselerini goýdular, onuň hatyrasyna garyplara nahar, sadaka paýladylar, şeýle-de onuň gysga wagtda 60 müňden gowrak yzarlaýja ýeten Instagram sahypasyna teswir ýazyp, gynanç bildirdiler.

"Üç hepde öň seni tanamaýardym, adyňy eşitmändim we kimdigiňi bilmeýärdim. Ýöne häzir seniň sahypaňa girip, doganyny ýitiren aýal dogan ýaly aglaýaryn" diýip, bir aýal Hosseýniniň söweş sungaty bilen meşgullanýan suratynyň aşagynda ýazan teswirinde ýazýar.

Mohammad Hosseýni

Şol bir wagtda, Hosseýniniň iş ýerinde onuň hatyrasyna hiç hili ýas çäresi geçirilmedi. Onuň kärdeşleriniň biri, beýleki çeşmeler ýaly, onuň ölüm jezasynyň ýakyn wagtda berjaý ediljekdigi barada hiç hili habar berilmändigini aýtdy.

Hosseýni sentýabr aýynda başlanan tutuş ýurt boýunça geçirilýän demonstrasiýalar bilen bagly Eýranda asylan dört adamyň biridir.

Bu ölüm jezalary ýurduň içinde we daşynda ýazgaryldy. BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Wolker Turk olaryň "döwlet tarapyndan sanksiýalaşdyrylan öldürmeler" bolandygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.